DAHYLSYZ JEZA
Premium BAYOGUL [off] 26.04.2024 / 09:08 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
04:13Dahylsyz jeza / hekaýa
DAHYLSYZ JEZA
«Nätmeli?.. Ýa... ýa-da... ýa bolmasa...» ýaly «ýa»-lardan düzülen başly-barat sowallar ony soňky döwür halys usurgadyp, enter-pelegini öwrüp taşlapdy. Ýaşajyk beýni ikuçsuzlygyň, üzlem-saplam pikirleriň garşysyna göreşmekden ejiz geldi. Howurly duýgular juwan ýüregi daglap-daglap aldy. Şeýle halatlarda ol uludan dem alanynda, agzyndan-burnundan ýalyn çabraýardy...
Ýogsa näme, epeý adamlary aldym-berdime saljak beýle ýagdaý Gaýrat ýaly heniz ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik ýigdekçä eýgertjekmi diýsene?! Eýgertmedi... Şol sebäpli ol bir gün aýgytly karara geldi. Şol kararyň durmuşa geçmegi üçin oňa şahsyýetini tassyklaýan resminama gerek. Onuň wagty hem basym dolmaly. Onsoň...
Onsoň Gaýrat başyny alyp gider. Gaýdyp, bu obada ýüzüni sallap, egnini ýygryp, özüni müýnli duýup, namys astynda ýegşerilip gezmeli bolmaz. Hiç kimiň ony, onuňam hiç kimi tanamaýan ýerinde ýazylyp-ýaýnap ýaşar. Gijelerine hopugyp oýanmaz. Gündizlerine-de bir işjagaz tapsa, şoňa güýmener, aňynda köwsarlaýan alaçsyz pikirlere üns bermäge-de eli degmez. Ýogsa-da, dogduk obasynda durmuşyň al-ýaşyl güljagazlaryny çirtip ýaşamaly halyna, haýsydyr bir ýat iliň, keseki adamlaryň gujagyna janhowluna özüni urmagynyň sebäbi näme ýa-da sebäpkäri kimdir öýdýäňiz?! Elbetde, ony dokuz aýlap dar garnynda göterip, giň dünýä getiren, iýdirip-içirip, zada zar etmän, ekläp-saklan ejesi. Heý, ene-de bagryndan önen balasyny beýle ýowuz ýola atararmy diýsene?! Atarjak ekeni...
Sapargülüň ganynda aýagyny gyşyk basmak häsiýeti öňdenem bar ekenmi, ýok ekenmi, belli däl, ýöne janyndan eý görüp, ölüp-öçüp baran adamsy mundan iki ýyl ozal ýürek agyrydan ýogalansoň, sarpasyny saklap ýyly geçinçä dek gezdi. Şol döwrüň içinde-de assyrynlyk bilen pully, maşynly erkegiň ugruna çykdy. Çaky, niýeti hem oral aýal bolmanka, ýaşlygyň hezilini görmek, hemem üç ýetimege hossar tapmak bolmaly. Her kim yhlas bilen haýsy işe ýapyşsa-da, hökman netije gazanýar. Ine, Sapargülem «ýitigini» tapdy. Özem şäherden. Ilki-ilkiler käte bir obadan çykyp gitse, soňabaka şäherlik aladalary artyp ugrady. Ýaňy işşekçer jahyl çykan Gaýratyň ýüreginde bolsa nähilidir bir otjagaz köräp başlady. Ahyrynda ol ejesinden:
– Soňky döwür şähere kän gatnaýaň weli, eýgilikmi? – diýip sorady.
– Wah, oglum, şu çaka çenli iş gözläp barmadyk gapym galmady. Ahyry bir ynsaply kişi işe aldy. Düýn-öňňinlikde şoňa başladym. Saňa-da aýdaýyn diýip ýördüm...
Bu sözleri eşidensoň, hälki otjagaz ýylp-ýylp edip, bir sönen ýaly etdem-le, ýöne, ymmata sygmajak wejeralyk kiçijik oba sygjakmy diýsene. Sygmadam, oba arasyna gepem ýaýrady. Birki sany synpdaşy-ha Gaýratyň ýazzy maňlaýyna bu gara tegmili bazyrdadyp basdam. Şonda hälki otjagazam uly alawa öwrülip, ýaşajyk ýüregi jazyrdadyp aldy. Soňam sary dillerini ýalmandyryp, ýokarlygyna süýşüp bardy-da, gögele beýnini lasyrdadyp gaýnatdy. Käte-de gözüniň hanasynda bugaryp, dulugyndan syrykdy.
Balasyna beýle belany az gördümi, nämemi, Sapargül bir ýyl geçip-geçmän, garnyny gäberdip ugrady. Gaýrat şony duýanynda, gaty erbet boldy. Başda näderini bilmän, gözüni mölerdip, obanyň ilersindäki depelige aňkarylyp durdy. Birdenem, şol tanyş ot bu gezek duýdansyz dabanyna basylan ýaly, gitdi ýüzin salyp, hälki aňalyp duran tarapyna. Gün batyp, garaňky mazaly gatlyşansoň, gözlerini çişirip yzyna dolandy. Şol pynhan ýerde ol öz-özi bilen arkaýyn iç döküşip, dertleşen bolsa gerek, gije sarsman ýatdy. Ýöne daňdana golaý hopugyp oýandy. Birsellem gözüni petige dikip ýatdy-da, zöwwe ýerinden galdy. Hasanaklap barşyna, içki jaýyň burçundaky könelişen sandygyň gapagyny açdy. Onuň düýbünden bilek boýundan sähel ulurak gara bir zat çykardy. Ol Gaýrata kakasyndan ýadygär galan, daşyna gaýyşdan gyn geýdirilen uzyn gama. Gaýrat garaňky jaýda ony ýalpyldadyp, jigileriniň ýanynda dünýäden bihabar ýatan ejesine tarap dogumly ädimläp ugrady. «Wah, sendenem, garnyňdakydanam bir dynaýyn-la... Bir içimi sowadaýyn-la...» Ýöne perzentlik söýgüsimi, dözümsizlikmi, haýsydyr bir güýç onuň badyny aldy. Ol atylyp daş çykdy-da, gitdi ýene şol depelige tarap... Ine, şol ýerde-de aýgytly karara geldi. «Gideýin, owarra bolup gideýin. Şol heleýi görmäýinem, köýmäýinem... Hiç kimiň gyjalatly bakyşam gözüme ilmesin, içi güjükli sözünem eşitmäýin... Bir pasportymy alsam bolýa...»
***
– Inim, aý, inim! Tur, hany, ýedi ýoluň üstünde beýdip ýatma!
Gaýrat gözüni açyp seretse, ine, egni ak köýnekli, aýagy giň balakly, eti-gany ýerinde, ýaşy ortadan agan bir pyýada üstüne abanyp dur. Çalarak ýylgyrýaram. Gaýrat içine gum dykylan ýaly agralyp duran kellesini zordan galdyrdy. Ýaňky adam sözüni dowam etdi:
– Gijäň ýary aýlanamda-da ýokduň weli, daňdanky otludan düşdüňmi? Nireden geldiň, barara garyndaşyň-beýlekiň ýokmy?
Gaýrat onuň sowallaryny jogapsyz goýdy.
– Düş-ş-nükli. Men, inim, şu gapdaldaky edarada garawul. Adym Nepes. Häzir beýleki ýoldaşym gelmeli. Ismen çalşaýyn, onsoň bile öýe gideris, çaý-nahar edineris, bolmaýamy?
Gaýrat bu gezegem oňa jogap bermedi.
Garawul sözünde durdy. Ol Gaýratyň haýyna-waýyna bakman, yzyna tirkäp, awtoduralga bardy-da, köneräk ulagyny otlady. Gaýratda-da ulagyň bagažyna ýüklärlik goş ýok. Elindäki tutawajy süzülip, üzülere gelen köne pakedini kel towugyň üstüne ýüklände-de, barjak ýerine çenli emgenmän äkidip biljek. Gaýrat ýolda Nepes garawulyň birsydyrgyn ýagdyrýan sowallaryna ahyry jogap bermeli boldy. Özüniň ýer urup-ýerde galan ýetimdigini, mekdebi ýaňy-ýakynda gutarandygyny, şähere-de iş gözläp gelendigini aýtdy.
Ulag şäheriň etegrägindäki giň howluda sägindi. Kaşaň bolmasa-da, heniz-henizler birki nesli arkaýyn gujagynda ýaşadyp biljek kiçeňräk öýden ýüzi awulyk bilen suwalan ýaly bir hyrsyz aýal çykdy. Ýaňky sypaýy adam bilen şu aýalyň mäşi bir gazanda gaýnaýar diýseň, kim ynanjak?! Ol Gaýratyň maňlaýyndaky göze görünmeýän gara tegmili, ýa-da obadan yzyna tirkäp getiren namys kölegesini gördümi, nätdimi, bir düşekden örmedigem bolsa, ärine salam bermän, asyl ýüzüne-de seretmän, tosaň-tosaň edip, hol beýlerekdäki aşhana girip gitdi. Nätanyş ýigdekçäniň beren salamynam almady. Ýa-da Gaýratyň ysgynsyz çykan sözleri onuň gulagyna baryp ýetmedimikä?..
