Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Zoruna gittiğini duydum. Güzel yer, ben de gitmiştim!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR (Hekeya) 2 bolum
 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
 22.04.2024 / 09:40
 M❤💘

Oňa nämede bolsa söýgi ýetmeýärdi. Öýde bolanyndan işde bolanyny gowy görýädi. Sebäbi öýüne gelse Maralyň äsgermezlik, göwni ýetmezlik edişine gahary gelýärdi. Döwranyňa bir depesi bir dabany, Maralyň bolsa piňinede däl, pul diýilen zady oýunjak edip sowýar. Maralyň asyl pikirem şody, baýyň ogluna gelip puluny sowmakdy... Bu zatlardan bolsa akmak Döwranyň habary ýok. Ýöne pula gerek, bar alada şondady. Öň baý ýaşan oglan teňňä ýaşap bilenok, dagy teňňede däl, ýöne ýetenok. Işinden bolsa wezipä çekildi. Indi aýlygam köp welin bergiden nädip çykmalydygy alada boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan baý dostlary onuň bilen arasyny kesip başladylar. Döwran hakyky dostynyň ýokdygyny indi bilip başlady. Ähli dostlaryna bergisini berdi, diňe bir dostyna bergisi galdy. Gapyda bolsa dekabryň aýaklary. Bir gün ýaňky dostyny öýüne çagyryp oňa bergisini berip, beýleki dostlaryny ýamanlaýar. Elbet bu baý dostlaryň sany köp. Olaram biri-birinden beter... Ýaňky dosty beýleki dostlaryna Döwranyň aýdan sözlerini ýetirýär. Baý oglanlar bu zady ýöne ýerde goýmaýarlar. Döwrany bir gün öldir ýaly edip urýarlar. Döwran hassahana düşýär. Hatda hassahanadan çykandada yzyndan “sen barmyň, gowumy ýagdaýlaryň” diýip gelen bolmaýar. Eli döwük Döwran täze ýylyny eli gipsli geçirýär. Bu saparky gelen täze ýyl geçen ýylky ýaly däldi. Maral bilen aragatnaşygy düzeltjek bolup synanşýar, ýöne bolmaýar. Fewral geldi. Maral bilen Döwran it bilen pişik ýalydy. Öýde her gün uruş, her gün dawa. Maral Döwrana gahar eden bolup hatda oglunada seretmeýärdi. Çagajyk sallançakda ýadaýança aglaýardy. Hatda aglap syrkawlabam gitdi, Maralyň gözi gorkaýjak ýaly emme tersine.Mart aýy başlady. Döwran doly derejede pikir edip başlady. Bir ýaşuly işgärinden maslahat sorady:—Döwranjan oglum, men seniň kim bilen ýaşaýandygyňy bilýän. Sen belkem pikir edýänsiň, ýöne men saňa bir zat aýtjak, ol gyza sen är däl, tersine ol gyz saňa är, şu zatlara düşün jan ogul. Ataň pahyr şonuň üçin seni öýden kowup eşikleriňi gapa zyňdy.—Duruň hany Mämmet aga, siz ýaňy ataň pahyr diýdiňizmi?—wah ogul, seniň o zatlardanam habaryň ýok... geçen ýylyň dekabrynda ataň pahyr boldy. Onuň erbet keseli ony alyp gitdi... gowy adamdy bende... ýatan ýeri ýagty bolsun... ejeňem ep-esli sapar hassahana girip çykdy. Adamsy üçin aglajagynam seniň üçin aglajagynam bilmedi. Oglum näme diýseňem ol seniň eneň ahyry, baraý indi ýanyna biderek özüňi kösäp ýörsiň, ýeri alan aýlygyň heý hözirini görýäňmi?..Bu sözlere Döwran çydamady. Öýüne gelip Marala jaýy boşatmalydygyny aýtdy. Şonda Maral:—Indi nirä göçýäs?—Gabra.. nirä gitseň şoňa git, bizar boldum senden.Elbet mundan soň gykylyk asmana galdy.Bu gün 8-nji mart. Daş töwerekde baýramçylyk. Her kim aýal- gyzlary gutlmaga howlukýady. Döwran ýüzüni ýere salyp ellerine sowgatlar. Öýlerine eli gülli girende ejesi ylgap oglum diýip ony gujaklady... Döwrana şu wagt älem jahan gaty giň bolup göründi we şol älem jahanda ýekeje baýlyk bardygny bildi... Elbetde ejesi ogluny kabul etdi. Döwranam bolan zatlary boluşy ýaly ejesine aýtdy. Bu ýagdaýa ejesi begendi, ýöne Döwran kakasyny narazy edeni üçin bolsa özüni bagyşlap bilmedi.Düşen günlerini gürrüň berende, ejesi aglamasyny goýup bilmedi. Ýöne indi Döwran ýola geljekligi söz berdi. Şonda Döwran “aglasa ejem aglar, galany ýalan aglar” diýen sözüň manysyna düşündi

128

6

2

2

0

0

4
Teswirler:
 Gytyndan
 Aiperilai [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 22.04.2024 / 09:45

+0


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (22.04.2024 / 09:48) 

Aiperilai, sps

 Öwreniji
 Prenses [off]
  Her sey bitermis zamanla :(
 26.04.2024 / 00:49

+0

Gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика