“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Boxer : Durmusda her bir zadyn sebabi bar. Totanleyin zat yok.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

AÝDYLMADYK SÖZLER
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 Düýn, 23:11
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.
Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy göz ýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,Gowşardy erkim.
Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy,
Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy.
Ýyllar boýy ýüregime ýer eden,
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy.
Aýdylmaly sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi,
Ýasadym olardan ajap aýdym men.
Ol aýdymy diňläp görseň her haçan,
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny.
Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.
* * *
Şol gözele duşanymda şu gezek:— Sözüm diňle – diýdim.— Sözlegin – diýdi.Diýdim: — Gülüm, beýle örteme uzak.— Gülüňi daşrakdan gözlegin – diýdi.Diýdim: — Sen görküsiň ähli gülleriň.— Sen nämeler diýýäň, goý, oglan – diýdi.Diýdim: — Sagym sagýan akja gollaryň…— Diýjegňi açygrak diý, oglan – diýdi.— Sen meni söýermiň, perizat – diýdim.Gyz ýaýkap başyny: — Söýmerin – diýdi.— Bu ýöne söýgi däl, bu bir ot – diýdim,Gyz çytyp gaşyny – Kömerin – diýdi.
Diýdim: — Ýürek joşýar misli bir derýa,Gyz oýnap saçyny: — Ýüzmerin – diýdi.Diýdim: — Bar umydym inçelip barýa,Gyz dişläp dilini: — ÜZMERIN – diýdi.

🖋️Halyl KULYÝEW


5

2

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Meni kim yatlarka...dowamy...

Saza siňen söýgimiz (hekaýa)


Ahh Şatlyk, ahh... Soñuna ýetýänçäm Merdana 10 gezekdagy söwendirin.😁 Aýnabady ilki başda utanjañ ýygra gyz edip görkezipsiñiz, soñ okyjyñam göz...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


yuhhyjy...dowamy...

⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀


⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀?!...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Oldlar barmy bärde Perman, Wonderfu, Pälwan pro, We pro, Nowça haýsylarny tanaýaňyz?...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Men gitsem ýatlajak köfdir. 5ýyl geçsede adymy unutmoýanla bargy...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar... Hiç kim!...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


tanamok hic Kimi kim yatlasyn...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


hic kim...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


🙂mnä unuduldum bir wagtky aýdymcy_jemile unuldt🙂...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->