Ýürekdeş sözler!
Ilçi sahaba Abdullah ibni Huzafa r.a
Kapiro [40s]
Şugün, 09:56
Allah diýene Allah ýetişer
Ilçi sahaba Abdullah ibni Huzafa r.a
Abdullah ibni Huzafe r.a ömründe döwrüniň iň uly döwletlerinden bolan Eýran we Wizantiýa hökümdarlary bilen duşuşmaly bolan sahabady. Resulallah s .a.w Serwerimiziň Eýran şasyna iberen ilçisidi… Öz sözüni diňledip bilýän çakylykçydy… Sözüni çekinmän sözleýän batyrdy, başy öpülmäge laýyk gahrymandy...
Ol Yslamyň ýaýylyp başlan ilkinji günlerinden musulman boldy. Mekge döwrüniň hasratly günlerini başdan geçirdi. Muhajirleriň ikinji toparyna goşulyp, Hebeşistana gitdi. Soňra Medinä hijret etdi. Bedir we beýleki söweşlere gatnaşdy.
Ol hijriniň altynjy ýylynda Eýrana ilçi boldy. Serwerimiz şol ýyllar goňşy döwletlere hatlar ýazyp, ilçiler ibermäge başlady. Olary Yslama çagyrdy. Eýranyň hökümdary Kisra ýazan hatyny-da Abdullah ibni Huzafe r.a berip, hökman öz eline bermekligi tabşyrdy. Beýle tabşyryk örän howuplydy ,zalym we kapyr hökümdaryň baran adamyny nätjegi belli däldi. Şeýle tabşyryk bilen gidene "Ýiten" gaýdyp gelene "Täzeden dünýä gelen " diýýärlerdi.Ol hem Serwerimiziň emrini ýerine ýetirip, öz eli bile haty Kisra patyşa bermäge äkitdi. Kisra patyşasy ilçi geleni sebäpli uly dabara gurnap ony kabul etdi. Abdylla hezretleri dogumly ýöräp köp han-begleriň ýygnanan bezemen köşge bardy. Kisra hyzmatçylara onyň elindäki haty almagy buýrdy. Emma Abdylla hezretleri "Men haty öz elim bilen gowşurjak,maňa şeýle diýip buýruldy"—diýýär. Patyşa ylalaşyp haty ondan alyp arap dilini bilýän bir kätip çagyrdyp, haty okatdy. Kätip ilkinji jümleleri okamaga başlanynda Kisra gaharlandy we hatdaky ýazylanlara çydap bilmedi. Hat-da gahardan ýaňa töweregindäkilere:
—Ol meniň gulum bolup, o nähili maňa bu şekilde habar ugradar?-diýip, gygyrmaga başlady. Kätibiň elindäki haty gazap bilen alyp bir bölegini ýyrtdy. Ilçini daşaryk kowdy. Hat şeýle başlaýardy:
«Bismillä hyrrahmä nyrrahim.
Allahyň Resuly Muhammetden Parslaryň Ulusy Kisra!..
Hidaýata uýup, dogry ýoly tutanlara, Allaha we Resulyna ynananlara, Allahdan başga hiç bir ylah bolmadygyna, Onuň taýynyň we şäriginiň ýokdugyna we Muhammediň-de Onuň guly we Resulydygyna şaýatlyk edenlere salam bolsun!..
Men seni imana çagyrýaryn! Çünki men akyllylary oýarmak, käpirleri-de azap bilen gorkuzmak üçin Allahyň bütin ynsanlara iberen Pygamberidirin... Sen musulman bol-da, salamat bol .Çakylygymdan ýüz dönderseň, ähli mejusylaryň günäsi seniň boýnuňa bolsun!»
Abdullah ibni Huzafe razyýallahu anhu daşary çykyp, düýesine münüp, Medinä garşy ýola rowana boldy. Birsalymdan Kisra ony täzeden çagyranda ol eýýäm uzakdady. Baryp Iki Jahanyň Güneşi Serwerimize ýagdaýy aýtdy. Kisranyň gaharlanandygyny, hat-da kätibiň elinden haty çekip alanda hatyň bir böleginiň ýyrtylandygyny aýtdy. Serwerimiz olara bet doga etdi:
-Olar-da bölek-bölek bolsun-diýdi.
Gahar-gazapdan ýaňa eli-aýagy titreýän Kisra Ýemeniň häkimi Bazana bir hat iberip, güýçli pälwanlardan iki kişini ugradyp, «Men Pygamber» diýýän adamyny tutup, öz ýanyna getirmeklerini emr etdi. Bazan saýlama iki pälwany derrew ýola saldy. Olar Medinä baryp, Söýgüli Pygamberimiz bilen görüşip, getiren hatlaryny uzatdylar. Serwerimize haýbat atyp:
—Biz seni Kisra äkitmek üçin geldik. Eger biziň bilen gitseň, Kisra saňa erbetlik etmez. Gitmeseň, onuň güýçlidigini, seni we halkyňy ýok etjekdigini bilgin. Seniň kowmuňy-da ýok eder. Ýurduňy-da ýakyp-ýandyrar-diýdiler.
Iki Jahanyň Güneşi Serwerimiz bu haýbatlara we ilçileriň ulumsylyk bilen aýdan sözlerine gülümsiräp jogap berdi. Göwnüne alar ýaly sözleri aýtman, merhemet bilen olary Yslama çagyrdy. Bir gije myhman bolmaklaryny isledi. Olar bolsa, özleri bilen gitjek ýa-da gitmejekdigi hakyndaky jogaba garaşýardylar. Serwerimiz olara:
—Siz dynjyňyzy alyň! Ertir irden size näme etmek isleýändigimi aýdaryn-diýip, öz ýoluna gitdi.
Ol gije Allah Tagala Kisra öz ogly Şireweýhi musullat kyldy we ony ogluna öldürtdi. Ertesi irden ilçiler huzura çagyryldy. Resuly-Ekrem sallallahu aleýhi wesellem Allahyň bildirmegi bilen olara:
—Siz şu günden soň asla Kisra bilen görüşmersiňiz. Allah oňa ogly Şireweýhi garşysyna goýup kakasyny öldürtdi»-diýip, habar berdi.
Ýemeniň häkiminiň adamlary aljyraňňylyga düşüp, näme diýjeklerini bilmediler, ynanmadylar. Serwerimizden gaýtalap ýene soradylar. «Hawa, şeýle!.. Gaýdyp Kisra bilen görüşmersiňiz» diýen jogaby eşidip, Ýemene gaýtdylar. Ilçiler häkime bolan-goýan wakalary gürrüň berdiler. Özlerine merhemetli bolandyklaryny, myhman hökmünde rahat dynç almaga mümkinçilik döredendiklerini ýeke-eke aňlatdylar. Hoşlaşanlarynda Serwerimiziň:
—Meniň dinim ýakynda Kisranyň döwletleriniň ýeten ýerlerine ulaşjakdyr. Bazan musulman bolsa, Ýemene hökümdar etjekdirin-diýip, aýdandygyny ýatlatdylar.
Şu hadysalara haýran galan häkim Bazana Eýrandangaraşýan haty geldi. Şireweýh hatynda öz kakasy Kisrany öldürendigini, özüne boýun egilmegini isleýändigini ýazypdyr. Ýemen häkimi haty okap, ýyrtyp taşlady. Iki Jahanyň Güneşi Serwerimiziň beren habary dogry çykansoň, halky bilen birlikde musulman bolup, Yslama girdiler.
Abdullah ibni Huzafe razyýallahu anhu ýaradylyşy boýunça garadan gaýtmaz batyrdy. Ol bu güýji imandan alýandygyny aýdýardy. Yslamyň gorkusyz gahrymanydygyny her pursatda görkezmek islärdi. Ol Hezreti Omar razyýallahu anhunyň döwründe Siriýa fethine gatnaşyp, uly gahrymançylyk görkezdi. Emma kysmatdan gaçyp gutulyp bolmaýar. Ol söweşleriň birinde Wizantiýalylara ýesir düşdi.
Wizantiýalylaryň patyşasy musulman esgerleriniň gahrymançylyklaryny, Allaha we Resulyna nähili janlaryny pida edýändiklerini kän gezek eşidipdi. Ol şu sebäpli musulman bolan ýesirlerini öldürmän, huzuryna getirmeklerini emr etdi. Abdullah ibni Huzafe razyýallahu anhuny ýesir alan wizantiýalylar ony öldürmän, hökümdarlaryna äkitdiler.
Wizantiýanyň kanunlaryna görä, bir ýesiriň halas bolup, azatlyga çykmagy üçin onuň hiristiýan dinine girmegi hökmany şertdi. Ýogsa ony otda ýakýardylar. Abdlulah ibni Huzafe razyýallahu anhu bu kanuna uýmady. Wizantiýanyň koroly bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi. Patyşa oňa:
—Eger hiristiýan bolsaň, seni boşadyp, hezzet-hormat edeýin-diýdi. Abdullah örän aýgytlylyk bilen:
—Meniň üçin ölmek, seniň teklip eden zadyňdan müň esse gowudyr-diýip, jogap berdi. Patyşa ýene:
—Sen örän düşünjeli birine meňzeýärsiň. Hiristiýan bolsaň, seni patyşalygyma şärik edeýin-diýende, Abdullah onuň bu teklibine gülümsiräp:
—Seniň we araplaryň eýeleýän bütin mülküni berseň-de, ýene Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň dininden dönmejegime ant içýän—diýip, imanyny elden bermedi. Patyşa:
—Eger şeýle bolsa, onda seni öldürerin-diýdi. Abdullah boýun bolýan şekilde:
—Muny edip bilersiň-diýdi.
Patyşa uly oduň ýakylmagyny emr etdi. Ýesirlerden birini Abdullahyň gözüniň öňünde şol oduň içine atdy. Iň soňky söz hökmünde oňa:
—Dostlaryň ýagdaýyna düşmek islemeýän bolsaň, hristiýançylygy kabul et!-diýdi. Abdullah:
—Diňe meni däl-de, bedenimiň tüýleriniň her biri ýeke-ekeden Abdullah bolsa, olary aýry-aýrylykda oda ýaksaň-da, Hak ýoldan asla dönmerin-diýdi. Patyşa ony oda atmagy buýrdy. Ony oda zyňjak bolanlarynda ol aglady, onsaň ol boýun bolýandyr öýdüp patysaň ýanyna getirdiler. Patyşa teklibini gaýtalanda ol ýene imandan dönmejegini aýtdy. Patyşa :
—Onda näme köpeý ogly ýaňy agladyň diýdi. Abdylla r.a :
—Men gorkup aglamadym,janym ýeke bolýar,eger müň bolsada Allah üçin bagyş ederdim diýip agladym —diýýär.
Wizantiýanyň patyşasy onuň bu jogaplaryna haýran galyp, teklibini birneme ýumşatdy:
—Başymdan öpseň, seni azat edeýin-diýdi. O-da:
—Bütin musulman ýesirleri-de azat edermiň?-diýdi. Patyşa:
—Hawa-diýdi.
Bu jogapdan 80 töweregi doganynyň azatlyga çykaryljak buşlugyny alan,bu zatlar üçin özümiň kiçelenligim hiç diýip Abdullah r.a patyşaň başyny öpdi. Bütin musulman ýesirler munuň üçin azat edildi. Hemmesi bilelikde Medinä geldiler.
Abdullah ibni Huzafe razyýallahu anhu başyndan geçiren wakalaryny ýeke-ekeden Hezreti Omar razyýallahu anhuwe gürrüň berdi. Halypanyň gözleri ýaşardy. Onuň gahrymançylygyny, iman yşygyny, doganlaryny eý görüşini we olary halas etmek meselesindäki parasadyna ýokary baha berdi. Turup başyndan öpüp:
—Her bir musulmanyň-da Abdullah ibni Huzafanyň başyny öpmesi wezipesidir-diýip, oňa çuňňur söýgüsini bildirdi.
Abdullah ibni Huzafe razyýallahu anhu Hezreti Osman razyýallahu anhunyň döwrüniň soňky ýyllarynda Müsürde aradan çykdy. Keremli Hakdan şepagatlaryny nyýaz ederis. Ämin.
6 |
3 |
1 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Kapiro [40s]
Allah diýene Allah ýetişer
Şugün, 11:51
+0
Men-de musulman diýmek ýeterlik bolmaýar. Pygambermiz saw-yň we sahabalarynyň durmuş ýoly, ýaşaýşy we din üçin bitiren hyzmatlaryny bilmek we olardan görelde almak,olary doga-dileglerimizde ýatlap durmak wezipämiz bolup durýar. Adam iň bolmanda ýaşaýşynda bir gezek öz ýanyndan "Mende din üçin käşkä sahabalar ýaly jihat etsemdim "diýip pikir ýöretmese ahyretde munafyklaryň sypatlaryndan hasaplanar diýýär Jelal Kary ahun.
Soňky teswirler
Ilçi sahaba Abdullah ibni Huzafa r.a
Men-de musulman diýmek ýeterlik bolmaýar. Pygambermiz saw-yň we sahabalarynyň durmuş ýoly, ýaşaýşy we din üçin bitiren hyzmatlaryny bilmek we ol...dowamy...
...Sözler ýatyr aramyzda
Meňki däl sen ezizläre, Namart däl men ejizläre. Ses-sedasyz bir biçäräň, Ynamyn döwüp gitdiňmi? Alnyna gidip ýalanyň, Ýazan erksiz galamym, Kag...dowamy...