175 |
31 |
10 |
1 |
0 |
0 |
1 |
mena hijsnede dushnmedm
Yekejelai, psihologiýa sapagyny geçip gördüñmi? Mekdepde-hä ýokdur, dašyndan gyzyklanyp okamadyk bolsañ
Belki, yo okamadm shon ucn sozleri dushniksizrak gelya
Yekejelai, nesip bolsa, degişliräk ugurdan talyp bolsañ okarsyñ
Belki, nesip bolsa
Talypkak psihologiýa mugallymymyz her kime bir tema boýunça test düzmegi tabşyrypdy. Kursdaşlarymam oñaranokdylar, maña puluna ýazdyrýadylar. Ýazyp berdim, ýöne pullaryny almadym, şol döwür ejem ýarawsyzlyk tapynypdy, gutulmagy üçin dileg edip bermeklerini haýyş edipdim. Soñ Hudaýjana şükür, ejem aýaga galdy. Muny şol wagtky ýagşylygym bilen baglanyşdyrdym (ynanjym boýunça)
Ine şu testleri her göremde şol wagtlarym ýada düşýär. Şeýle testler ýene kän, çözmek isleseñiz goýaryn.
Belki, Saglygyn bolsa in uly bagt diyjek weliiin arman pulunam bolsun
"Test" diýlende ilki sanawlardan birini saýlap, soň şoňa degişli maglumat berýärmikä öýtsem, bu ýerde egzamyn testleri bar eken-ä.) Biz nädip bileli ony?
Psihologiýa gyzyklanýan bolsaňyz, bular ýaly testler bilen meşgullanman, kitap okasaňyz has peýdaly bolar.
Muawiye, egzamin testleri däl. Bilimiñi barlamak. Psihologiýanyñ başlangyjyny okap görmediñizmi? Psihiki prosesleri bilmän nädip aralaşýañyz psihologiýa? Bulam kitapdan alynan-da.
Belki, "Psihiki proseslermi"? Psihologiýa birtopar test, ýa-da adalgalar baradaky çözmeli bir iş däl, ýa-da ylym däl. Psihologiýa ynsan bilimi. Her psiholog bu "erk – a, b, ç" diýip gidenok, öz gazanan tejribesine we öňündäki hassasynyň meselesine laýyklykda çözgüt tapmaga synanyşýar. Psihologiýany türkmen kitaplardan öwrenjek bolsaň dat günüňe.) Ol kitaplara üns berseň diňe käbir, ömür peýdasy bolmajak çylşyrymly testlerden, adalgalardan başga zat öwrenmeýäň. Birtopar düşnüksiz zatlar, düşnüksiz adalgalar bilen adamlaryň düşünip bolmajak dilinde ýazylan "agyr" we boş kitaplar. Kim näme öwrensin ol kitaplardan?
Esasy psihologik adalgalary, hassalyklary, meseleleri, kategoriýalary bilseň bolýar. Mysal üçin sosial fobiýa, depressiýa, şizofreniýa, stress, trawma, gatnaşyk we ş.m.
Muawiye, türkmen kitaplary daşary ýurt dilindäki birtopar çeşmelerden terjime edilýär. Bu psihologiýa aralaşmagyñ ilkinji ädimi.
Şu aýdan sözleriñden şol birinji basgançakdaky kitaplary okap görmäniñi añýan...
Belki, Menem seniň şu teswiriňden meniň teswirime çydamandygyňy aňýan.
Bolýar gel seni has çäresiz goýmaýyn. Aýtsana, şol kitaplardan bir zat öwrendiňmi, näme öwrendiň? Şol kitaplar ynsan psihologiýasyna degişli nähili maglumatlar berip, saňa nähili intellekt gazandyrdy? Haýsy kitaplar olar?
Özüň aýdyp dursuň, "terjime" diýýärsiň. Bolman asyl problema şol. Göni terjime ol kitaplar. Rusçadaky zatlary bolşy ýaly (edil bolşy ýaly) terjime edip kitap çykarýarlar, mundan erbet zat bolup bilermi? Ne öz tejribeleri bar, ne öz okap, çykaran netijeleri bar, ne özleriniň gözleg işleri bar, ne-de sowatlary bar. Diňe rusça ýazgylary alyp, bolşy ýaly terjime edip paýlaşypdyrlar. Ana şol sebäplem düşnüksizdä kitaplary.
Meniň ol kitaplary okamandygymy "aňmagyň", seniň "aňyň" nähili güýçlidigini görkezýär.) Diýeli men şol kitaplary okamadym, şeýle-de meniň ol kitaplary okamagymyň geregi ýok. Men diňe şu mowzugyňdan ugur alybam teswirläp bilerin.
Eger şolaryň kitaplaryndaky ylymy (ylym diýilse oňa-da), daşary ýurt psihologiýa kitaplaryndan ýokary görýän bolsaň, gaýta bu seniň daşary ýurt kitaplaryny okamandygyňy aňladýan bolmagy mümkin. Gir bir "pdf" kitap saýdyna, "psihologiýa" bölümini tapda ýükle kitaplaryny we oka. Diýjek bolýanyma düşünersiň. Diňe Dawid Barnsyň bir kitaby şolaryň 5 kitabyna degýär.
Muawiye, men o kitaplary gereksiz saýamok, sen ilkinji ädimi inkar edyan...Sunca gep otarjagyna "Men bilemok. Okamadym" diysen bolardy welinim olam yurek isleyada
Eýýäm şu mowzugyňa 3 adam düşünmändir. Meniň bilen birlikde 4 adam bolýar. Aýdyşym ýaly diňe ylmy dilde ýazylan, hiç bir peýdasy bolmaýan gaty düşnüksiz ýazgylar hemmesi.
Muawiye, ýo ilki şol temany okamaly. Ondan soñ jogaplamaly. Okamadyk jogaplap bilenok.
Belki, Her teswiriňde ýekeje-de tankydy bellige çydamaýandygyňy görkezýäň. Iň bolmanda sen beýtme Belki.) Seret, şunça düşündirip teswir ýazypdyryn, näme üçin gowy däldigini, diňe terjimedigini düşündiripdirin. Sen bolsa "men bilemok, okamadym diýseň bolardy" diýip ýazýaň. Ýazanlaryma-da "şunça gep otarjagyňa" diýipsiň. Aýtdym ahyryn meniň okap okamazlygym hiç zady üýtgedenok, men şu mowzukdanam netije çykaryp bilerin. Galyberse-de näme üçin şol kitaplary okamaly däldigini düşündirip otyryn-a bolman. Sen bolsa ýazanlaryma jogap bermän, diňe meniň okap okamaýandygyma degişli ýaňsylan bolup ýazypsyň, şoňa jogap bermegime garamazdan. Meniň diňe şol ýazan teswirlerim seniň şu mowzugyňdan has düşnükli.
Seniň üçin gereksiz däl bolmagy mümkin. Ýöne türkmen kitaplarynyň köpüsi hakykatdanam biderek.