Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Gybat güýçsüz, ejiz adamyň işidir.
Ýitgiñ tapylşy(1-nji bölüm.)
Betinden rexha [2m] 29.04.2024 / 07:32 Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
Enebaý hassa ýatan goňşusy Mähriniň ýanynda kän eglenmedi. Garrynyň saglygyny sorap, esasy gürrüňe geçdi.
- Neme-le, Sahydyň enesi, Gökjäň gyzy bolaňsoň, senden bir zat soraýjakdym... Nagym jan üçin gudaçylyga çykdyk. Gökjede bir ýeri salgy berdiler... Annaberdi Goturlar diýdiler. Tanasaň, tanaýansyň.
- Ýok, ýok gelin, tanamok, bilemok. Seň o diýýäniň soňky ösdürimlerdir. Men olary nirden tanaýyn? Bi çaklarda atam öýüme gitýänmi men?
Enebaý kineli halda turup gaýtdy.
Ikindinara ol syrgynyň o çetine, dört-bäş ýyllykda Gökjeden şu oba gelin bolup düşen Ogultäjiň ýanyna gitdi.
- Annaberdi goturlar-a men ýaman oňat tanaýan – diýip, Ogultäç onuň göwnünden turaýjak jogaby berdi. – Uly gyzy meň bilen ýaşyt. Bileje okadyk. Oba arasyna çykardylar.
Şundan soň Enebaý dyzyny epdi, ornaşdy.
- Sen olaň ortanjy gyzynam tanaýaňmy?
- Waý, hawa tanaýan. Altyndyr-da.
- Hä, hawa, şo Altyn... Ärinden aýyrlyp gelipdir diýip eşitdim.
- Öňräk ejemlere baramda menem eşitdim şony. Aýrylyşypdyr diýdiler. Hä, näme Nagym üçin Altyny sorap bardyňyzmy
- Sorab-a baran zadymyz ýok entek. Ýone oňatja ýer bolsa... Öňki gelnimizem beýle bolansoň, Nagym janam müjerret ötmesin diýýän. Entek ýaş başy bar. Çaga-çugasy ýök. Ähli görjegem öňünde. Maňa galsa-ha, asyllyja boý gyz gözlejek. Ýöne kakasy göwnänok-da. “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýip otyr... Ärinden aýyrlyp gelen agyzdan galan nahar ýaly bir zat bolýa. Gül ýaly çagama agyzdan galan zady beresim gelenok welin, nädeýin. Ady telpegagan-da. Olam, näme, ozalebetde maňlaýynda bardyr.
Ogultäjiň ýanynda edip otran gürriňleriniň derdini ýeňledäýmese, gudaçylyga nepiniň degmejekdigini duýup, Enebaý dymdy. Eýse, ol bu ýere derdini egismäge geldimi?
- Hawa-la, boljagydyr-la. Ýazgytdan çykyp bolmaz – diýip, Ogultäç duýgudaşlyk bildirdi.
- Neme-le, keýgim, onsoň o Altyn çagalap-beýleki eden däldir-ä?
- Waý, ýok-la, gyz. Çaga ýasara salym bolmasa näme?! Äri bilen üç aýdan kän ýaşaşmady.
- Öňküsi bilen nämüçin aýrylyşdyka?
- Öňküsi tirýekimiş. Gutaran tirýekkeş diýdiler. Altyn akyl edipdir, mahalynda gaýdypdyr. Gaýtmadyk bolanlygynda bu wagt kim bilýä... Tirýekiň bir häsiýeti bolýar. Neşesi ýetmän azarlap ugrasa, ilki bilen jyny heleýine düşýär. Heleýiniň hemme zadyny satýar. Kä bir tirýeki beýdenok. Tirýegi ýuwaş-ýuwaşdan heleýine öwredýär...
- Tirýekiden bir daş edewersin-eý! – diýip, Enebaý ýakasyny tutdy. – Öz oňuşygy nähilikä o gyzyň? Ýa äri bilen deň sanaşyp otyrmyka?
- Altynmy, gyz, ony etjek?! Ýer ýaly ýuwaş maşgala. Özem işe ökde. Esasanam geýim bejermäge ökde.
- Gurply ýermi özleri?
- Gurpl-a diýip biljek däl. Ýöne oňat ýerler. Ýamanlykda atlary çykanok. Özüni oňarýan ykjamja hojalyk-da. Sen gurply ýeri näme etjek? Gurply ýeriň çagasy tekepbir bor, kejir bor. Ynha, Annaberdi goturlar siziň öz deňiňiz. Barsaňyz, ine, ikielläp razy bolarlar. Olaňam gözleýäni siz ýaly ýerler. Her kim öz deňini tapmaly-da.
- Biziňem başga çykyp gören ýerimizem ýok. Ilk-ä Dursun pahyryň ýylyny bereli diýip oturdyk. Soňam hiç baş galdyrmadyk. Onsoň birki günlükde uly gyzym gelip gitdi. Eltimiň jigisi diýdi, şuňňaly-şuňňaly bir başy boş maşgala bar diýýä diýdi. Sizem beýdip oturman, ugruna çykyň diýdi. Ugruna çykyşymyzam şu. Kim bilýä, boljakmy, boljak dälmi?..
- Alla ugruna etse, asyl müşgüli bolmaz.
- Gadam janyňam deň-duşlary aýagaldygyna öýli-işikli bolşup ýörler. Mundan soň onam gözli-başly etmeli. Jemlenmeli. Oňatja maşgala tapmaly.
- Nika gyssan wagty hemmesem bor. Ana, gaýraky Galkanyň ogly mekdebi gutaran dessine alyp gaçyp öýlen-dä. Nikasy gyssaýa-da.
- Näbileli, jan dogan. Kyn günde galan-a bolduk. Özi gowsuny etsin-dä.
- Galanynam özüňiz oýlanyp görüň. Başga-da tanaýan kändir. Soraň, idäň. Şü mesele, gyz, ýaman kyn özi. Gowy maşgala diýip salgy bereniňe-de kä kişiň göwni ýetenok. Näbileli. “Kim gaýkyny, kim küýküni” diýen ýaly.
- Hawa-la, ýene bir sorap idemesek bolmaz... Hany, men kakasynyňam bir pikirini bileýin – diýip, Enebaý turmak bilen boldy. – Ýöne, gyýw, “Oraz Ýyndamlar ogluny ikinji gezek öýerjek bolýalar. Pylan ýere barypdyrlar, pismidan edipdirler” diýip bir gürrüň edäýmäň. Ýaňky aýdyşym ýaly, ýene bir sorap-idemesek, entek neme zat ýok.
Ogultäç çala çytyljak ýaly etse-de, sypaýy gürledi:
- Ýok-la, gürrüň edip biz näme... Arkaýyn bol.
- Onda turdum men-ä.
Enebaý turdy. Bir zady unudan ýaly az salym diňirgenip duransoň:
- Wi-iý, ýene bir zady soraýyn-la senden. Nememi onsoň, ol öňki ärsumagy bilen arany doly açdymyka? Höküwmetleşdilermikä? – diýdi.
- Hawa-la. Arany açandyr-la. Geçen tomusdan bäri ejesiniň ýanynda diýdiler-dä. Şu çaka çenli näme etjek bolsalar edendirler.
- Hä-ä, bolýa. Neme-dä, biz-ä ony göwneşip dulumyza geçirsek, öňki ärem gelip, heleýimi beriň diýip dyzap dursa, abraý däl-dä. Toba... Her zada garaşaýmaly, gyz.
Enebaý gitdi.
Ogultäjiň ýüzüne dabara gatyşykly ajymtyk ýylgyryş indi. Ähtimal, ol Heleýimi beriň!” diýip, arlap duran, ýumrugy düwülgi, saçlary hüwjük neşebent oglany göz öňüne getirendir.
Dowamy bar
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 29.04.2024 / 07:57+0Son okaryn
Gytyndan Kicxikge [off] Durmuş doly yenil kelleden# 29.04.2024 / 09:38+0onat
Gytyndan Yekejelai [off] Øzime_dønein? 29.04.2024 / 19:04+0Dowamna garasxyan
Premium
BAYOGUL [1s] 01.05.2024 / 01:21+0Gowy
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk