138 |
11 |
4 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Kerim aganyň wesýetlerinden
Her bir hoş sözi ýerine düşürip, başaryp aýdyp bilmegiň ullakan ähmiýeti bar. Şeýdilse, kän-kän adamlaryň saglygyny gorap boljak.
Bahylçylyk, köplenç halatda, diňe asgyn bilen güýçliniň arasynda döreýär: asgyn güýçlüni gabanýar.
Uly şahsyýet owunjak zatlarda-da özüniň ululygyny görkezýär.
Hoş söz satylýan zat däl: ony zerur ýerinde gysganman paýlamak gerek.
Şöhrat adamyň gaýratyny ölçemek üçin iň uly synagdyr.
Ulumsylyk uly adamyny-da kiçeldip görkezýär. Kiçigöwünlilik kiçi adamyny-da ulaldýar.
Özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar.
Batyr adamlaryň batyrçylygy hakynda olaryň özüni gepletmek bigelşik bolýar. Adam öz batyrlygy barada näçe edeplilik bilen gürrüň berse-de, ol seniň gözleriň öňünde ýuwaş-ýuwaşdan pese gaçýar.
Körzehiniň daşynyň gopguny bolmaýar.
Gomparmagy gowy görýän adamlar öz doglan obasyndan näçe uzaga gitdigiçe, şonça-da beter gompuldaýarlar. Sebäbi ol ýerlerde olary tanaýan adam ýok.
Öz dostuňdan gizlin saklaýan syrlaryňy hasaplap gör. Şol syrlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da sen öz dostuňdan uzakdasyň.
Hakyky ýazyjy tankytçydan gorkmaýar. Ol diňe okyjydan gorkýar.
.
Unknown_, Bir kitapdan aldyňmy?
Unknown_, Ап берекелла!
Muawiye, yok, internet sahyoalaryndan.
Gowy goşgy,nepislik bilen yazylan🔥