Nepes aýalynyň garasöýmezligini ýuwmarlamakçy bolýan ýaly gülümsiräp, Gaýraty öýe çagyrdy. Gapydan gelen baý bolsun, gedaý bolsun, parhy ýok, myhman – myhman bolýa. Nepesiň aýaly hernäme-de bolsa, şuňa-ha düşünýän eken. Ýüzünden gar ýagdyrsa-da, kän garaşdyrman çaý-nahar getirdi. Öý eýesi nahardan soň söze başlady.
– Inim, käte çakyň ýalňyş çyksa-da, köplenç adamy daşky keşbinden tanap bolýa. Menem seni görenimden, «Erbet oglana meňzänok» diýipdim. Özüň barada gürrüň bereňsoň-a, hasam kömek edesim geldi. Meniň gurluşyk firmasynda işleýän bir tanşym bar. Arada işçi gerek diýipdi. Isleseň, häzir jaň edip, sorap göreýin. Ýer bar bolsa, şol firma işe dur. Belki, ýatyp-turar ýaly ýerem bererler. Galanynam, näme, görübiris...
Ol tanşyna jaň etdi. Firma işç-ä gerek ekeni-de, ýöne bolara ýer ýok ekeni. Onsoň Nepes «Häzir gelýän» diýip turup gitdi. Emma onuň özüne derek, gapynyň aňyrsyndan aýalynyň şaňňy sesi geldi.
– Näm-e-e... Niräniň nämesidigi belli bolmadyk gelmişegi öýüňe goýberjek bolýaňmy? Näme, senden başga oňa hossar çykjak gapylypmyşmy? Myhman diýip syladyk, besdir, nireden getiren bolsaň häziriň özünde şol ýere äkit. Onsuzam öz derdimiz başymyzdan agdyk. Iýjek çöregimizi zordan tapýas...
Nepes aýalynyň dilini tapdy.
– Bolmasa, kepderi ketegiň gapdalyndaky kümäni kireýne beräýeli-le... Neressäniň ene-atasy ýok... Basym işe-de başlaýar. Hem saňa-da bäş köpük bolar, hä?
Bu sözler eýesiniň agzyndan gaty pessaý çykansoň, Gaýrat eşitmedi. Kän wagt geçmänkä gapydan Nepes girdi ýylgyryp.
– Inim, ters düşünmeseň, saňa ýatar ýaly ýerem bar. Gel, hany... – Ol bosaga baryp, howlynyň aýagujragyndaky daşyna diňe saman suwag edilen, edil Gaýratyň özi ýaly, bir çetde kibtini gysyp oturan horaşaja kümä tarap barmagyny çommaltdy. – Hana, şol tamjagazy görýäňmi? Şonuň daşyna-içine serederis welin, allanäme bolar. Isleseň, şol ýerde bolaý. Puluňam gerek däl...
Gaýrat çalarak baş atdy. Şondan soň olar tozup ugran kümäniň içini süpürip, daşyny agardyp, sana saldylar. Gaýrat şol ýere ýerleşdi. Ýerleşdi diýýänim, ýeke pakedini kümä äkidip saldy, bolany. Nepes bolsa Gaýratyň täze goňşularynyň gapysyny –– kepderi ketegiň agzyny açdy. Olara iým berdi. Guşlar daşaryk çykyp, Gaýratyň ýüzüne seredişýär, hamala «Hoş geldiň!» diýýän ýaly, täsin guguldaşýar. Käbiri bolsa pasyrdap göge galýar-da, hojaýynlarynyň adaja sykylygyna goşulyp, howada öwrüm edýär, aşyr atýar. Gaýratyň, ine, şolara gözi gitdi. «Baý, hezildir-aý. Şeýdip, ýekeje gezek asmana göterilägede, ýeri synlasaň, hiç kime, hiç zada bagly bolmasaň. Sütüniň süýnüp ýadaýançaňam, ganat kaksaň, gytaklap-gönüläp, aşak-ýokaryk keýp edip uçsaň, erkana ýaýnasaň...»
Ol ertesi irden ömründe ilkinji gezek işe çykyp gördi. Adatça, şeýle ýagdaýlarda tolgunylýandyr welin, Gaýratda beýle bolmady. Firma ýetip barýarka, kalbyna diň saldy. Ýumruk ýaly et şol hemişekisi ýaly gürsüldäp, öz işini berjaý edip dur. Gaýraty kileň özi ýaly ýaş oglanlardan düzülen topara eltdiler. Toparbaşy hem ýaş ýigit eken. Gaýrat ony göreninden tanady. Ol obada gylyksyzlygy, gepçiligi bilen ýakasyny tanadan, ýöne soňky döwür aýda bir garasyny görkezip, «Men şäherdäki firmalaryň birinde ýokarrakda otyryn. Işe girjegiň «guk» diýäýsin» diýip paňlaýan Gurban. Durmuşyňam namart taraplary kän-ow. Näme üçindir, şolar ýaly nalajedeýinleriňki şowlap, öz-özünden işi ugrugyp gidiberýärkä? Onsoňam ol, gel-gel, Gaýratyň maňlaýyndan toparbaşysy bolup çykaýmalymy? Toparbaşy it ýylgyryşyny edip, täze gelen ýigdekçäni garşy aldy.
– O-how, obadaş! Sen nädip düşüp ýörsüň bu ýerlerik? Adyň näme-dä seň?
– Gaýrat.
– Inijik, sen gaty arkaýyn işläber. Ine, arkaňda dag ýaly bolup Gurban akgaň durar.
Şondan bir hepde soň Gaýratyň «Gurban akgasy» oba gidip geldi. Ýöne boş gelmedi. Gep getirdi. Getiren gepinem ur-tut toparyndaky oglanlara deň-derman paýlady. Oglanlaryň käsi Gaýrata nebsagyryjylyk bilen seretse, käbiri kinaýaly garady. Sähel sözi azaşanda, «Bar-eý, ejeňi oňarsanaý...» diýip, bir-ä ony ýagşyja duzladam. Obadan gaýdyp, ýazylganlyga çykandyryn öýden ýigdekçe, megerem, ýalňyşan eken. Gaýta, öňden bäri ýanyp duran alaw barha öjükdi, ýaş bedeniň içinde baran ýerini çürüşdirip taşlady. Gögele beýnini öňküsindenem beter lasyrdadyp, kelleçanagyndan çogup çykara getirdi. Şeýle halatlarda Gaýrat näderini bilmän kösenýärdi, kelebiň ýaňy tapylyp ugran ujuny ýitirip, iki-baka elewreýärdi. Gözüne hemme zat, her kim ony kemsidýän ýalydy. Hatda kepderilere näme diýjek?! Şolaram soňky günler adamlaryň nazarynyň ýetmeýän ýerine, bulutlaryň aňyrsyna çümüp-çykyp ýörüşlerine, ýigdekçä erkanalygy güjeňleýän ýaly. Gaýrat gözüni alardyp, olara gyjynýar, gaýybana haýbat atýar.
Şunça ezýet azlyk edýän ýaly, Gaýratyň ýene bir ýagysy artdy. Ýok, ol öňdenem bar ekeni-de, Gaýrat täzelikde bildi. Nepesiň aýaly onuň köne kümä ýerleşen wagtyny barmak büküp hasaplap ýördi ahyry. Ine, ertir-birigün tegelek bir aý dolýar. Wagty bir dolsun, alman näme, öýüň bikesi kireý puluny ojagaz obalynyň garajygyna basyp alar.
Ol şol gün agşam işden halys surnugyp, süýegini zordan süýräp gelýän oglanyň öňünden çykdy-da:
– Aýuw, gelmişek, eşidýäňmi? Ertir wagtyň dolýandyr. Jaýyň puluny tölemelisiň... – diýdi.
Gaýrat aňk-taňk boldy. Gany depesine urdy. Ýöne sesini çykarmady. Soňky döwür günsaýyn möwç alýan ot eýmenç ýalna öwrülip, onuň ýüregini kül etdi.
Ertesi Gaýrat işe barmady. Hiç ýerde-de tapdyrmady. Gördüm-bildim diýýänem ýok, gürüm-jürüm bolupdyr. Gurban obasyndan hem habar tutdy. Barmandyr...
Ýöne şol gün Nepes iým bermek üçin ketegiň agzyny açanynda, dyr-pytrak bolup ýatan, käbirleriniň ýüzünde gan tegmilleri doňup giden ýelekleriň arasynda boýny sogrulyp taşlanan kepderileri gördi
Teswirler:
Gytyndan Kicxikge [off] Durmuş doly yenil kelleden# 26.04.2024 / 18:19+0 Betinden rexha [off] En büyük hatanız kör sandınız🍃 27.04.2024 / 06:10+0Govken💜👍
Soňky teswirler
Dillen..!
Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...
dowamy...Dutar heňi🙂
Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr.
Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...
dowamy...