Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Чем спокойнее человек снаружи — тем больше боли у него внутри.
Gitmesene.
Gytyndan Yekejelai [off] 22.04.2024 / 23:00 Øzime_dønein?
Gitmesene
Gitseň, onsoň gara başym dumanlap,
Gara güni gapdalyma getirer.
Gitseň, onsoň görülmedik gün aglap,
Kemsinmezmi ýazylmadyk setirim.
Şygyrlarmy kime okap bererin,
Haýsy gözler ýüregimi ýaralar?
Gezerinmi göwnün görüp pelegiň,
Köňüldäki arzuwlarma garaman.
Gitmesene,
Gitseň, onsoň galmalymy ýeke men,
Duýgularym bilen, güllerim bilen?
Mähremini saklap bilmän ýykylan,
Mähire zar bolan günlerim bilen.
Galmalymy böwrüm diňläp, düňle dek
Biygtyýar ýollaryňy bagyrtlap.
Basybilmän nalalarmy diňmedik,
Gezerinmi gyzyl meýi owurtlap
Gitmesene,
Galsaň munda, seni söýýän halyma
Dünýä sygmaz senli bolan bu dünýäm.
Sen kemrysgal şahyryňdan nalama,
Munda kem-kem bagtly bolup gidilýär.
Bagt daş däldir biz ikimiz birleşsek,
Birleşeris, goý, gaşyňy çytma sen.
Şuňa dirär, her ne hakda gürleşsek:
Gitmesene,
Gitmesene, gitme sen...
Teswirler:
Gytyndan Aiperilai [off] Durmuş doly yenil kelleden# 23.04.2024 / 08:22+0onat
Betinden rexha [off] Грусть — это цена, которую мы платим за любовь 23.04.2024 / 13:19+0Gitda
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk