Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : gyzly oyun iti dynmaz

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bir gyzyñ gündeliginden
Premium
 Belki [off]
 21.04.2024 / 21:55
 Festival gibisin, katılmak istiyorum!

Bir gyzyñ gündeliginden


06.04.2023.
Oña sataşdym...
...Halaýan filmimi internetden alyp bermegi üçin dükanyna sowlupdym. Witrinalarda dürli filmleriñ, seriallaryñ, aýdymlaryñ diskleri emaý bilen ýerleşdirilendi. Dükanyñ içi boşdy. Eýläme-beýläme üns bilen garandym. Aý, nesibe däldir diýip ugramakçy boldum. Iñ soñky umyt, gapyñ agzyndaky ulagda oturan ýaş ýigit suduryna ümledim. Bularda adam ýokmuka? "Men satyjy!" diýýän terzde ardynjyrady. Ulagdan düşdi, dükana girdi.
Göreçlerine, ýüzüne gözüm düşeninde ýyldyrym çakdy. Bu neneñsi görmegeýlik! Biperwaý görünmäge synanyşdym.
-- Maña bir film gerek.
-- Nähili film?
Adyny aýtdym.
Filmi ýüklemegine garaşmaly boldy. Ondan-mundan söhbet etdik. Ýylgyryp gepleýärdi. Ýylgyranynda ýüregimde nähilidir harasatlar gopýardy. Üns bermejek bolýardym.
Bir gyz gelip serialyñ soñky bölümini sorady. Häzir ýokdugyny, indi ýükleýändigini aýtdy. Gabandym.

08.04.2023. 07:30
Jorama ol hakda gürrüñ berdim. Görmegeýligini. Ýylgyrşyndaky sadalygy, özüne çekijiligi.
--Ol saña seretmedimi? diýdi.
Seretdi. Kärim bilen gyzyklandy. Bar bolany. Umytlanara sebäp ýok! Ýylgyrşyndan başga. Goýaý-da, müşderä güler ýüz bermek haçandan bäri halamak boldy?! Beýleki gyzlara-da şeýdip ýylgyrýarmydy? Olaram bu dükändan çykanlarynda buludyñ üstünden ýöreýän ýaly ýeñil gopýarmydylar?! Gabanjañlygyñ işimi görenligi çürt-kesik.

08.04.2023.. 22:35.

Ýylgyrşy kellämden çykanok. Ýogsa, öñ ýatlamokdym. Gürrüñ berenimden soñ şeýle boldy. Bu hakda hiç kime aýtmaly däl. Meñ syrym. Ýatlamalam däl. Göremde ýüregimdäkileri daşymdan aýdarynmy-näderinmi?

12.04.2023.

Haýsydyr bir ummanyñ düýbünde ýaly ruhym. Çykjak bolýar çabalanýar...Başaranok. Ummanyñ ýokarsynda bir sudur görünýär...Tanyş sudur...Sada ýylgyryş...

15.04.2023

Päklik diýlende näme ýada düşüp biler?
Ýañy doglan bäbejik...
Ak saçly ene...
Meñ bolsa şol oglanyñ ýylgyrşy ýadyma düşýär.
Kir-kimirsiz
Añyrsynda hiç hili ýasamalyk bolmadyk...

17.04.2023.

Işdeşim gaýta-gaýta soraýar. Şol film geçirip berýän dükana barjakmydym?
Barmalydym. Aýda bir gezek iñ halaýan filmlerimiñ adyny jemläp, oña alyp bermegini haýyş etjekdim. Entek özüme goýan möhletim dolmandy. Ony görmegiñ mende endik bolaryndan elheder alýardym...


198

21

4

3

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 yureksiz [off]
  Ýigreniñ meni.!.❤️‍?
 21.04.2024 / 22:00

-1

Yzy ýokmy?


Premium
Belki  (21.04.2024 / 22:02) 

yureksiz, dowamy bolar diýib-ä net edyan. Yone ykbal isidir...

 Gytyndan
 Turkmenskaia [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 21.04.2024 / 22:30

+0

 Betinden
 rexha [3m]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 23.04.2024 / 12:44

+0

dogry

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика