Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum
Täzeje
Dreamfull [off]
11.05.2024 / 20:46
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Bulut deýin parçalandy gorkulam.
Çagalygmyň kyssasy deý ynandym,
Gowluk bolup geljegine erteleň.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Huşlarymda elläp gördüm düýşlerim.
Biweçligi ýeller bilen sowurdym,
Şükrümde ölçerip ýaşan ýaşlarym.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Söýdüm has başgaça ýazlaryň reňňin.
Pursatlaň goýnunda wysaly gördüm,
Gökde al şapaklar öwsende gülgün.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Söýen hüwdülermiň tapdym yzyny.
Ak gyşlaryň ertekisne oýandym,
Garşy alyp durna sesli güýzüni.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Öwrendim kem-kemden bagtly bolmagy.
Senli açyşlamda men şuny duýdum:
Belki Sen arzuwlaň özi bolaýma,
Ýa arzuwlar Saňa meňzeş bolmaly!...
Dreamfull [off]
11.05.2024 / 20:46
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Bulut deýin parçalandy gorkulam.
Çagalygmyň kyssasy deý ynandym,
Gowluk bolup geljegine erteleň.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Huşlarymda elläp gördüm düýşlerim.
Biweçligi ýeller bilen sowurdym,
Şükrümde ölçerip ýaşan ýaşlarym.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Söýdüm has başgaça ýazlaryň reňňin.
Pursatlaň goýnunda wysaly gördüm,
Gökde al şapaklar öwsende gülgün.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Söýen hüwdülermiň tapdym yzyny.
Ak gyşlaryň ertekisne oýandym,
Garşy alyp durna sesli güýzüni.
Men saňa sataşyp arzuwçyl boldum,
Öwrendim kem-kemden bagtly bolmagy.
Senli açyşlamda men şuny duýdum:
Belki Sen arzuwlaň özi bolaýma,
Ýa arzuwlar Saňa meňzeş bolmaly!...
![]() 155 |
![]() 9 |
![]() 2 |
![]() 1 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)