Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

SOWGAT (hekaýa)
Premium
 BAYOGUL [off]
 28.04.2024 / 22:13
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Her ýyl doglan gününde nähilidir bir üýtgeşik sowgat berip, kakasyny begendirmek Akmaral üçin endige öwrülipdi. Bu ýyl hem kakasynyň doglan güni golaýlaşdygyça, Akmaralyň ýüreginde “bu ýyl kakama näme sowgat etsemkäm?” diýen bir sowal peýda bolup başlady. Akmaral kakasynyň asla garaşmadyk zadyny sowgat edesi gelýärdi. Birinji gezek kakasyny doglan gününde begendirişi häli hem ýadynda. Üçünji synpda okaýan Akmaral bar yhlasyny, zehinini siňdirip, owadan balygyň suratyny çekipdi. Onuň balygyň suratyny saýlamagynyň sebäbi hem kakasy balyk ýylynda doglandy. Kakasy bu sowgada diýseň begendi. Akmaralyň çeken balygyny görenler birbada entek üçünji synpda okaýan gyzyň beýle çeper surat çekendigine ynanmsyzlyk bilen seredýärdiler. Tolkunlaryň arasynda ýüzüp ýören, edil diri ýaly edip şekillendirilen balygyň suraty diýseň owadandy. Onuň bu şowly çykan suratyny guwanç bilen synlan enesi Aýnabat daýza “bu suratyň şeýle gowy çykmagynda agtyjagymyň kakasyna bolan söýgüsi, çaga kalbyndan eden yhlasy, ynamy bar. Işe halys ýürekden berlip, söýüp, şol işiň hötdesinden geljekdigiňe ynanyp, batyrgaýlyk bilen ýapyşsaň, eden işiň oň bolar duruberer” diýip, agtygyna maslahat berdi.

Kakasyny her doglan gününde begendirmek Aýnabada uly joşgun berýärdi. Doglan günlerinde öz eli bilen ören gülli jorabyny, elligini, öz eli bilen sünnäläp tiken, nagyşlary gözüň ýagyny iýip barýan, owadan, ak gaýma tahýasyny sowgat berende, kakasynyň begenjiniň çägi bolmandy.

Ine, ýene-de kakasynyň doglan güni golaýlap gelýär. Bu gezek kakama näme sowgat etmeli ? Nädende kakamy üýtgeşik sowgat bilen begendirmeli ?

Gyzynyň bir oýa çümenini aňan ejesi Nartäç gelneje:

-Gyzym, meniň göwnüme bolmasa, sen soňky günlerde birhili agyr oýa batypsyň ? Näme aladaň bar, ýa sapaklaryňdan kösenýäňmi, ýa ýaramajak bolýaňmy ? Aýt, gyzym, elimden gelse, kömek edeýin diýdi. Sadadan gelen gönümel Akmaral ejesine kakasynyň doglan gününiň ýakynlap gelýändigini, kakasyna bu ýyl hem garaşylmadyk sowgat edip begendirmekçidigini, ýöne näme sowgat etjegini bilmän kösenip ýörendigini aýtdy. Ejesi ýylgyrdy:

-Wiý, asyl şolmudy seniň alada edip ýören zadyň. Hiç alada etme. Iň esasy zat biziň üçin siziň janyňyzyň saglygy. Akyllyja bolup, okuwlaryňyzy oňat okap ýörmegiňizden uly sowgat ýokdur, gyzym.

Ejesi göwünlik bereninden soňra, Akmaralyň göwni hem giňän ýaly boldy.

Şondan iki gün geçensoň ejesi:

-Gyzym, men oba gitmekçi, seni hem alyp gitjek. Eneňden, mamaňdan habar alaly, hal-ýagdaýlaryny soraly, hemem obadaky dogan-garyndaşlarymyzy göreris.

Ertesi irden eneli-gyz şäherden oba gidýän maşyna münüp oba tarap ugradylar. Akmaral öz ýanyndan “bahana bilen enemi hem görerin, belki kakamyň doglan gününe üýtgeşik sowgat etmäge enemiň kömegi deger” diýip, pikirlendi.

Akmaral bilen ejesi obanyň içinden göni geçýän köçäniň öz köçelerine öwrülýän öwrüminde maşyndan düşdüler. Öz köçelerine girensoň, sag gapdaldan bäşinji jaý Akmaralyň mamalarynyňkydy. Eneleri bolsa, bir köçe ilerde ýerleşip, köçäniň aýak ujuragyndady. Ejesi bilen tirkeşip gelýän Akmaraly ilki bilen mamalarynyň öýleri bilen bir öý aralykdaky öýüň gapdalynda tamdyrdan çörek goparyp duran ýaş gelin gördi. Ol:

-Nartäç ejeke, salamälik, geliň, gyzgyn çörek iýiň-diýdi. Nartäç ol gelniň salamyny alsa-da, ony birbada tanamady. Ol gelin tamdyryň gyzgyn howry ýüzüni ýakaýmagyndan ätiýaç edip, ýaglyk bilen mazaly saranypdyr. Nartäç onuň ýanyna baryp görüşdi. Akmaral bolsa, çekinip şol duran ýerinde durdy. Ol gelin:

-Gel, jigim, gyzgyn çörek iý-ä, çekinme, sen bizi tanamasaňam, biz seni tanaýas. Ejeňem, kakaňam biziň obamyzyň adamlary, onsoň senem biziň jigimiz bolýaň. Ejeke, dogry dälmi ?-diýdi. Diňe şundan soňra Nartäç ol gelni tanady:

-Läle, asyl bu senmi, ýüz-gözüň mäkäm saralgy bolansoň, birbada tanap bilmedim. Gurgunmysyňyz, ejeň Güller mugallym, doganlaryň, gaýynlaryň, baryňyz gurgunmysyňyz?-diýip, soraşmaga başlady.
Läle Nartäçleriň goňşulary Esen aganyň ogly Gylyja durmuşa çykypdy. Nartäç ony ozal gyzka görensoň, Läledir diýip, pikir hem etmändi. Läle gaýynlarynyň hem, atasy öýündäkileriň hem aman-esendiklerini aýdyp, gyzgyn çörekden ulurak edip döwüp aldy-da, Akmaralyň ýanyna gelip, oňa uzatdy:

-Al, jigim, iý, gyzgynjakdyr. Akmaral uzadylan çöregi aldy, bir gyrasyndan gädip, iýmäge başlady. Dogrusyny aýdanda, öňi bilen tamdyrdan ýaňy çykarylan mele-myssyk nanyň hoşboý ysy ony özüne çekip, işdäsini açypdy. Läle Nartäje:

-Ine, ejeke, menem ýakynda size has golaý goňşy boldum. Hany, öýe baralyň, çaý başynda arkaýyn gürleşeris.

Birwagtky alçajyk gyzjagaz bir enaýy gelin bolupdyr. Nartäç ony synlap durşuna, onuň ýürekden edýän mürähedine monça boldy.

-Sagbol, nesip bolsa geleris, gaýynlaryňa, ejeň daga, baryna salam aýt.

Akmaral ejesi bilen ýoluny dowam etdiler. Akmaralyň göwnünemi, ýa ozal hiç üns bermedigindenmi, onuň üçin şu wagt dünýäde iň ýakymly ys ýaňy bişen tamdyr çöreginiň ysy we iň tagamly zat hem şu çörek ýaly bolup duýuldy. Olar şäherde ýaşansoňlar, çöregi mydama dükandan alýardylar, dükanyň çöregi ýörite çörek bişirilýän sehlerde bişirilip, ir bilen dükanlara paýlanylýardy. Dogry, ol çörekleriňem ýeri başga. Ýöne häzirki tamdyrdan ýaňyja çykan gülýaka ýaly çöregiň datly tagamyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi.

Akmaral mamalaryna baransoň hem, bar pikiri diňe şol çöregiň datly tagamy, ýakymly ysy barada boldy. Ahyry ol ynjalyp bilmän, enelerine baranda bu barada sorady. Aýnabat daýza agtygyna mähirli seredip:

-Sen näçenjini synpda okaýaň ? - diýip sorady.

-Dokuzynjyda.

-Tüweleme, eýýäm ullakan gyz bolupsyň-a. Men seniň ýaşyňda eýýäm şolar ýaly tamdyrda çörek ýapardym. Isleseň, saňa-da öwredeýin. Ilki bilmeli zadyň, çörek bugdaýdan taýýarlanylýar. Bugdaý bolsa, behiştiň nygmaty hasaplanýar. Men kiçijik gyzjagazkam, meniň ejem maňa “iki sany zatdan jennetiň ysy gelýändir. Bir-ä, ýaňyja dünýä inen bäbejikden, sebäbi bäbejik jennetiň ak guşy hasaplanýar. Birem ýaňyja tamdyrdan çykarylan nandan, onuňam sebäbi bugdaý hem jennetiň nygmatydyr”-diýerdi. Şu ýerde olaryň gürrüňiňe Aýnabat daýzanyň beýleki agtyklarynyň biri goşuldy:

-Ene, aý ene, Gülaýymyň atasy Nazar aga bir gezek “gawun behişti nygmatdyr, şonuň üçin onuň ýakymly ysy janyňy alyp gelýär”-diýdi, ony diýseň, başga-da ýakymly ysly miweler kän-ä, olaryň hemmesem jennetiň miwelerimi?

