yasha hem-de soy....!!!
Bilýän kynçylyklaň bolanny, ýöne.
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý!
Soň bu günler gaýdyp gelermi näme,
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý!
Çümseňem görünmez ummanlaň düýbi,
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý!
Kä kyn düşdi ýykylyp, soň aglamak,
Şer işleriň ýollaryny baglamak,
Ne derkar, gamlanyp özüň aldamak,
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý.
Kim çekip bilipdir jahan ahyny,
Sen diňleme baýguşlaryň gohuny,
Ähli zatlar geçýän eken ahyry,
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý!
Bir ömür - gapyňda bir nahal ekmek,
Garaňka göz ýumup, ak ertä bakmak,
Nämä gerek ýersiz ýere gam çekmek,
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý!
Kim sen? Bakylygyň mizany biler,
Köne tanşyň bir gün salama geler,
Özüňi gynama, bolany bolar,
Durmuş dowam edýär!
Ýaşa hem-de söý!
Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...