Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Dünýäniň has agyr emma şondada ünssizlik edilýän mesele: akylly adamlaryň aladada gezip ýören wagty, akmaklaryň hondanbärsi bolup ýörmeklerindedir.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat 2
Premium
 Belki [off]
 22.04.2024 / 15:43
 Festival gibisin, katılmak istiyorum!

Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat 2

Salam, kaka! Öñki ýazan hatym saña ýazan ýeke-täk hatym bolar diýip oýlanypdym. Durmuş hemem çep gursagymda zol-zol atygsap, barlygyny bildirip duran närse muña ýol bermedi.
Şoña käýäp bersene, beýle kösemesin! Soñky wagtlarda edil birmahallar degip, çykarylman ýören güllesi bar ýaly azar berýär. "Şol azar bermedik bolsa, hat ýazylmazdy, oña minnetdarlyk bildirjek" diýýämiñ?! Beý-ä diýmersiñ, meni ýatlaman ýörşüñ ýaly, seni ýatlamasam kaýyl bolup ýaşap ýören bolaýma?! Ýa ýatlaýañmy meni?
Talyplyk ýyllarymda mugallymym sorag beripdi: " Özgeleriñ serine aralaşyp pikirlerini bilmek islärmidiñiz?" diýip. Bir ýyllykdaşym "Ýok, adam asla muny bilmesin, sebäbi, bilse özgeleriñ özi hakyndaky ýaramaz pikirlerine ýüregi ynjar" diýipdi. Şol wagtlar onuñ pikri bilen ylalaşypdym. Häzir welin başgaça pikir öwürýän. Seriñe aralaşyp özüm hakdaky pikirleriñi bilesim gelýär. Şol pikirleriñ göwnümde döretjek oñaýly ýa-da oñaýsyz täsirine kaýyl. Nämälimlik duýgusy oñaýsyzlyk duýgusyndan has ýokuş deger eken.
Edil öñki hatymda bolşy ýaly, bu hatymam ejemden ýaşyryn ýazýaryn. Onuñ bilen derdimi paýlaşmak islemezligimden däl, köñlüne ünji aralaşdyrmak islemezligimden şeýdýärin. Ejemi iñ gamlandyrýan närse meniñ gamlanmagym.
Ikinji haty ýazmagyma nämäniñ esas bolandygyny, has dogrusy şo-ol çep gursakdaky närsäniñ nä sebäpden gyzyña azar berenligini bilesiñ gelýän bolmaly. Göz öñüñe getirip gör, seniñ bilen arasy juda ýakyn, hemem juda uzak, saña iñ gandüşer, şol wagtyñ özünde-de iñ nätanyş ynsan bir ýerlerde dem alyp ýör. Senem haçandan bäri haýsydyr bir nätanyşa ýüregiñi açaýsam diýýärsiñ. Oña hat ýazarsyñ gerek? Hökman ýazarsyñ. Seniñ adyñdan beýle çürt-kesik gepleýänligimiñ sebäbi ejem daşky görnüşim, añ-üşügim bilen bir hatarda hüý-häsiýetlerimiñem saña örän çalymdaşdygyny aýdypdy. Diýmek, men nähili aýgyda gelen bolsam, senem şol aýgyda gelerdiñ.
Kaka, aýtmaklaryna görä gereginden artyk sadamyşym. Jögiligimi "duýguçyllyk" diýip, ýuwmarlaýşym ýaly, töweregimdäkileriñem akmaklygymy "sadalyk" diýip, ýuwmarlaýandygy hakda oýlanýaryn. Diýseñ-diýmeseñ, şeýle bolmaly. Ýogsa, ol pikir göwnümi beýle bimaza etmezdi ahyry.
Senden hiç kakalyk mährini görübilmänligime üns bermesizden, ýigrimi ýyllyk ataly-gyz kibi " Kaka" diýip, agyz dolduryp ýüzlenip oturanym geñ gerek?!
Özümi bilen pursatymdan bäri töweregimdäki deñ-duşlarymyñ "Kaka" sözüni her eşdenimde " Näme üçin meniñem şeýle ýüzlenip biljek ynsanym ýok?" diýip, oýlandym. Şol oýlaram her gezek kalbymdaky çukuryñ has çuñlaşmagyna getirdi. Onsoñ, " kaka" diýip, göwnümi allasam, ol çukuram muña ynanyp çalaja kiçelmezmikä diýip pikir etdim. Belki, ynanar.
Öñki hatymdan bäri içki dünýämde hiç zat özgermedik ýalydyr. Aslynda, juda uly öwrülişikler döredi. Ýitgilerimiñ meni kämilleşdirýändigini, dag we çukur bilen edil bedenimiñ bir synasy ýaly ýaşamagy, durmuşdan hiç zada garaşmazlygy, bagty, betbagtlygy, gussany, şatlygy peşgeş hökmünde kabul etmegi öwrendim. Men häzir haýsydyr wakalara gynanýaryn we ol gussanyñ edil şatlyk ýaly durmuşymyñ peşgeşidigine düşünýärin. Niredir bir ýerde saña gabat gelsem näme diýjekdigim hakynda oýlanmaýaryn. Hut şol pursat ýüregimde nähili duýgular bolsa, şolaram aýtmagyñ dogrudygyna düşünýärin. Ýalñyş düşünme, saña gabat gelmegi umyt etmeýärin, diñe hemişeki çaklamalar bilen meşgul gyzyñ geljek hakdaky çaklamalaryndan biri.
Öññin Döwletgeldi hemem Gülçemeni başga çagalar bagynda geçirilýän telewideniýe ýazgysyna äkitdim. Ýolboýy, hatda, çagalar bagynda otyrkagam, "Olar ajykýarmyka" , "Suwsaýarmyka" "Üşeýärmikä" diýip, pikirlenmekden özümi saklap bilmedim. Hatda, häli-şindi "Ony iýjekmi?" " Muny iýjekmi?" ýaly soraglarym bilen ýüreklerine düşen bolmagymam ahmal. Şonda ilkinji gezek perzent jogapkärçiligini duýmaklyga şeýle ýakynlaşyp gördüm. Bary-ýogy dört-bäş sagatlyk başdan geçirmede şeýle duýgylary ýaşan bolsam, ene-atalar ömürboýy perzentlerini nähili alada bilen gurşaýandyrlar. Hiç bolmanda ýekeje gezek men hakda şeýle alada edip görüpmidiñ?
Hatymyñ soñunda bir zady bellemegi juda zerur hasaplaýaryn. Öñki hatymyñ tersine, bu hatymyñ ýüzüne birje gözýaş damjasy-da dammady. Aýdypdym-a, kämilleşdim diýip.
Hatymyñ dowamy bolarmy ýa bolmazmy onçasyny-ha bilemok, ýöne bu hatlaryñ saña asla ugradylmajagyny welin aýnada gören ýaly bilýärin.

2023 ý.


144

14

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aiperilai [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 22.04.2024 / 18:28

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика