Ýürekdeş sözler!
YNAMY gorañ
Mawy [off]
09.04.2026 / 13:45
Dymmak iñ güýçli sesdir.
Men ony goradym ýaman gözlerden,
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan,
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden,
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan.
Goradym göripleň gargaýyşyndan,
Ýakynlarymdanam goradym ony.
Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan,
Hiç bir zada rowa görmedim ony.
Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar,
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy,
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.
Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birmiz tanaman, nobata durus,
Geliň, syr saklaman, alalyň, boýun,
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs.
Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.
#Gurbannazar.EZIZOW.
110 |
22 |
4 |
5 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Maleficent [off]
Live without regrets...
09.04.2026 / 17:30
+1
Gorabam oňormannyrys
Mawy (09.04.2026 / 17:48)
Maleficent, Aýdan bolsadyñyz goraşardymda)
Täzejetmce [off]
11.04.2026 / 16:02
+0
minus
zM [off]
sallanchakdan gachan
12.04.2026 / 13:33
+1
Aý, hawa-da.
Ynamyň ilkinji zatlygyny wyždanyna düşündirip bilýàn azda gynansakda
ynam birinji zat weli..
ynam diýip beýni stres bile sagat ýaly hasap ýöretmelerinden gaty uzaga süýşdi.
Häk borla
Mawy (12.04.2026 / 13:37)
zM, Hawa. "Men saña ynanýan,-menem saña ynanýan" diýip ýaşabermeli diýýäñizmi?)
Soňky teswirler
Garry gyzyň ykbaly /hekaýa
Dogrysy doly okamok yone bi gunning okadym yagny gyzyn yene tazeden koynege otyran yerine cenli...dowamy...
Oýnaş /hekaýa
Sagjabol paýlaşýanyňa. Şu Garry gyzyň ykbalynam goýaý şony tapmadymda kän gözläp, pozlan bolaýmasa....dowamy...
GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
Allatagala barçamyzy gurbanlyk bermeklige ýetirsin, gurbanlyk berýänleriň gurbanlygyny kabul eýläp, sogabyny, derejesini aňryýany bilen Allanyň ö...dowamy...
Erkin mowzuklar | GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
AyJennet (23.05.2026 / 14:29)
AyJennet (23.05.2026 / 14:29)
GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
samsyk diýsäni adamlara gurbanlyk barada akyl öwreder ýaly sen kim bolupsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
masterdollar (23.05.2026 / 11:11)
masterdollar (23.05.2026 / 11:11)
GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
Bilip goýmaly zatlar. kanal7-den neçimetdin nursaçan diýän zatlaram bizinki bileň deň gelýä diýärler shona gorýäs...dowamy...
Erkin mowzuklar | GURBANLYK HAKYNDA BILMELI ZATLARYMYZ: ONUŇ ŞERTLERI WE SOGAPLARY!
koshejik (23.05.2026 / 10:43)
koshejik (23.05.2026 / 10:43)
Android Telefonlarda PSP Oýunlaryny Nädip Oýnamaly?
PSP munyna seen islanok hijisam ide Igame isleyar basgalan oli sen...dowamy...
Android Telefonlarda PSP Oýunlaryny Nädip Oýnamaly?
Hey men aydayynmy bu hakda men tik tolga goydum gemi diyip yazyan play markede doly icine yuklap oynabermeli komyuter oyun oynasyn gelyami onda v...dowamy...
Android Telefonlarda PSP Oýunlaryny Nädip Oýnamaly?
Iso faýl bolsa linux-da-da oýnap bolýarmyka? Meň kompýuterim linux...dowamy...