Öwreniji Prenses [off] 30.04.2024 / 21:37 Her sey bitermis zamanla :(
Wagt hem gaty çalt geçýär. Suwuň akymyny durzup, ýeliň ugruny üýtgedip bilersiň. Bu saňa bagly... Ýöne asla wagty saklap bilmersiň. Wagt geçer gider, biz diňe seredip galarys...
Geçip giden ýyllaryňa gaharlanma! Yzyňda galdyranlaryňy ýylgyr-da, geçmişiňe gowşur. Bir gün yzyňa öwrülip sereden wagtyň ökünç hem-de şowsuzlyklaryň deregine ýüzüňde ýylgyryş bolsun. Iň möhümi hem, başaryp bilmejek işleriň başaryp biljekleriňe böwet bolmagyna ýol berme. Şemalyň ugruny üýtgedip bilmeseň, ýelkenleriňi şemala görä sazla. Sebäbi hiç kim siziň duş gelýän tupanlaryňyz bilen däl-de, gämini kenara getirip-getirmändigiňiz bilen gyzyklanýar. Bu tutanýerlilik senden soňkulara galan uly miras bolsun. Munuň üçin iň umytsyz pursatlaryňda hem parahatlygyňy sakla. Gahar bilen gelnen kararyň dogry bolmajagyny özüňe ýatlat.
Eger başarsaň, rahatlygyňy sabyrlylyga öwür. Netijäniň nähili boljakdygy möhüm däl, ýöne sen ýeňersiň, muňa ynan. Şeýle wagtlarda gaşlaryňy çytmazlyga üns ber. Sebäbi soňky ýyllarda aýna seredeniňde görýän ýygyrtlaryň hem öz eden işiň bolar. Elbetde, durmuş hiç kime-de arzuw edýän zatlaryny altyn tabakda hödürlemeýär. Okan bir kitabymdaky ýazgylary size ýetirýärin:
«Durmuş siziň erkin tarapyňyzdyr. Bu dünýäde galdyrmak isleýän yzlaryňyz, etmek isleýän zadyňyz, ýeňip geçmek isleýän päsgelçilikleriňiz, goýmak isleýän rekordlaryňyz, görmek isleýän ýerleriňiz, öwrenmek we öwretmek isleýän zatlaryňyz... gysgaça, siziň isleýän hemme zadyňyz... arzuwlaryňyzy pida etmek bilen, bularyň ählisini-de pida edersiňiz.
Soňra hem «Eger maňa mümkinçilik berlen bolsa ederdim!» diýersiňiz. Alyň, size şol mümkinçiligi men berýärin. Hatda birnäçe gezek «mümkinçilik, mümkinçilik, mümkinçilik...». Ynha, öňüňizde mümkinçilik! Nämä garaşýardyňyz? Nähili mümkinçilik berilmegini isleýärdiňiz? O mümkinçiligi size kim berer? Hiç kim!
Hatda size bu mümkinçiligi berenim üçin begenmelisiňiz. Sebäbi size o mümkinçiligi hiç kim bermez».
123
11
5
3
0
0
2
Teswirler:
Täzeje 10asevdali [off] Ýüregimdäki adamyñ pikirindede ýok men 01.05.2024 / 02:06
+0
Gowy mowzuk ekeni
Öwreniji Prenses(01.05.2024 / 21:10)
10asevdali, hali dowamy kan
Premium BAYOGUL [on] 01.05.2024 / 16:10
+0
Mlds
Betinden rexha [off] Грусть — это цена, которую мы платим за любовь 03.05.2024 / 07:48
+0
Dowam....
Betinden rexha [off] Грусть — это цена, которую мы платим за любовь 03.05.2024 / 07:49
+0
Govken
Gytyndan Kicxikge [off] Durmuş doly yenil kelleden# 05.05.2024 / 21:10