“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Garrybay : 1000 km hem 1 ädimden başlaýar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Men-ä tanyş bilen iş bitirmeýän
 Öwreniji
 Mishel [off]
 Şugün, 19:09

Musulman şahyrlaryndan iň gowy görülýän şahyr ruslarda Omar Haýam. Ruslar Omar Haýamyň gazallaryny gowy görýärler. Omar Haýýamy beýik şahyr, akyldar hasaplaýarlar.
Näme üçin ruslar Omar Haýamy gowy görýärler? Bilýäňizmi?. Omar Haýam öz rubagylarynda wino we şerap içip dünýäde bar bolan gaýgyly zatlar barada kelle döwman ömür geçirmegi ündeýär.
Siz bolsa ýazýaňyz arak içmeli däl diýip. Men hem aýdyp gördüm arak içýän adamlaryň käbirine.
Arak zyýanly diýdim.
Onda olar şu hili jogap berdiler.
Aragyň özi zyýanly däl. Bir käse içmäni doktorlar hem rugsat berýät diýdi olar.
Arak içseň köp pulyň zaýa bolýar diýip gördüm.
Onda olar şeýle diýdi.
Güýjiň ýetmese arak içme. Hemmäniň elinden gelmeýär arak içmek diýip gaýta meniň özümi kemsitdi olar.
Arak içseň bir belanyň üstünden barýaň. Arak haram diýdim olara
Onda olar şeýle diýdi.
Arak zyýanly bolsa, arak içmek haram bolsa onda näme üçin dukanlarada arak satylýar diýdi olar. Eger dukanda satylmaýan bolsa biz arak içmezdik diýip gepde meni ýeňdi olar.
Ruslarda sadaka diýilýän zat ýok. Olarda pominka diýen bir däp bar. Bu esasy däp. Olar öz ölüsni ýatlan pursadynda arak içýärler. Arak içip degsin edýärler.
Bizde bolsa mal, goýyn-geçi,induk, towuk soýyp sadaka bermeli. Bu esasy däp. Maşyn alsaň sadaka bermeli. Täze jaýa girseň sadaka bermeli. Toý etmekçi bolsaň, perzendiň okuwa girse, oglyň armiýadan gelse, keselden saplanmak üçin sadaka bermeli.
Bir sadakada işanymyz bir adamyň üstünden gülüp otyr. Bu adam täze maşyn alypdyr. Maşyn alany üçin ullakan sadaka beripdir. Iýipdirler-içipdirler. Bu maşyn üçin omyny şu işanyň özi okapdyr. Bir hepdä ýetmän maşyn alan adam ullakan awariýa edip maşyny zaýa edipdir.
Näme üçin bu sadaka kabul bolmady?. Näme üçin maşyn awariýa boldy?. Maşyn gowy ýöresin diýip omyn-doga okalan, sadakasy berilen. Indi awariýa bolamly däl ahyry maşyn logika boýynça seretseň.Eger sadakalar kabul bolmaýan bolsa bir topar çykdaýjy edip bir topar ýal ýagyny üýşürip olara hyzmat etmek näme gerek.
Sadakanyň näçe prosenti kabul bolýar. Bilýäňizmi? Bu barada eksperiment, test ýaly zatlary geçirip gördüňizmi ýada ýöne çenella sadaka berip ýörýäňizmi.
Men geçirip gördüm testi. Dürli zatlar üçin sadaka berenleriň otuzdan gowyrak adamdan sorap gördüm.
Olar agbasynyň sadakasy kabul bolmandyr. Bu testler barada bir oňaýynda aýdyp bererin.
Bir sadakada molla şeýle diýýär.
Köp adam ölen ýitenine sadaka bermeýär. O dünýädäki ata-enesini ýatlap işana gelsin etmeýär. Olaryň agzy gum garbap ýatyr. (Bu ýerde kim ölen-ýiteni üçin sadaka bermese onuň o dünýädki ölüsiniň agzy gum garbap ýatjak eken. Eger yzma-yz sadaka berip otyrsa onyň ölüsi o dünýäde şu sadakalarda berilen näz-nygmatlardan onuň o dünýädäki ölüsi hem iýip ýatjak eken). O dünýädäki adamlar hamala bolnisada ýatan adamlar mysaly. Keselbent adam nähili bolýar yzyndan baryp nahar-şam eltmeseň. Biziň bu ýerde iýen zatlarymyzyň tagamy o dünýäde ýatan ölä hem degsin bolýar. Meni ýatladylar diýip begenýärler.
Bu sözler meniň toslan zadym däl. Muny molla aýytdy. Arzyňyz bolsa mollaňyzdan soraň. Ölüler o dünýäde nahar-şam iýýärmi diýip.
Bu gepden dogry netije çykarsaň soňy şeýle gutarýar.
Adamlar ol dünýäde ýaşaýarlar. Günä köp edenleri dowzahda ýatýalar edil türmede ýatan ýaly. Günäsizler bolsa jennetde ýaşaýarlar. Jennetde ýaşaýanlar hiç zatdan tamakin däl. Sebäbi jennetde hemme zat ýeterik. Salkyn saýa we başga zatlaryň hemmesi jennetde bar diýýäler.
Ýöne dowzaha düşenleri ýatlap olara degsin etseň bolaýjak ýaly.
Mysal üçin, bir ülpetiň ölen bolsa bu ülpetiň bilen diri wagtynda sen käse çakyşdyryp otyran bolsaň bu ölen ülpet dostyň o dünýde senden tamakin. Şonyň üçin her gezek arak iiçeniňizde oňa degsin etseňiz oňa gowy bolaýjak ýaly.
Onsoňam ýene bir gyzykly ýeri bar o dünýäniň. Mysal üçin, ähli ülpetleriň senden oň ölüp bireýýäm o dünýäde bolsa sen hiç zady gaýgy etme!. Çünki seniň bu ülpet dostalaryň o dünýäni bireýýäm özleşdiren bolmaly. Ýagny seniň tanyşyň taýyn. Bu ülpetler saňa kömek berjegi görünip dur. O dünýä barmazyňdan ozal olara mazalyja hyzmat eden bolsaň bu ýerde. Düşünýäňimi meniň aýdanyma ýada size ýaman bolup başladymy. Mümkin o dünýäden gorkýansyňyz.
Gorkýan bolsaňyz diýmek sizde gep bar. Men mysal üçin o dünýäden birjikde gorkmaýan. Nämä gorkaýyn. Çünki men o dünýä barmakçy hem däl. Men bir emelini tapyp hemişelik şu dünýäde galmakçy.
Dowamy bar.


16

7

0

0

1

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!


Uzyn teswir ýazjak welin, şugün şu tema ýeterlik ses cykardym diýip goýbolsun etdim. Mowzuk bn ylalaşýan!...dowamy...

Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!


Gaty gowy...dowamy...

Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!


Dogry...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Musulmandaha bolanok şol, oglan bilen gyz dostlugy. Biabraýçylyga sebäp bolup biler, meň pkirim şu...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Kyn ýeri gyz bn oglan newslerine 100% erk edip bilse bolýar.ýogsa biderek dawa boljagy köre, mälim...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Bolup biler. Ýöne çäk bilen. Kyn ol, ýöne bolup biljek zat...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Başyny okadym 1-2 setir, yzyny okamadym. Haýwandan tapawutly akyl-huş berlipdir adama diýip otyrdy arada agzalar. Şoň üçin tebigy duýgy instinkt...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Okabam oturmadym, gysgaça, oglan bilen gyzyň arasynda dostluk bolanok...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


durmuşda her hili yagday bolup biler...dowamy...

Ol dünýäde tanyşyňyz barmy?


Deist diýilýär -dinlara ynananok ýöne Allanyň bardygyna ynanýan adama...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->