Ýürekdeş sözler!
Saza siňen söýgimiz (hekaýa)
TäzejeGerceknazar [off]
Şugün, 18:58
Saza siňen söýgimiz (hekaýa)
Hanha, Aýnabat ýeriň gaýmagyn bozman ýöräp gelýär. Egnindäki ýaşyl köýnegi oňa hasam gowy gelişýär. Şatlyk hasam onuň iki tarapyna örülip göýberilen garaja saçlaryny halaýardy. Aýnabat Şatlygyň ýanyna barha golaýlaýardy. Şatlyk aljyrady. Onuň ýanyna baryp kalbyndaky duýgularyny aýtmak isledi, ýöne nädip aýtmaly? Ol Aýnabadyň her bir hereketini sypdyrman synlaýardy. Onuň daşyndan bolup durşuny göreniňde, kimdir birine garaşýana meňzeýärdi. Dogry, ol garaşýardy. Ol öz bagtyna garaşýardy . Şo-ol ýuwaşjadan ýöräp gelýän perizadyň öz bagty bolaryna garaşýardy. Ine-de, ol geldi. Şatlyk zordan:
-Gowymy Aýnabat?! - diýdi. Aýnabat oglana mähribanlyk bilen seredip:
-Ýagşy, Şatlyk özüň gowumy? -diýip ýylgyrdy. Şatlyk eşdiler eşdilmez:
-Ýagşy - diýip ýetişdi. Ilkinji söhbetdeşlik bary-ýogy şulardan ybarat boldy.
***
Şatlyk gursagyndaky duýgularyny Aýnabada nähilem bolsa beýan etmek isleýärdi. Emma ol duýgularyny beýan edip bilmän ençe wagt oýlanyp gezdi. Ahyry ol jana-jan dosty we krusdaşy Merdan bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwdi. Şol gyzykly günleriň birinde ol dostunyň öýlerine bardy. Gapyny kakdy. Gapyny Merdan açyp dostuny gyzgyn garşylady:
-Ohow, dostum geleweri! Gel, geç, işikde durma
Şatlyk dosty bilen hoşamaý salamlaşdy. Soňra olar tirkeşip töre geçdiler. Merdan:
-Gel, dost, şujagaz ýerde otur, çaýmy kofe?!- diýip, dostuny törde geçirdi. Şatlyk:
-Şu wagta maňa çaý-kofedenem beter dertdeş, syrdaş dost gerek - diýip, içki duýgylaryny daşyna çykardy. Merdan:
-Bilmediňiz çaý. Ine, men şol "Dertdeş, syrdaş dost-da, ne derdiň bolsa aýdybermeli - diýip ýylgyrdy. Şatlyk çekinjeňlik bilen zordan gepledi:
- Neme...bir gyza...hat ýazjak bolýan-da...näme ýazjagymy bilemok - diýdi. Merdan:
-Kim o gyz? - diýip, derrew gyzyklanyp başlady. Olaryň söhbeti şobada gyzygyp gitdi.
-Krusdaşymyz, Aýnabat.
-Hä, şü uzyn boýly , gara gözli, gara saçly gyzmy?
-Howwa, şol.
-Ýazarys dost, näme ýazman.
-Men-ä näme ýazjagymam bilemok.
-Ol hezil-ä, dost. Gyzlar esasy dogumly oglanlary halaýar. Olaryň özlerim senden beter söýgä mätäç. Iň gowysy näme edeli diýsene?
-Näme edeli?!
-Seniň söýgiňi saza siňdireli.
-O nähili?!
-Aýnabada bagyşlap gowy söýgi aýdymyny döredili. Sen aýdymy gowy aýdýaň-a. Ýürekdäki duýgylaryňam şol aýdymda beýan edersiňdä.
-Bä, munyňa gowy pikir
Şatlyk şol pursat Aýnabadyň ýanynda aýdym aýdýany, Aýnabadyň diňläp mähirlije ýylgyrýany hyýalyna gelip gitdi. Soňra dostlar uzak wagtlap maslahatlaşyp, Şatlygyň söýgisini saza siňdirmäge başladylar.
***
Atajan Berdiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatorýasynyň aýdym-saz mugallymy bolup işleýärdi. Ol adatdakylar ýaly konserwatorýa talyplar aýdym-sazyň inçe syrlaryny beýan etmäge geldi. Atajan mugallym gapydan girenden talyplar hormat bilen ýerinden turdylar.
-Salam, talyplar !
-Salam, mugallym !
-Oturyň, talyplar !
Talyplar oturdylar, Atajan mugallym talyplara ýüzlenip şeýle diýdi:
-Talyplar, geliň şu gün adatdakylardan has üýtgeşik, has gyzykly sapak geçireliň!
Talyplar mugallymyň bu sözlerine haýran galyp:
-Nähili sapak, mugallym! - diýşip, mugallyma hasam bilesigelijilik bilen seretdiler. Atajan mugallym olary kän geňirgendirmän derrew söhbetini dowam etdi:
-Biziň şu günki geçjek sapagymyz özara aýdym aýtmak bäsleşigi . Araňyzdan bir gyz bilen bir oglan aýdyşyk aýdymyny aýdyp bäsleşmeli. Ilki oglan gyza ýa-da gyz oglana ýüzlenip aýdym aýdýar. Soň garşydaşam onuň aýdymyna jogap bermeli.
Birbada şowhunly synpyň içini sessizlige bürendi. Hiç kimden hiç hili ses çykmaýardy. Şatlyk dürli hyýallaryň içinde gezýärdi. Birdenem onuň Aýnabat bilen bileje aýdym aýdyp duranyny hyýalyna getirdi. Şatlyk oýlandy: "Aýnabada bolan söýgimi beýan etmek üçin şundan amatly pursat bolmasa gerek. Her nämede bolsa oňa bolan söýgimi duýgurmaly". Şatlyk şeýle hyýallar bilen ýaýdana-ýaýdana zordan ýerinden turdy. Şatlyk:
-Aýdymy men aýdaýaýyn mollum, garşydaşymam Aýnabat bolaýsyn - diýdi. Atajan:
-Bolýar. Gel onda öňe geçip aýdaý - diýeninden soňra Şatlyk öňe geçip, dosty Merdan bilen döreden "Perman" atly aýdymyny aýtmaga başlady:
-Men saña söýgimi aýdaýyn nädip?
Günler geçip barýar ömrümden gädip,
Görsedim süýjüje lebiñden dadyp,
Bu ýaş ýüregümde galmaýar arman.
Ýüpek deý ýumşajyk, näzijek eliñ,
Bilbili men terje açylan gülüñ,
Isleseñ gapyñda bolaýyn guluñ,
Gel meniñ melikâm, ber maña perman!
Kalpdaky sözlermi getirsem dile,
Söýgimiz sowrulup gitmesin ýele,
Gel durmuş guraly, ýaşaly bile,
Her gün şonuñ üçin işleýän durman.
Bu derdimi duýup daglar erese,
Neýläýin kalbymda duýgy dörese?
Şu aýdymym seň göwnüňe ýarasa,
Juwan ýüregimde galmaýar arman.
Atajan mugallym Şatlygyň aýdymy diňläp:
-Tüweleme, berekella! - diýip, aýdyma ýokary baha berdi, soňra bolsa:
-Hany, indi Aýnabadyňam aýdymyny diňläliň. Aýnabat, öňe geçde şu ýigdiň jogabyny bersene! - diýip degişdi. Aýnabat Şatlygyň aýdymyna "Şert" aýdymyny bilen jogap gaýtardy:
-"Seni söýýän" diýýärsiň söýýäniň çynyň bolsa,
Meniň üçin ol şirin janyňa dözersiňmi ?!
Bilip bolmaz durmuşda, başa kyn günler düşse,
Bu durmuşyň synaglarnyň baryna dözersiňmi?!
Perýat edip Perhat deýin daglary gazarsyňmy,
Mejnun bolup Kyýas kimin çöllerde gezersiňmi,
Tarypyma Nepes kibi dessanlar ýazarsyňmy,
Tahyr ýaly sandykda derýada ýüzersiňmi?!
Söýgi gizlin bolmaly, ony gizlin saklarmyň,
Meniň üçin Seýit kimin özün jaýdan oklarmyň,
Ýa-da gerçek Görogly deý aždarhany ýoklarmyň,
Garyp günde Garyp kimin bar zada dözersiňmi?!
Men nirede bolsamam, meniň bilen bolarmyň,
Aglar wagtymda aglap, gülen wagtymda gülermiň,
Meniň üçin dünýäniň o çetindem gelermiñ,
Söýgiň synagy kändir baryna dözersiňmi ?!
"Hemme zat bolar" diýýäň, ýanyňda guluň bolsa,
Hany indi bir zatlar gürledä diliň bolsa,
"Seni söýýän" diýýärsiň, söýýäniň çynyň bolsa,
Meniň üçin şu şertleriň baryna dözersiňmi?!
Atajan mugallym aýdymyň sözlerine geň galyp: -Bäh, aýdymçy gyzyň aýdýan şertlerini ýerine ýetirip bolmajak ýaly. Şatlyk, "Söýýäniň çynyň bolsa" Aýnabadyň şertlerini ýerine ýetir -diýip degişdi. Şol wagt Merdan:
-Görýän welin, Şatlygyň ýüzlenmesinden Aýnabadyň jogaby rüstem çykaýan ýaly - diýip ýetişdi. Talyplar onuň sözüni makullap gülüşdiler.
***
Okuwdan soň Şatlyk Aýnabadyň gatnaýan ýolunda söýgüli ýaryna garaşdy. Ençeme wagt geçenden soň Aýnabat geldi. Ýigit gyzyň ýanyna baryp, tolgunyp, çekinip gepledi:
-Salam!
Aýnabat onuň ýüzünede seretmän gaharly jogap gaýtardy:
-Näme, salam bermek, gaýtjak bolup durkaň ýadyňa düşýärmi?!
Aýnabadyň bu sözleri, öňelem aýtjak jümlelerini jemläp bilmän, aljyrap duran ýigidi hasam aljydarýar.
-Ýok, öňelem ýadyma düşýär ýöne...
-Aý, oglan, beýdip sakawlap durmada näme aýtjak bolsaň çaltyrak aýtsana!
-Meniň aýtjak zadym...meniň aýtjak bolýan zadym...ýaňja gowy aýdym aýtdyňyz.
-Aý oglan, o näme etdigiň boldygy?! Bütin krusdaşlarymyň öňünde masgara etdiň-ä meni.
-Şol aýdymy saňa bagyşlap ýazdym-da.
-Maňa aýdym ýazma indi. Özem beýdip köçede görene masgara bolup duruzmajak bolsaň ýolumdan sowul. Ýaňjar-a krusdaşlaryma masgara etdiň, indem ile gürrüň boljak bolýaňmy?
Aýnabat gaharlanyp ýigidiň deňinden geçip gidýär. Şatlyk bolsa ondan öýkeläp hüňürdeýär:
-Beýlede bir gaharjaň, utanjaň gyz bolar oguşýa. Men-ä oňa kalbymdaky duýgularymy beýan edýän. Olam gaýta masgara etdiň diýýär. Il näme? Il agzyny ýygyp, tabak agzyny bogup bolasy ýok-la.
***
Şatlyk Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatorýasynyň içine gireninde Merdan bilen Aýnabadyň bileje gürleşip, gülişip duranyny görüp olaryň ýanyna bardy. Dosty Şatlygy görüp Merdan gaçyp gitjek bolýar emma, Aýnabat Merdanyň elinden çekip saklaýar. Şatlyk:
-Salam, Merdan, gowymy dost? Aýnabat, ýagşymy ýagdaýlaryň?! - diýip, olar bilen mähirli salamlaşýar. Aýnabat:
-Salam, oňat, özüň gowmy?! - diýip, zordan onuň salamyny alýar. Merdan hem:
-Salam - diýip, pessaý seslenýär. Şol pursat Aýnabat aýgytly gürrüňe geçýär:
-Dostuňdan gaty görmeseň Merdan saňa bir zat aýtmak isleýär. Merdan, aýtda!
Merdan aýtmaly zadyny aýdyp bilmän dymyp dur. Oňa derek Aýnabadyň özi seslenýär:
-Ony saňa öň aýtmalydyk welin, dostuň şu wagta çenli aýtmanyna menem haýran galýan- diýip, Merdana kinaýaly seredýär. Şatlyk geňirgenip:
-Näme aýtmaly, tolgundyrmaňda aýdyňda- diýeninden soňra Aýnabat:
-Men aýdaýmasam, Merdana aýtjaga meňzänok. Biz öňden bäri birek-biregi gowy görýäs. Merdanam meni, menem Merdany halaýan - diýeninde, Merdan duýdansyz loh-loh gülýär-de, şeýle diýýär:
-Muny saňa aýtjak bolup ýördim, ýöne sen diňlemediň-dä. Aýnabatdan başga-da gyz kän-ä dost!
Şatlyk bu sözleri eşidip ýüzi gyzaryp gitdi. Merdanyň sözlerime Aýnabat hem ýuwaşja kikirdäp gülýär. Merdan bilen Aýnabat, Şatlygyň üstünden gülýärler. Merdan:
-Munuň bolup durşyna sered-ä . Beýdip agaç ýuwdan ýaly bolup durmada, syrly söýgi sazlaryňy siňdirmäne özüňe söýgi tapyn.
Şatlyk gaharyny zordan saklaýar. Merdan bilen Aýnabat gülüşip synp otagyna girip gidýärler.
***
Şatlyk tisginip düýşünden oýandy. Ol:
- Bäh, gorkunç düýş eken-aý. Hernä düýş bolup galsynda - diýip, telefonyny açyp sagada seretdi. Sagat iki bolupdyr. Düýşündäki wakalar onuň aňynda zol-zol gaýtalanyp durdy. Ol düýşüni unutjak bolup daşary çykdy, ýüzüni ýuwdy. Ýöne şonda-da düýşüni unudyp bilmedi. Ahyry ol agyr hyýallar bilen daňa golaý ýatyp galdy.
***
Şatlyk bilen Merdan ýokary okuw jaýyna golaýlaşdylar. Birdenem Merdanyň telefonyna jaň geldi. Merdan telefonyny alyp:
-Alo..Salam...Howwa gowy özüň gowumy...Menem ýetip barýan şu wagt, sen geldiňmi...Azajyk garaş, ine bardym- diýip, howlukmaç ýokary okuw jaýyna haýdap barşyna Şatlyga gaňrylyp:
-Şatlyk, sen baryber dost! Meni gyssanmaç biri çagyrýar - diýdi-de, konserwatoryýa tarap eňdi. Ol howlukmaç haýdap barýarşyna kisesinden bukja gaçanyny hem duýmady. Şatlyk onyň yzyndan:
-Dost, bir zadyňa gaçyrdyň! - diýip, gygyranyny hem eştmedi. Şatlyk bukjany eline aldy. Bukjanyň daşynda "Aýnabatdan aşygyna hat" diýen sözler ýazylgy durdy. Şatlygyň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Iliň hatyny okamagy halamaýan bolsa-da, bukjany açyp ondaky haty okaman durup bilmedi. Hatda şeýle setirler bardy.
Bagtyň gujagyna alyp gitmäge,
Ezizim, sen gerek, sen gerek maňa!
Durmuş synaglaryn ýeňip geçmäge,
Ýalňyzym, sen gerek, sen gerek maňa !
Bilibili gonmasa, saralar güller,
Kalpda yşkym köräp barýar gün-günden,
Garaşman geçip dur gyssanmaç günler,
Henizem sen gerek, sen gerek maňa!
Diýilmedik sözlem didede galdy,
Gelsene, ide-de, nirede galdyň?!
Ýalňyz men, garaňky gijede galdym
Gündizim, sen gerek, sen gerek maňa!
Kyn günde, her günde bolup seň taýyň,
Ömrüň soňna çenli barmana taýyn.
Ümmülmez asmanda Güneşim, Aýym,
Ýyldyzym, sen gerek, sen gerek maňa!
Gaharlanma aýdan ýygra sözlerme,
Söýgimi okarsyň baksaň gözlerme,
Mundan artyk aýralyga döz gelmen,
Ýalňyzym, sen gerek, sen gerek maňa!
Bu hat Şatlygy otdan alyp suwa oklady. Onuň gözlerinden biygtyýar ýaşlar döküldi. Şatlyk ajy gözýaşlara bogulyp, haýaljakdan ýöräp zordan ýokary okuw jaýyna girdi. Görse Merdan bilen Aýnabat bileje gülişip, gürleşip durlar. Edil düýşündäki ýaly. Şatlyk olara garap içini gepletdi: "Allajanlarym edil düýşimdäki ýaly-da. Düýşüňde gören zatlaň huşuňda-da, gaýtalanýar diýseler ynanmaýardym. Bir şahyrda şeýleräk setirler bardy, "Ýatsakda görýäris täsin düýşleri, //Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi". Hakykatdanam, düýşler biziň geljegmiziň ilçisi ekeni. He-eý, gadyrdan dostum! Size Aýnabat bilen asuda, agzybir, bagtyýar durmuş arzuw edýän. Allajan ýoluňyzy, bagtyňyzy açyk etsin. Tä ömrüňiziň ahyryna çenli erkana ýurdumyzda erkana, bagtyýar döwran sürüň!"
Şatlyk gam-gussalara gaplanyp synp otagyna girdi. Soňra Atajan mugallym geldi:
-Salam talyplar!
-Salam, mugallym!
-Oturyň talyplar. Talyplar, şu gün agşam meniň otuz bäş ýaş toýumy has ulydan belleýäs. Siziň hemmäňizi doglan günüme çagyrýan!
-Doglan günüň gutly bolsun, mugallym, hökman bararys!
-Hökman geliň. Gelmedik talyba "gelmedi" goýjakdyryn.
Talyplar bu degişmä hezil edip gülüşdiler. Diňe Şatlyk gülmän, dymyp otyrdy. Ahyry ol saklanyp bilmän ýerinden turdy. Şatlyk:
- Mollum, eger mümkin bolsa şu wagt juda gynançly "aýralygyň aýdymyny" aýdasym gelýär. Rugsat berseň aýdyp beräýeýin.
Atajan mugallym Şatlygyň duýdansyz seslenmesine geňirgenip:
-Bolýar aýdaý, aýt! - diýip, gulaga öwrülip onuň aýtjak aýdymyny üns berýär. Şatlyk Aýnabadyň garaja gözlerine seredip "Aýralygyň aýdymyny" aýdýar.
-Paraladyň kalbymy,
Harladyň hyýallarym.
Geçdi söýgi salgymy,
Ýapyk saňa ýollarym.
Neçün meni söýmediň?
Birje hoş söz diýmediň,
Öň halymy duýmadyň
Indi hem duýaýmagyn.
Ynsan kalbyny jeňde,
Goýup bormy eýsemde?
Indi meni söýseňde,
Söýýärin diýäýmegin.
Bakma gözde ýaşyma,
Gyýylma aglaýşyma.
Besdir, girme düýşüme,
Armanda goýaýmagyn.
Indi söýseňde çyndan,
Saňa ynanmaryn men,
Yza dolanmaryn men,
Özüňem geläýmegin.
Söýmegin, söýäýmegin.
Hemmeler haýran bolup Şatlygyň ýüzüne seredişdiler. Şatlyk bolsa şol pursat gam-gussalara gark bolup synpdan çykyp gidýär. Beýlekiler onuň yzyndan seredişip galýarlar.
***
Aýnabat Şatlygy gözläp-gözläp zordan seýilgähiň içinden tapdy. Şatlyk pynhan oturgyçda bukulyp, gynanyp otyrdy.
Aýnabat:
-Salam! - diýip, onuň ýanynda oturdy. Şatlyk:
-Näme salam bermek şu wagt ýadyňa düşdümi? - diýip, öýkeli hüňürdedi. Aýnabat onuň sözlerine çalaja ýylgyryp:
-Bolan bolşuň nähili, oglan! Şu gün saňa bir zada bolýar- diýýär. Şatlyk şol wagt:
-Bolşum, görşüň ýaly. Hiç zadam bolanok, maňa azar bermäň - diýip, gaharly gepleýär. Aýnabat: -Onda näme bukulyp öz-özüňi gynap otyrsyň. Ýa biri göwnüňe degdimi? - diýip, oňa göwünlik bermek isledi. Şatlygyň bolsa kinesi köşeşer ýaly däldi:
-Howwa, biri göwnüme degdi. Özem sen degdiň göwnüme- diýdi. Aýnabat:
-Wiý, düýnki aýdanlaryma öýkeläp şeýdip otyrmyň. Göwnüňe degen bolsam, bagyşla! -diýip enaýyja ýylgyrdy. Şatlyk:
- Bolýar, bagyşladym, bar gitsene! - diýip kinaýaly gepledi. Aýnabat:
-Wi, nirä gideýin men? - diýdi. Şol wagt bir ýerlerden Merdanam peýda boldy. Şatlyk Merdany görkezip:
-Hana, öz söýgüliň ýaryň ýanyna git-diýdi. Merdan hem olaryň ýanyna gelip dost bilen degişmek isledi:
- Şatlyk, näme bolýar dost saňa! Gyzgynyňa galaýan däldir.
Şatlyk onuň sözlerine hasam gaharlanýar:
-Howwa gyzgynym galdy. Aýralyga duçar boldum. Däliredýäňiz meni, öz günüme goýuň. Gaýrat ediň! - diýip, birden gygyrmaga başlady. Aýnabat:
- O näme diýdigiň boldygy? - diýip, Aýnabat onuň sözlerine geňirgendi. Merdan hem:
-Biz saňa näme etdik? - diýip sorady. Şatlyk kisesindäki haty Merdanyň ýüzüne zyňyp göýberdi:
- Mundan beter näme etjek?
Merdan haty ýerden göterdi. Merdan haty okap:
-Bu haty hälden bäri gözläp ýörnä "mende" diýip aýdaýmala dost! - diýip Şatlyga seredip ýylgyrdy. Şatlyk:
-"Dost " diýme maňa . Sendenem bir dost bolarmy? Hana söýen ýaryňy al-da, bagtly bol. Ýöne maňa dost diýme. "Men Aýnabady halaýan" diýip öňden aýdardyň dost bolýan bolsaň - diýip hasam gaharlandy. Şatlygyň bu sözlerine Merdan bilen Aýnabat hezil edip gülüşdiler Merdan:
- Dost, sen bize ýalňyş düşündiň - diýdi. Şatlyk:
- Ýok, men gaty dogry düşündim - diýip, dostunyň sözüni ret etdi. Merdan:
-Ýok, sen, ýalňyş düşünipsiň - diýip ol düşündirmäge başlady - Aýnabat ikimiziň aramyzda asla söýgi gatnaşyklary ýok. Sen nämeler diýip dursyň. Özem şu hat bar-a. Şu haty saňa Aýnabat ýazdy. Maňa-da "Haty Şatlyga gowşuryp ber!" diýip, haýyş etdi. Men başga gyzy halaýan. Onuň ady Bägül, krusdaşymyz...
Bu sözlerden soňra Şatlygyň ýüzi ýagtylyp gitdi:
- Şeýlemi ýa?! - diýip, dostuna ýylgyryp garady. Merdan:
-Howwa, şeýle! - diýip, onuň sözüni makullady. Şatlyk :
-Adam çig süýt emendä. Öz jana-jan dostuna-da, mähriban ýaryna-da müňkürlik edip bilýär. Meni ,bagyşlaň! - diýip, olardan ötünç sorady.Merdan:
-Men-ä bireýýäm bagyşladym - diýip, Aýnabada seretdi. Aýnabat :
-Menem bagyşlap goýberdim - diýip, Şatlyga seretdi. Olar biri-biriniň ýüzüne seredişip, hezil edip gülüşdiler...
Aradan kän wagt geçmänkä Şatlyk bilen Aýnabadyň toý sähedi bellendi.
Gerçeknazar AMANNAZAROW.
4 |
3 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Oldlar barmy bärde Perman, Wonderfu, Pälwan pro, We pro, Nowça haýsylarny tanaýaňyz?...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Men gitsem ýatlajak köfdir. 5ýyl geçsede adymy unutmoýanla bargy...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar... Hiç kim!...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
🙂mnä unuduldum bir wagtky aýdymcy_jemile unuldt🙂...dowamy...