Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR 1 bolum
 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
 22.04.2024 / 07:28
 yurekde sen adyn ejemjan❤️

AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR (Hekaya)

Döwran dostlary bilen täze ýyldan soňky günlerde göwünlerini hoş geçirýärdiler. Her gün bir ýere oturmana gidýän oglanlar öýlerini hatda küýsemeýärdilerem. Köp gezmekligem gowy zat däl, ýöne bular çenden geçdiler. Günleriň birinde bularyň arasyna gyzlaram goşulýar. Şol gyzlaryň arasynda Maral atly bir gyza Döwran aşyk bolýar. Belkem oglan çyny bilen söýendir, ýöne şol gyzy sypdyrmajak bolup jan edýär. Döwran we Maral, bularyň arasyndaky başlanan söýgä 1 aý hem geçenok, emma Döwran ene-atasynyň ýanyna gelip şol gyza öýlenesiniň gelýändigini aýdýar. Ýöne näme ene-ata hem çagasynyň bagtly bolanyny isleýär. Şol sebäplem gyzy onuň töweregindäki adamlardan sorag ideg edýärler. Ýöne Maral hakda gowy zat eşidilmeýär, ýagny öwen bolmaýar. Bu zatlary bilen ene-atasy Döwrana garşy gitmeli bolýar. Kellesine haram keýpiň tüssesi siňen Döwran bolsa olary diňlemeýär. Ýanwar aýnyň aýaklary, howa öňkisinden birneme gowulandy. Bu gün Döwran özüne timar berip, bezenip-beslenip bir ýere gitjek bolýardy. Ejesi ýanyna gelip: —Oglym nirä şaýlandyň? —Seniň ýigrenýän gyzyň ýanyna... Şu sözleri diýdide, alan aýlygynyň baryny alyp gapyny güýç bilen ýapyp çykyp gitdi. Yzyndan ejesi näme etjegini bilmedi. Sebäbi Döwran eýýäm 22 ýaşyndady, akly özüne ýetik bolmaly oglan näme üçindir ters hereketler edýär, mundan öň beýle däldi, Marala sataşyp üýtgedi. Eline uly buket gül alyp Maralyň ýanyna geldi we ene-atasynyň Marala öýlenenine garşydygyny oňa ýetirdi. Maral bolsa gyjalat gylyjyny çykardy, ýagny: “eger meni söýýän bolsaň alyp gaçarsyň” diýdi. Marala tapawudy ýok, ol bir ýetim galan gyz. Öýünde ne eje ne-de ata, ýeke agasy bar olam her gün içgili. Gepiň keltesi Maralyň maşgala ýagdaýy o diýen däl. Oňa kim bolsada tapawudy ýok biri başyna eýe çyksa bolýardy. Özem 25 ýaşyndaky gyz... Döwran bu gün ýene bir sapar ýalňyşlyk etdi, ýagny gyz alyp gaçdy. Gyzy alyp ony ilki daýzalaryna eltdi, daýzasy kabul etmedi, şol sebäplem dostynyň öýüne getirdi. Nika gyýyldy. Ertesi ene-atasynyň öýüne gelip öten agşam bolup geçen wakalar hakda aýtdy. Döwran kakasyndan gorkýardy, şol sebäplem bu zatlary ýuwaşlyk bilen zordan aýtdy. Kakasyna bolsa Maralyň ýagdaýy belli, sebäbi ol Maralyň garry atasyny tanaýardy. Kakasy gaharyna ogluna: “şu öýden göter ökjäňide itden çyk, gaýdybam şu tarapa bakyp şu ýerde meniň öýüm bardy diýip dolanaýma” diýdi. Elbetde ejesi muňa garşy çykdy, ýöne kakasynyň ýarawsyzlygy sebäpli zat diýip bilmedi. Döwran bolsa gitmejekligini aýtdy: “men ýeke ogul, şol sebäpli men öýde galmaly” diýdi, kakasy bolsa: “indi meniň oglum ýok, bar nirä gitseň şoňa git”... bu sözlerden soň Döwran şu öýe gaýdyp gelmejekligini aýtdy. Ýaşaýyş dowam edýär. Näme Maraljanam gelin boldy emma dereje görmedi. Ýaşarada ýerleri ýokdy. Maral bolsa ulumsyja gyzdy, şonuň oňa ýaranmak kyna düşýärdi, ulumsy bolsada gaty owadandy, belkem owadanlyk Döwrany aldandyr, kim bilýär. Gyz aýtmyşlaýyn kreýyna jaý almaly boldylar. Ol jaýyň bahasy bolsa Döwranyň aýlygyndan köp. Indi iýmelimi ýa-da jaýyň owadanlygyna seredip açh oturmalymy? Döwran işinden çykyp başga işe girdi. Dostlary bu ýagdaýda oňa kömek etdiler. Indi Döwran işewir oglan, onuň gerşinde maşgalasy bar. Daň şäher bilen çykan Döwran gije ýary öýüne gelýär. Elmydama ýadaw. Maraljan bolsa gelin bolup her gün joralary bilen. Öň pul diýilen zat oýunjak bolup görünýär baý oglan üçin indi edil altyn ýalydy. Maralyň pul sowuşyna bolsa gahary gelýärdi. Şeýdip wagt geçip başlady. Maral bolsa eýýäm göwreli boldy. Indi alada hasam artdy. Öňkije ulumsyja gyza ýene bir ulumsylyk goşulan ýaly. Döwranyň pikirinde: “şunuň ýüzüne seredeniňden itiň ýüzüne seredeniňem gowy”.... wagt geçdi noýabr aýynda Döwran bilen Maralyň ogly boldy. Döwran indi durmuşa düşünip başlady. Kakasy öňki ulagynam bermedi, emma ähli dostlarynda bolsa ulag bardy, elbet olam küýseýärdi. Ýöne ulag almalymy ýa-da jaý almalymy, çagalarada pul ýetişdirip bolanok, durşy bilen bergide bolan Dowran alaç tapyp bilmeýärdi. Maral bolsa gyjalady bilen ýykýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan Döwran Maraly alanyna ökünip başlady.


84

7

2

3

0

0

6
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 22.04.2024 / 08:51

+0

Sagbol yetrenine


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (22.04.2024 / 09:40) 

BAYOGUL, nez

 Gytyndan
 Aiperilai [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 22.04.2024 / 09:46

+0


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (22.04.2024 / 09:47) 

Aiperilai, sos

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Düýn, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Düýn, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Düýn, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Düýn, 21:34)

At yazmak


DostMuhammet,...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Madelyo (Düýn, 21:22)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика