Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : gyza geler 40-kishi alar gider bir kishi

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

GÜNDELIGIMDEN BIR GÜN - TAKSIDE
Premium
 BAYOGUL [on]
 23.04.2024 / 08:16
 Yurekdesh.ru

20.10.2023 ý. sagat 15:15
Işden öýe wagtyndan irräk gaýtdym. Gelibem "baryp ederin" diýip gaýdan işlemi edişdirdim. Entek öýde menden başga adam ýoklugy üçin markede-de özüm gitmeli boldum. Munuñ üçin golaýymdaky markedi saýlamadym-da, öýümden daşyrakdaky markede gitmegi ýüregime düwdüm.
Sagat 17:10 Deñimde saklanan taksä münüp ugranymdan ýañlanýan mylaým zenan sesi diýseñ tanyşdy.
Berýän gürrüñi hem tanyşdy. Añymda dörãn: "Beh, öz-ä tanyş ses, taryhyny gürrüñ berýan goşgusam gaty tanyş" diýip bilesigeljiligime jogap agtarýarkam, ol zenan sesine has ýakymly owaz çaýyp goşgy okap başlady. Goşgy-da tanyşdy. Emma sesiñ kimdigini hiç ýadyma salyp bilmedim.
Taksistden: "Bagyşlañ, bu haýsy şahyrdy?" diýenimde ol: "Ogultäç Oraztaganowa, gowy görýan şahyrymyñ biri, söhbetdeşlik bolupdyr..." diýip şahyrlar bilen içgin gyzyklanýanyny, esasam şahyrlardan Aýgül Garaýewanyñ döredijiliginiñ haýranydygyny joşup gürrüñ berdi.
Men ýylgyryp diñläp oturşyma hem taksisti hem söhbetdeşligi diñlejek bolýardym. Alyp baryjynyñ" Ogultäç gelneje.. " diyip beren sowalyna: şahyryñ "Hawa Goçmyrat..." diýip gürrüñini dowam etdirmegi bilen söhbetdeşligi alyp barýanyñ Goçmyrat Orazberdiýewdigini çakladym. Şol aralykda: taksistiñ: "näme üçindir zenan şahyrlaryñ döredijiligi has näzik hem has ýürekden, ýene Gülşirin Hanowa diyibem biri bolmaly, alçak, joşgunly okayar goşgusyny, başga-da gowy ýazýanlar bar... " diýen sözlerinem tassyklap ýetişdim.
Şeýdip düşmeli ýerime nädip gelenimem bilmedim.
Markede girip almaly zatlarymy alyp ýörkämem, öýe gelemsoñam şahyrlar baradaky ajaýyp duýgular, Karkaraejekäniñ mylaýym sesi ýadymdan, gulagymdan gitmedi. Karkaraejeke bilen birnäçe sapar telefonda gürleşenem bolsam şol wagt onuñ sesini hiç hili ýadyma salyp bilmedigim, goşgusynam, gürrüñinem näçe tanyş görsemem tanap bilmedigime özümden "utandym".
Ýöne il içinde şol taksist ýaly Zenan şahyrlaryñ nurana döredijiligine, duýguly dünýãniñ meleklerine hormat goýýan ynsanlaryñ bardygyna begendim.


136

18

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aiperilai [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 23.04.2024 / 08:20

+0

onat

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 23.04.2024 / 13:23

+0

Seryozna?


Premium
BAYOGUL [1s] (23.04.2024 / 13:58) 

rexha, seryozna

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика