“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hic kim senyaly bolmady dal ,ozim senin yerine hic kimi goymadym

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 01.03.2026 / 19:00
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Soňky döwürde oglan bilen gyzyň dostlugy örän köp göze düşýär. Bilemok bu meselä gyzlar nähili seredýär, ýöne ilki bilen akyla gelýän sorag şu: Oglandan gyza, gyzdan oglana dost bolup bilermi?!  Men bu ýagdaýlary käbir görnüşlere görä analiz etjek:

-  Oglan, gyz bilen ilki tanyşanda birbada söýüşeli diýip bilmänsoň we soň ol gyzdan halas bolasy gelen wagty özüne gaçmaga gapy goýmak üçin dostlugy saýlaýar. Gyzlaryň hemmesi diýen ýaly bu teklibe razy bolyar.

- Oglan bilen gyzyň dostlugynyň pes ähtimally bolmagynyň başga bir sebäbi, adam nebsiniň gulydyr. Mundan gelip çykyp, ol dosty hem bolsa ýanynda duran gyza belli bir parametrler tarapyndan ony gyz ýerine goýup seredýär we bu aragatnaşygyň dostluk çyzgysyndan geçmegi gaty uly ähtimal.

- Gyzlar köplenç dost diýip ylalaşan oglanlaryny halamaga we soňra oňa nädip söýýänini aýtmaga ýol gözläp başlaýar we her dürli derde girýär. Gynansakda, duýgy erkeklerde gyzlardaky ýaly aňsatlykk bilen orta çykmaýar we oglanyň bir gyz üçin aglanyny görmek örän kyn yagdaý, gyzyň oglan üçin aglaýşyny her ädimde görüp bilsek hem.

- Onsoňam, dost  diýilýän hemme syrlaryňy paýlaşylýan, syrtyň ýere degende kömek etjek bir ýakynyň. Emma gyzlara oglanlar hemme meselede kömek edip bilmez. Käbir gyzlar bolaýmasa, galanlary hemme syryny oglana açmaga hökman utanaýmaly. Oglanlarda-da şeyle. Şonuň üçin oglana oglan - iň gowy dost, gyzlara-da gyz - iň gowy jora bolup biler.

- Bu adamyň ýaradylyşynda bar bolan zat. Fiziki we biologiki şertler şuňa getirýär.

- Ýöne oglanlara maslahatym gyzy çenden aşa köp ýakmajak derejede, ýakmazlyk şerti bilen, tanamak üçin, dostluk bahanasyny ulanyp bilersiňiz.

Diyjek bolyanym döwür üýtgeýär adamlaň yüzem barha yyrtylyar!

Köpüñiz aýdarsyñyzam biz ösen ýewropa medeniýetine ýakynlaşýas diýip, ýalñyşmalyñ, ata-babalarymyzyñ diş-dyrnak bolup dikelden medeniýetinem ýatdan chykarmalyñ-how...
Gowy bolýan bolsa olaram gyz-oglan dostlugyny medeniyetiñ arzyly ýerinde goýardylar...  Gyz bilen oglanyñ arasynda tanyşlyk bolup biler bermudyñ çägi ýaly ,ýöne gyz-oglan dostlugynda welin çäge ýetmersiñ... Biziñ her birimizde uýada bar, doganda. Hany onsañ men señ uýañ dosdy diyip biri gapyñdan gelsin uyañ ýanyna ...soñundan ALLAÑ özi gorasyn...

Oglanlañ gyza dostlugy işini bitirýänçädir...işi bitdi wessalam ýene bir taze dostlugyñ gözlegine ...
Indi döwür şeýlebir tizlikde ösýär welin akylyñam alyp ýetişenok ...döwürdenem yza galmaly däl. Gyz oglan dostlugyny hem ýazgarasym gelenok ýöne çäkli dostluk hasam oñat bolar.. Uzaga gider...

Gyz bilen oglan işdeş, kärdeş, klasdaş, kursdaş, garyndaş, ýassykdaş (öz gelniň), partadaş bolup biler. ýöne ejeň, gelnejeň (gyzlar üçin) syrdaş bolup biler. Gyz bilen oglan hiç wagt dost bolup bilmez.  Adamyň birtopar dosty bolanok. Bir ýa iki dosty bolýar. Galany ýokarky sananlaryma girýär.

Men bu ýagdaýy, köp ýyllar bäri türkmen gyzlary bilen öz durmuşymda analiz etdim. Niyetim analiz etmek däldi, ýöne aýak direýän pikirim bardy, "name üçin gyzdan oglana dost bolmasyn" diyip. Emma gynansakda, ylaýta-da türkmen jemgyyetinde (orslaşmadyk bölekde), bu dostluk görnüşiniň aşagynda derek yok. Oglanlar gyzlardan, gyzlar oglanlardan gaça dursun diýemok. Ýöne, dostluk diýip ýakynlaşanda ýalňyş kanallara düşüp aldanmasynlar. Bu gyz-oglan dostlugyndan iň köp zyýan çekýän gyzlar ekeni.

Ýa-da diýersiňiz, meniňä 4-5 ýyl bäri (belki ondanam köp) gatnaşýan gyz ýada oglan dosdum bar, bizä söýgä ýazdyramyzok diýip. Dogrudyr, bolup biler.. Onuňam görnüşleri ýada sebäpleri bardyr özüçe, ýogsa onça ýyllyk doslugy bir biriňize bolan uwaženýaňyz saklaýandyr öýdemok.. Şonça wagtyň içinde bir däl, birnäçe gezek haýsy bolsa bir tarapyň ýüregine gyşyk pikir gelip geçendir.
Ýada sizi birleşdirýän maddy ýa magnawy 1 zat saklaýandyr, ýöne şol 2 tarapyň daýanýan zadynyň tamamlanan güni siziň hem doslugyňyz tamamlanar.!
Dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän, Sagboluň.


137

38

9

8

1

0

2
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Obaly maýmynjyk
 01.03.2026 / 19:02

+0

Dogry


Öwreniji
Mishel  (01.03.2026 / 19:12) 

Orazjan, O näme üçin oglan bilen gyz dost bolup bilmeýär. Ine, şu saýtda ençeme gyz bar. Meniň mowzuklarymy okap gowy ýazypsyň diýýänler elbetde meniň gyz dostlarym.


Premium
Orazjan  (02.03.2026 / 08:19) 

Mishel, Realda

 Täzeje
 Bagana [off]
  Ertir-betinden hem gytyndan...
 01.03.2026 / 19:22

+0

Gaty gowy

 Özümiziňki
 Mawy [off]
  Dymmak iñ güýçli sesdir.
 01.03.2026 / 22:08

+0

Uzyn teswir ýazjak welin, şugün şu tema ýeterlik ses cykardym diýip goýbolsun etdim. Mowzuk bn ylalaşýan!


Täzeje
Vandenes  (01.03.2026 / 23:12) 

Mawy, bu günlükçe ikimiziň limidimiz doldy. Ýazsagam sistema kowar bizi))


Özümiziňki
Mawy  (01.03.2026 / 23:20) 

Vandenes, Hakyky))

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 02.03.2026 / 01:28

+0

Gyz bilen oglan işdeş, kärdeş, klasdaş, kursdaş, garyndaş, ýassykdaş (öz gelniň), partadaş bolup biler. ýöne ejeň, gelnejeň (gyzlar üçin) syrdaş bolup biler.

Gelnejem yok, ejem bilenem hic hacan oturyp syr alsyp bilmedim. Dunyagaraysymyz duypgoter basgaca. Gyz jorana aydyan welin olam seni goripleya ya basgasyna yetirya. Oyume gelip coregimi iyip duzumy depen gyzlaram bolupdy... Hazirki yagdayda men gyzlar bilen joralyga yapyk. Realnyy bir joram bar ona da hemme zadymy aydamok...

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 02.03.2026 / 06:38

+0

bolup biler meňa gyzlar bilen kän aram ýok oglanlar bilen dostlugym gowy bir gyz joram olam hemme zadymy bilenok ýöne bir ýakyn oglan dosum bar ol meni doganymdan beter tanaýar öýdäkiler bilmýän zatlarynam bilýärda indi...

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 02.03.2026 / 06:43

+0

ýöne seň diýýän zadyň dogry elbet bir gün hemme dostluk gutarýar eken meň şoňa realda ýaşap düşündim

 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 02.03.2026 / 09:51

+0

Birzady anyk bilmesek, dine ýykylmaly bolýas. Şunlukda gyz we oglan dostlugy bolup bilmez. Emma dostluga meňzeş söýgä meňzeş şuýgy bolup biler. Ýöne ol dinden çykmak hem ol duýgynyň ady ÝOK

 Täzeje
 Meret90 [off]
 03.03.2026 / 20:23

+1

Gyz we oglan dostlugy – mümkinmi ýa-da bir duzak?
Siziň belleýşiňiz ýaly, tebigy we biologiki taýdan seredilende, erkek bilen aýalyň aragatnaşygy köplenç "instinktiw" çekijilikden doly bolýar. Bu ýagdaýda taraplaryň biri (köplenç oglanlar) dostlugy bir "ätiýaçlyk gapysy" ýa-da niýetine ýetmek üçin "basgançak" hökmünde ulanmagy mümkin.
Esasy nokatlar:
Psihologiki dartgynlylyk: Siziň aýdyşyňyz ýaly, "dostluk çyzgysy" gaty inçe. Wagtyň geçmegi bilen bir tarapda hökman başga duýgularyň oýanmagy ähtimaldyr. Bu bolsa arassa dostlugyň bitaraplygyna zeper ýetirýär.
Milli mentalitet: Türkmen jemgyýetinde dostluk diýlende "syrdaşlyk" we "maşgala ýakynlygy" göz öňünde tutulýar. Siziň "doganyňyň ýanyna dostum diýip gelsin" diýen mysalyňyz, bu meseläniň milli we ahlaky tarapyny örän takyk açyp görkezýär.
Çäkli gatnaşyk (Kärdeşlik/Klasdaşlyk): Men siziň "işdeş, kärdeş, klasdaş bolup biler, ýöne syrdaş bolup bilmez" diýen pikiriňize doly goşulýaryn. Belli bir çäk bar we şol çäkden geçilende, bu gatnaşyk eýýäm "dostluk" däl-de, başga bir zada (söýgä ýa-da uly ökünje) öwrülýär.
Netije:
Siziň analiziňiz bir hakykaty tassyklaýar: Hakyky dostluk doly açyklygy talap edýär, ýöne gyz bilen oglanyň arasyndaky doly açyklyk köplenç "duýgy gapysynyň" açylmagy bilen tamamlanýar. Şonuň üçin hem siziň maslahat berşiňiz ýaly, gatnaşyklary belli bir hormat we çäk (distansiýa) içinde saklamak iň sagdyn ýoldur.

 Täzeje
 Goujamm [off]
 05.03.2026 / 01:38

+0

Gaty dogry

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli


Dogrusyny dogry aýdan ekeniň +++...dowamy...

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli


Blin ýene näsazlykly ýazypdyryn, izwini. Mowzukdan çykyp gitdim bagyşlaň...dowamy...

Kir pullar. Pullary ýuwmak


Gaýrat et...dowamy...

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


manat hem gerek dä...dowamy...

Balykçynyň buýsanjy


Umman girer bakmaz howup-hataryna, Umytly göz diker atan toruna......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Balykçynyň buýsanjy
Orazjan (18.04.2026 / 21:11)

Bir kemsiz gözel ýok


Aý, howwada...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir kemsiz gözel ýok
Orazjan (18.04.2026 / 19:37)

Bilmezmiñ


Kop sagbol...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilmezmiñ
Orazjan (18.04.2026 / 19:35)

ÖZIME NEKROLOG


Garaz, gowy adam bolmak kyn-da......dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Orazjan (18.04.2026 / 19:31)

ÖZIME NEKROLOG


Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Kapiro (16.04.2026 / 23:07)

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->