Beýle sowala garaşmadyk Aýnabat daýza birbada dymsa-da, derrew özüni ele alyp:

-Biler bolsaň, guzym, biziň Watanymyz jennetiň hut özüdir, şonuň üçin hem bu toprakda bitýän ähli miwedir ir-iýmişleriň, gök-bakja önümleriniň şirin tagamy, ýakymly ysy dünýäniň hiç bir künjeginde gabat gelmez-diýdi.

Soňra ýene ol Akmarala öwüt berip başlady:

-Onsoňam gyzym, çörek bişirýän zenan maşgala un elände, hamyr ýugranda, tamdyra çörek ýapanda ähli yhlasyny, mährini siňdirip, çörek bişirýändir. Şeýdip mähre, yhlasly zähmete ýugrulyp ýapylan nanyň tagamy ap-aýry bolýandyr. Ol biraz dymyp oturansoň:

-Ene, aý ene, meniňem çörek ýapmany öwrenesim gelýär, maňa-da öwredermiň ?

Agtygynyň bu sözlerine Aýnabat ejäniň ýüzi ýagtylyp gitdi:

-Öwrederin guzym, hökman öwrederin. Men indi garrapdyryn, saňa “ony eýt, muny beýt” diýip, aýdyp oturaryn. Ýanymyzda Tumar gelnejeň hem bolar. Olam tüweleme çörek ýapmakda gaty ussat.

Şu ýerde birden Akmaralyň kellesine bir ajaýyp pikir geldi. Ol begenjinden:

-Tapdym, tapdym, şu asyl bolaýdy-diýip, begendi.

Akmaral ejesinden rugsat alyp, obada enesiniň ýanynda galdy.

Garaşylan gün hem ýetip geldi. Akmaral hem enesi bilen şähere öýlerine gaýtdy. Aşyr aganyň doglan gününde hemişeki ýaly uly saçak ýazylyp, nz-nygmatlardan dolduryldy. Maşgala agzalarynyň hemmesi saçagyň başyna üýşüp, degşip-gülşüp, iýip-içip başladylar. Her kim Aşyr agany doglan güni bilen gutlap, uzak ýaş arzuw edýär. Ejesi:

-Hany, Akmaral gyzym, sen kakaňy gutlajak dälmi, bu gezek nähili sowgat bilen begendirjek-diýdi. Akmaral entek gürläp ýetişmänkä enesi:

-Agtygym bu gezek kakasyny gaty täsin sowgat bilen begendirer. Biler bolsaňyz, şu saçakdaky çörekleri Akmaraljanyň hut özi ýapyp, kakasynyň doglan gününe taýýarlady-diýdi. Bu gürrüňi eşden Aşyr aga:

-Asyl şeýlemi, behhh...bu çörekleriň owadandygyny, tagamy hem edil bal ýaly ekeni. Men häliden bäri bu çöreklerden döwüp, iýip oturşyma obadakylar ugradandyrlar diýip otyrdym. Muny Akmaral gyzym ýapan bolsa dogrudan hem meniň doglan günüme gaty ajaýyp sowgat edipdir. Şular ýaly datly, owadan edip çörek ýapmagy öwreneniň özi hem meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat ahyry. Sagbol, gyzym-diýdi.

Begençden, tolgunmakdan ýaňa bir agyz hem gürläp bilmedik Akmaralyň ýüzi hem ortadaky çörekler ýaly gyp-gyzyl reňke geçipdi.


121

11

2

6

0

0

4
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 29.04.2024 / 07:26

+0

Govken💛👍

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 29.04.2024 / 09:39

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


Sen owretjekmi bir bashdan owretsene meselem printf name ? main name ? dushunmeza kopusi shona...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Deadpool (Şugün, 22:15)

Dillen..!


Ozem men jigimdigini kopculikde bildirme diyipdim suna 😁😁...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 21:59)

At yazmak


Aýgözel)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Машарипова (Şugün, 21:04)

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика