Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Jomartlyk (hekaýa)
Premium
 Belki [off]
 28.04.2024 / 07:27
 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Jomartlyk

Meň bir dostum bardy, örän eli açykdy, gysgançlyk diýen zat ýokdy görgilide, hatda öz söýüşen gyzlarynam biraz wagtdan dostlaryna berip goýberýärdi.
Bir gün ol jomart dostum meni ýanyna çagyryp 2 sany gyz bilen söýüşýänligini, dostlugymyzyň hormaty şolaryň birini maňa berjekdigini aýtdy.
-Dost senem beýdip, köne saman agtaryp ýörme, geljege ynamly gara, söý, söýül, ýatdan çykar ol biwepany, hwatit.
-Ol biwepa däl, onsoňam birini saňa berýän diýen bolup, ýolda üýşüp ýatan gyz barmy, özüňki özüňe nesip etsin, meň gara günümi beter garaltjak bolma.
-Wah, sen bir olar bilen tirkeşip görsediň, nämäň garalyp, nämäň agarýanlygyny görerdiň.
Dostumyñ janykmalarynyñ halys öñünde durup,ýüzünden geçibilmedimmi, ýa-da "Berenden al,urandan gaç!"diýip ata-babalarymyzyñ edil şu ýagdaý üçin bolmasa-da umuman ündäp giden nakylyna uýdummy,nämemi,elgaraz men dostumyñ söýgülisiniñ telefon belgisini aldym.
Ertesi ol diýen höwesli bolmasamam,şu pursatdan soñ ýakyndan tanyş boljak nätanyş belgime jañ etdim.Añyrdan belli aýdymçyñ "Sözleri içgili halda ýazyldymyka?!"diýdirýän aýdymy eşdildi:

"Gije sagat 3-de gel,
Penjiräni aç-da gel,
Eneñ-atañ duýmasyn,
Haýatdan aş-da gel!"

Aýdymy diñläp,sussupesligim zym-zyýat boldy.Munuñ bilenem galman, hamana diýersiñ,häziriñ özünde haýatdan aşyp, gyzyñ öýüne girip barýan ýaly keýpim göterildi."Bäh,bu gyz gudogy-pudogy bilen çagyryş eken-ä, how! diýip,içimi gepletdim.
Aýdymçynyñ "Çagyryş sözlerini" iki öwre diñlänimden soñ telefondan inçejik,gulaga ýakymly zenan sesi geldi:
-Aloooooo!
"O"sesi şeýle bir süýndi welin,ýyldyzlaram ömründe beýle süýnüp gören däldir.Gyzdan kem galmajak bolup sesimi näçe inçeltsemem,barybir tagaşyksyz çykdy:
-Alo!
-Kim siz?
Özümi tanyşdyrdym:
-Men Aşyrgeldi.Gysgaça Aşok diýýärler.
-Ýeri,şomyşyñ-da,meni nireden tanaýañ?
Men gönümel bolmaly diýen aýgyda geldim.
-Maña dostum Myratberdi,ýagny Mapby belgiñi berdi.Dostum jomart oglan."Söýgülimi paýlaşjak!" diýdi.
Gyzdan ses-seda çykmady.Menem onuñ özüni dürsemegine garaşdym Iki-üç minutdan soñ gyz gepledi:
-Aşooooook!
Wah,bu gyzyñ "o"sesini süýndürmäge beýle ökde bolaýşyny!
-Sözle,gowjam!
-Onsooooooñ,señ meñ bilen gürleşesiñ gelýärmi?
-Gelmezmi,onda-da neneñsi.
-Sen meñ adymy bir bilýäñmi?
-Aýtsañ,bilerin akyl!
-Aýtsam,adym Akpamyk!
-Wah,adyña döneýin,señ adyñam sesiñ ýalyjak pamykda eken-ä.
Gyzyñ owadan gülküsi gulagymda ýañlandy.
-Aý ogloooon,sen mydama-da şeýle degişgenmi?
-Señ söýgiñ meni şeýdýär,bally buzgaýmagym!
Gyz "Haçan söýüp,haçan köýüp ýörsüñ?" diýmäñ deregine,özüne ýüzlenşimi geñledi.
-Waý,bally buzgaýmak diýäýdiñmi?
-Howwa.Meñ söýgülilerime ýüzlenenimde tutýan üýtgeşik atlarym bar.Meselem,öñki söýgülilerimiñ birine "Alwiýa saladym" birine "Şokoladly tortum"diýýärdim.
Gyz öñküsindenem güýçli jak-jaklady.
-Olara näme üçin beý diýdiñ?
-Hersiniñ bir sebäbi bar.Meselem "Alwiýa saladym" diýýän söýgülim mydama naharlar hakda gepläp işdäñi açardy.Menem oña işdäaçaryñ adyny dakdym."Şokoladly tortum"diýýänim bolsa edil tort ýaly,gepi-gürrüñi aşa süýji,ýöne kän diñleseñ ýüregiñi bulaýar.Torty kän iýseñ,ýüregiñi bulaýşy ýaly-da.
-Onsooooñ,maña näme üçin "Bally buzgaýmagym"diýýäñ?
-Sebäbi sen,şeýle bir näzlije welin,edil buzgaýmak ýaly eräp-akyp barýañ.
Gyz bu sözlerimi eşdip,öñküsindenem bäş beter näzirgäp ugrady.
-Aşoooooook,sen gaty romantiçnyý oglan ekeniñ.
-Romantiçnyý diýen diliñden aýlanaýyn,bally buzgaýmagym!
Biz ikimiz şeýdip süýjeşip-suwjarşyp laýyk bir hepde jañlaşdyk.Her jañlaşanymyzda gyz öñküsindenem beter näzli bolýardy,men öñkümdenem beter aşyk bolýardym.Şeýle süýji söhbetler soñabaka meni kanagatlandyrman başlady.Maña indi näzlije Akpamygyñ didaryny görmek gerekdi.
-Bally buzgaýmagym!
-Aýt,Aşoooook!
-Sen gijeler düýşlerime girýäñ,ejem aýdýar,däli ýaly öz-özüm gülüp ýatyrmyşym.Irden turamda bolsa onuñ düýşdügini bilip,gussa batýan.
-Nädip borka?
Men "Amatly pursat gelen bolsa gerek"diýdim-de, küýsegimi aýtdym.
-Nätmelisi ýok.Ikimiz duşuşmaly.
Akpamygyñ näzirgeýän sesinde assa-ýuwaş tolgunmany saýgardym:
-Aý oglooooon,meñem seni göresim gelýärdi welin,aýtmaga utanyp ýördüm.
-Wah,utanjañja buzgaýmagym!Haçan duşuşýas onda?
Şeýdip,gyz bilen duşuşyk günümizi belleşdik.Gün batyp,öýli-öýüne köwlenip,aýak ýygnananyndan soñ Akpamyklaryñ obasyndaky ýeke tuduñ aşagynda ýel berlen şar ýaly iki ýana gaýmalap gyza garaşmaga durdum.Şeýdip,näçe wagt duranymy bilemok,bir seretsem añyrdan gözagyrysy ýaly bolup,dolmuş göwresiniñ agramyny haýsy aýagyna atjagyny bilmän birde o gapdala,birde bu gapdala ykyp,dostum Mapby gelýär.Men "Gorkan öñürder"etdim.
-Ýer-ow dost,eýgilikmi?
-Eýgilik bolman näm bolsun?!Duşuşyga geldim.
-Duşuşyk?! Kim bilen?
-Akpamyk bilen.
Meniñ ujypsyzja beýnim heniz Mapbynyñ aýdanlaryny kabul edip,ýetişmänkä añyrdan ýedi sany garanyñ bize tarap gelýändigini saýgardym.
-Dost,bular kim?
Mapby janhowluna pyşyrdap gaçmaga başlady:
-Bular Akpamygyñ agalary.Gaç,dost,gaç!
Men "Haý,adym Akpamyk diýende gorkmalydym."diýip başymy ýaýkap gaçmaga başladym.On ädim ätmänkäk,Akpamygyñ daýaw,eginlek agalarynyñ berdaşly gollary bizi tutdy.Soñam näme edil,awyna ökde mergenler ýaly gözümizi,böwrümizi nyşana alyp,jaýdar urgular bilen saýgyladylar.
...Birhaýukdan soñ gözümi açyp görsem,eşiklerim sal-sal.Böwrümiñ agyrysyna çydap durup bilişime özüm haýran.Men bolanlaryñ ýeke-täk günäkäri hasap edýän kişim - Akpamyga jañ etdim.
-Alooooo!
-Akpamyk!
-Hany "Bally buzgaýmagym" diýýärdiñ-le.
-Bally buzgaýmak ýada düşenok,how şuwat.Näme üçin beýtdiñ sen?
Akpamyk hiç zat bolmadyk ýaly dillendi:
-Siz şoña mynasyp-da.
-Aý,señ belgiñi berip "Gürleşdirjek"diýen Mapby ahyry,how.Mende näme günä bar?!
Akpamygyñ bu gezekki näzirgeýän sesi goýberen uly ýalñyşyma düşünmegime getirdi.
-Söýgini deñ paýlaşýanlar urgynam deñ paýlaşarlar.

Dowamy bar.


107

11

5

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 28.04.2024 / 07:29

+0

Agsham hckim yokka saytda asudalyk vagty okarn sho vagt unsli bolyann👍

 Öwreniji
 Tm99 [off]
  Betinden seretyan gyzjagazlary eretyan
 28.04.2024 / 08:28

+0

Mlds gouja eken asok dia veli bir dossum bar so bir dalmika


Premium
Belki  (28.04.2024 / 08:35) 

Tm99, şol bolmagy mümkin


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 08:45) 

Belki,
Nireli so asok diyanin


Premium
Belki  (28.04.2024 / 09:55) 

Tm99, Hyýalystandan


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 10:30) 

Belki,
Kim yazan ozi suny


Premium
Belki  (28.04.2024 / 10:56) 

Tm99, meñ bilen @Massimus


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 11:04) 

Belki,
Ozn yazdnmy


Premium
Belki  (28.04.2024 / 11:06) 

Tm99, howwa


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 14:00) 

Belki,
Sorag bar onda sana


Premium
Belki  (28.04.2024 / 15:51) 

Tm99, aýt


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 16:36) 

Belki,
Name ucin oglan ikisi bn gurlesya we oz gurlesyanini dossuna berya


Premium
Belki  (28.04.2024 / 16:40) 

Tm99, ol yerini yazan Massimus men ondan yzyny yazdym. Yone prkol pisint yazya Massimus tanayan bolsanyz


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 16:44) 

Belki,
Yo tanamok ol dine pirikol ucin yazylanmy


Premium
Belki  (28.04.2024 / 16:46) 

Tm99, howwa seyledir diyip cak edyan


Öwreniji
Tm99  (28.04.2024 / 17:09) 

Belki,
Seyle bolayadyrda


Betinden
rexha  (29.04.2024 / 06:49) 

Belki, Gelýami ol bärlere


Premium
Belki  (29.04.2024 / 09:03) 

rexha, yo gonsy saytda bar

 Premium
 baanu [off]
  ýüregim gysýa sygamok dünýä
 28.04.2024 / 10:29

+0

Gowy hekaya eken

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 28.04.2024 / 10:32

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Düýn, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Düýn, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Düýn, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Düýn, 21:34)

At yazmak


DostMuhammet,...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Madelyo (Düýn, 21:22)

Gel...


Gowy eken haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel...
BAYOGUL (Düýn, 21:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика