Geljegime...


25.04.2024 / 17:34
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Ullakan ädimler,
Bagt şaýoluna
Ilkinjiler,
Ýeke-täkler,
"Seni söýýän"
ümsüm pyşyrdamalar,
söýgiden hem
tutuş dünýämiz gurşan
bagtdan ýaña melul bolup,
Göz süzmek
Romantika!
Ilkinji jägildi,
ýörjen-ýörjenler,
"Senem şeýlemidiñ?"
habar gatmalar,
Bir-birege bakyp
Ýylgyryşmalar,
Öýüñ aladasyn
gerdende çekip
Barybir ýene-de bir-birimizi
Göremizde çäksiz ynjalyklanmak,
Körpämize diş çykanda begenmek,
Ulymyzy öýlendirmek il deñi,
Soñra hasa,
Bilimizde agyry,
Gan basyşy peseldýänje dermany
"Wagtynda iç" diýip alada galmak
Çaý süzüp dyzba-dyz,
Bagtly geçmişi
Ýatlap rahat halda,
demi dürsemek...
Ikimize garaşýar.
25.04.2024 ý.
![]() 222 |
![]() 10 |
![]() 5 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)