Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gymmat zatlary halaýan elýetmez gyzyñ ýekejesi bolmak ýaly ?❤️?
Söýgi ve Aýralyk!
Täzeje Dreamfull [off] 13.05.2024 / 22:19

Beýik binanyň üçeginden Söýgi bilen Aýralyk iki ýaş juwanlary synlap
durdylar.
Aýralyk Söýgä seredip: “ Jedel edelimi, men olary aýra düşürýän?!”
Söýgi bolsa: “Garaş, öňürti men olaryň ýanyna bir baryp gaýdaýyn, soňra sen
olaryň ýanyna näçe barsaň baryber, ana şonda göräýeris, sen olary aýra düşürip
bilýämiň ýa-da ýok”
Aýralyk bu şert bilen razylaşypdyr. Söýgi iki ýaşlaryň ýanyna baryp, olaryň
gözleriniň içine şeýle seredipdir welin, ýaňky ýaş juwanlar bir birlerine aşyk
bolupdyrlar”
Söýgi bir gapdala çekilip Aýralyga: “Indi seň gezegiň” diýipdir.
Aýralyk: “Ýok, şu wagt men bulara hiç zat edip bilmerin. Şu wagt bularyň
ikisiniňem ýürekleri söýgiden doludyr. Men bularyň ýanyna gijiräk gelerin.”
Wagt geçdi. Aýralyk öýüň penjiresinden içerini synlady we kiçijik çagaly
bir enä we ata gözi düşdi. Aýralyk bularyň söýgisi öçüşendir diýip öýüň işiginden
içeri aýak basdy. Ýöne ene atanyň
gözlerine içgin seredende olaryň gözlerinde Buýsanjy gördi.Aýralyk yzyna aýlanyp: “ Men bulara soňra gelerin” diýdi.
Wagt geçdi. Aýralyk bularyň ýanyna ýene gelipdir. Öýde çagalaryň goh
galmagaly, işden ýadap gelen atasy, ejesi çagalaryny köşeşdirjek bolýardy.
Aýralyk ýenede uly umyt bilen, inda men şulary aýra düşürerin, sebäbi bularyň
ýüreginden Söýgi we Buýsanç bir eýýäm gidendirler diýen pikir bilen içeri
girdi. Emma olaryň gözlerine seredip ol olaryň gözlerinde birek birege Düşünişmegi
we Sylagy gördi.
“Men bulara gijiräk gelerin” diýip Aýralyk ýenede bulardan el çekdi.
Wagt geçdi. Ýenede Aýralyk bularyň öýüne gelip görüpdir. Görse – olaryň çagalary ulalypdyr, garry ata
çagalaryna bir zatlar düşündirýärdi, aýaly kuhnýada nahar bişirýärdi. Aýralyk göwünsiz
dem alyp, olaryň gözleriniň içine seredende olarda Ynamy gördi.
“Men bulara ýene gelerin” diýip Aýralyk çykyp gitdi.
Ýene-de wagt geçdi. Ýene-de Aýralyk öýe gelip gördi. Görse, öýüň
içinde agtyjaklar ylgaşyp ýör, gyzgynjak pejiň öňünde gartaşan garryja daýza
otyr. Aýralyk seredip öz içinden:”ine ahyr soňy meniň wagtym gelip ýetdi.” diýip
begendi. Aýralyk garry enäniň gözlerine seredip göreýin diýip ýaňy bir enäň ýanyna golaýlaşanda, ene birden yerinden
turup öýden çykyp gitdi. Aýralygam enäniň yzyna düşüp gitdi. Ene az salymdan
obanyň golaýyndaky gonamçylyga gelip, bir mazaryň başyna geçip oturupdyr. Bu
mazar garry enäniň ýan ýoldaşynyň mazarydy. “Haý görýän weli men gija galaýypdyryn, Wagt meň etjek işimi eýýäm ýerine
ýetiripdir” diýip, gynanç bilen Aýralyk garry enäniň gözlerine soňky sapar
seredip gördi.
Ol gözlerde bolsa Ýatlama – Söýgi Ýatlamalary, Buýsanç, Sylag – Hormat,
birek biregi Düşünişmek we Ynamy gördi.!!!
Teswirler:
Gytyndan Yekejelai [off] Øzime_dønein? 13.05.2024 / 22:22-1
Gytyndan Kicxikge [3m] Durmuş doly yenil kelleden# 14.05.2024 / 10:48+0
Soňky teswirler
GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk