Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Ynsanyň gadryny ol ölmänkä biliň. Gadyry bilinen ynsan uzak we bagtyýar ýaşar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Mazarystana zyýarat etdim
 Täzeje
 Arslan_Alayew [off]
 29.04.2024 / 07:49

"Mazarystana zyýarat etdim"

Ýakynda daýymyň üstüne zyýarat etmäge bardym olar bu dünýäden ýaş gidipdi ýöne daýymy juda gowy görýärdim köp wagtymy olar bilen geçirýärdim.

Mazarystana gadam basyşym bilen kän mazarlary görüp geçip gidýärdim. Ine men daýymyň mazar daşyna ýetip geldim.

Mazarynyň oýan buýanyny arassalap oturyp aýat okap doga etdim Wagty sagady gelip hemmämiz bir gün gelip bu dünýäden gideris Hemmämiziň girjek ýerimiz bir Bu dünýäde eden amallarymyz gowy işlerimiziň jogabyny o dünýäde alýarys

Doga edip bolan soň ýuwaşlyk bilen ýerimden turup töwerege syn etdim Indi gitjek bolup durdum Ýöne meniň ünsümi menden 10 15 metr aňyrda duran bir mazar daşy özüne çekdi Ol mazary köpden bäri hiç kim zyýarat edilmeýäne meňzeýär Daşyna tiken otlar basyp hapalanyp gidipdir Men bu kimiň mazary diýip şol tarapa ýöräp başladym Seretsem bir ýaş gyzjagazyň mazary eken Men düşünmedim näme üçin mazara hiç kim seretmedik ýada gyzjagazyň ýakyn hossarlary ýokmykan Men ol mazary tikenlerini otlaryny arassalap Merhum gyza doga okap öýe gaýtdym

Öýe gelsem ejem meniň gowy görýän naharlary taýýarlap goýupdyr

Oglum nahar taýar sen eşikleriňi çalşyp çyk nahar çekjek bolýar eje

Men eşiklerimi çalşyp aşak düşdüm Biz maşgala bolup bir stoluň başyna geçip naharlandyk

Wagt juda tiz geçýär Sagat 22:30 bolupdyr

Men bu wagt her günki berilýän gyzykly kinony görüp bolup ýerime geçip ýatdym

Bir wagt düýş görüpdirin düýşümde mazaryna zyýarat eden gyzjagaz maňa seredip durdy

Onyň ýüzünde ýylgyryş bardy Bu umuman gorkunçly däldi

Ol maňa häli hiç kim meniň mazarymy zyýarat etmäge gelen ýokdy

Siz bolsa meni tanamasaňyz hem meniň mazar daşymy arassalap elleriňizi açyp doga etdiňiz  sag boluň Men size minnetdar çylyk bildirmek üçin gelipdim sag boluň diýip gözden ýitirim boldy

Men oýandym güneş indi öz nurlaryny äleme ýaýyp durdy

Aradan 10 ýyl geçdi ýöne düýşüme giren gyzjagaz häzir hem agşamky ýaly ýadymda.

Awtor: Arslan Alaýew


191

19

5

7

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 29.04.2024 / 09:38

+0

mena dusunmedm

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 29.04.2024 / 10:30

+0

Haladym, bu bir tarapdan psihologiýa degişli zat. Biz bir zatdan näçe gorksak, çekinsek, ýa-da bizde söýgüden, mähirden, begenjimizden uly duýgy dörese, biz aňsat-aňsat şol hadysany unutmaýarys. Soň ýatamyzda beýnimiz hem şol zatlary aňymyzdan saýlap alyp, bize düýşümizde görkezýär. Eger sen bir zada çynyň bilen ynansaň, şol zada çynyň bilen baglansaň, onda aňyň şol zady hakyky etmek üçin, ony amala aşyrmak üçin hereket edip başlaýar. Şol sebäpli öňki döwürlerde-de dürli-dürli palçylyk esasynda edilýän işlerde adamlar (ynanany üçin) oňatlaşypdyrlar. Seni haýsam bolsa bir zat gaty täsirlän bolsa, onda şol zat barada düýş görmegiň ýa-da durmuşyňdaky hadysalary şonuň bilen baglanyşdyrmagyň, çatmaga synanyşmagyň adaty zat. Şuwagtam adamlaryň aglabasy Maýkl Jeksonyň robotiki suratyny düýşlerinde (gözledäýmäň) görýärler we bu köp kişiniň trawmatiki başdan geçirmesi, ýa-da "Smile Dog"-yň özüni yzarlaýandygyny, onuň bilen gürleşendigini, onuň yzyndan hiç aýrylmaýandygyny aýdýanlaram bar.

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 29.04.2024 / 11:15

+0

Çyndanam bolan wakamy?

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 29.04.2024 / 19:03

+0

Tasirli waka eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика