Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hoşowaz /ariýa/
Premium
 BAYOGUL [off]
 14.05.2024 / 12:23
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Tün. Köze gorsalan demir şar mysaly ot-gyzyl Aýyň öňünde çal bulutlar at salýar. Deräň içi bilen owunjak çaglyň arasyndan süzülip, obany ikä bölýän derýajyga sepleşýän çeşmäni ortalap, ala-pagşyldy bolup ýokary dyrmaşyp gelýän ýaş ýigdiň gözi yzynda. Demi-demine ýetenok. Çeşmäň buz ýaly suwudyr gijäň çigregi ýülügiňi doňduraýjakdan. Gaçgagyň yzyny kowup gelýän zad-a ýok. Öz aýaklaryndan gaçyp barýan dek iki ädip, bir ýykylyp derä golaýlady. Hereketlerinden çen tutsaň-a, azaşana-da meňzänok. Bu ýerleriň çöpüne-çörüne, her damja suwuna belet bolarly. Ýa adama howsala düşende ýol saýlamak ýeňil düşýärmikä?
* * *
Köçäň başyndan “Tiz kömek” ulagynyň "gözlerini" lypyrdadyp gelýär. Ýöne ol yşykda hiç hili medet-nejat alamatlary ýok. Hat-da obaň üstüne abanyp duran gara bulutlaryň kölegesinem ýagtyldyp bilenok.
Ulag ýakynladygyça obany gap bilinden kesip geçýän derýajygyň alkymyndaky jaýyň ahy-nalasy hasam möjügip, asmana göterilýär. Ol nagra jaýyň depesine degäýjek bolup duran gara nägehan çala gobsunan ýaly edýär-de, ýene oljasyny peýleýän äpet gara möý ýaly sarsman dur.
* * *

Tomus dynç alyşa çykylansoň, şäheriň ýüki ýeňläýdi. Dogry-da, bu yssyda şäherliler salkynjak sürenlerine sümüp, Günüň howry ýatyşýança meýdan ýüzüne çykanoklar. Diňe talyplar ýörmejekläp ýörendir.
Kemine bilen Atamyrat köçesiniň çatrygyndaky ýaşaýyş jaýynyň ikinji gatynda biziň sümelgämiz ýerleşýär. Dürli ýokary okuw jaýynda okasagam obadaş bolanymyzdanmy bir maşgala ýaly agzybirje ýaşaýas öz-ä. Özem, eýýäm dört ýyldan bäri.
Tehniki ugurda okaýan ýoldaşlarymyzyň synaglary biraz ir tamamlandy. Akademiki wokaldan tälim alýan Lukman bilen men birnäçe gün eglenmeli bolduk. Ýogsa-da, men – Ozan, lukmançylyk institutynyň talyby.
Adymyzy çalyşsak, tüýs öz işimiziň pro-sy boljak ekeni-gaý, hä? – diýip, gözlerini ýumup, gulaklygynda ýaňlanýan saza melul bolup oturan ýoldaşymyň egnine kakyp goýberdim. Içim gysyp ölüp barýan.
Olam, näme soralanyna-da üns bermän “Yhym” diýýär-de, ýene gözlerini ýumaýýar.
Howa yssy bolansoň günde iküç gezek suwa düşüp jan saklaýmasaň çydar-eder ýaly däl. Eýýäm näçe wagtdan bäri kondisionerden arz etsegem, syrnyh öý bikesi, “Ine oňartdym-ana oňartdym” bilen tomusa-da ýetirdi. Henizem derek ýok. Aý dolmanka jaň edip kireýi sora diýseň muňa...
Lukman ýuwunylýan otaga girip, endigine görä ýiti sesli italian operasyny açdy. Öýdäki ýekeje gözgüli elýuwaram ýuwalgada bolansoň, hammamyň gapysyny kiltlemän, nowanyň üstünden asylan ýüzüne kiçijek delfinleriň suraty basylan tutyny syryp ýuwunmaly bolýar. Bu – biziň göçüp geläýen wagtlarymyz tapan ilkinji çärämiz.
Lukman towşan tüýli, ümsümje oglan bolansoň, oň bilen ýaşamak hezil. Sesinden beter elem süýji zaňňaryň. Diňe ýuwunýan wagty goşulyp gygyrýan aýdymlaryny diýmeseň...
Bir gyldan bezenip, atyr sepinip, saçymy daramak üçin ýuwalga girdim. Lukmany gaharlandyrmak üçin aýdymy öçürdim. Ol suwy ýapyp, bir mütdet dymyp durdy. Bu onuň mazalyja gaharlanandygy.
Boldy-boldy, açýan ine, hehe!
Aýdymy açyp, çykyp gidiberjek bolamda, kellämde bir mekirje pikir çakyp gitdi. Usuljyk bilen tutyň çetinden elimi sokup, suwakaryň nurbatyny ters tarapa towlap gaçdym. Lukman sowuk suwa ýuwunmagy gowy görerdi...
* * *
Çeşmäň şybyrdysy, çyrlagyň, gurbaganyň, gije aw edýän guşlaryň ganatynyň sesinden emele gelen gijeki simfoniýany bozýan ýekeje nota bar – suwda ädilýän emelsiz ädimleriň pagşyldysy. Her gezek ýykylanda owujyny dolduryp buz ýaly suwa birde ýüzüni çaýsa, birde owurdyny çaýkap kepän damagyny öllejek bolýar. Bokurdagyndan aňryk eýýäm näçe gün bäri, arassa dag howasyndan başga geçen zat ýok. Deräň eteginden giriberende garry çynaryň düýbünde Aý yşygyna gözlerini ýyldyradyp çebşejigini emdirip oturan çal towşany görüp sägindi. Towşanyň gözleri gan çaýkalan ýaly dym-gyzyl. Özem näme üçindir gaty tanyş görünýär.
* * *
Ak mütgele dolanan ýigidi getirip huşuny aldyran ýaly bolup oturan enäň öňünde emaý bilen ýatyrdylar. Onuň gözünden balasy heniz ýüreginiň düýbündekä emaý bilen garnyny sypaýşy, gujagyndan düşürmän gezişi, arkasyna hopbalap aýlanan günleri geçip gitdi. “Garnyňda götereniň ýetmedimi, goýber, çagaň dabany ýer ysgasyn ahyry” – diýselerem, ýeke perzendini ýere-göge dözmezdi. Indi bolsa ony tüýs men diýen ýaşda hemişelik ýere bermeli boljak. Ol kimiň başyny dyzyna goýup, gara saçlaryny sypar? Kimiň aýdymlaryna goşulup hüwdä hiňlener?
Şu pikirleriň ählisi birden depesine uran dek ene bileklerine, çiginlerine, dişiniň ýeten ýerine agyz urup, gara gana beslenip oglunyň üstüne bagryny berdi. Mütrük mysaly ýapyşyp ýatyberdi. Ýigdiň dolanan matasy dem salymda jowur-gyzyl boldy. Ölüm habaryny eşideli bäri mürşerip, kündüge dönen enäň bagryndan şunça gan çykar diýseň kim ynanar.
Birdenem mütgelden mäkäm penjeläp ýatan ýumruklar ýumşady. Şol pursat şeýle bir tarkyldap gök gümmürdedi welin, enäň ruhuny götermäge Hudaýyň özi ýere düşen ýaly zemin lerzana geldi. Daşarda dymyşyp duran erkeklere derek ulaglar ses edip ugrady. Enäň yhlasyna müňkürlik edip, ikibara hyşy-wyşa uran heleýler ýetişibildiginden ýakalaryna ýapyşyp içlerine tüýkiriberdiler. Tomsuň ortasynda çakan ýyldyrym, gündogardan salan gyljyny günbatara syryp gara buludyň bagryny parran dildi. Birdenem çelekläp eňterlen ýaly sil guýup ugrady.
* * *
Öýe dolanamda bir gat aşagymyzdaky goňşymyz gapyny döwere getirip sesiniň ýetdigine gygyryp duran ekeni.
- Wot gde, on, brodýaçiý kot? Gulýaýet s utra, do weçera – öňi soňy ýeke sözünede düşünmeýänime düşünendir-dä, başardygyndan türkmençeläp ugrady, - suwy açip gitdi, hemmäni çökdürdi. Saçi daradi, duhi pürkdi, gitdi, gyzlar bilen aýlandi. Sen utanaňok? Budu žalowatsýa. Zwanýu milisiýu, pust wygonýaýet was na...
Gapyň eteginden syzylan suw basgançakdan syrygyp ugrady. Goňşyň sözlerine jogap bermän hasyrdap gapyny açmaga durdum. Gygyrýan-gygyrýan, Lukmandan jogap ýok. Oňa derek henizem şol aýdym ýaňlanyp dur. Şol gün teatrda hemmäni ör turuzan aýdym.
Lukmanyň talaby bilen teatra ýoldaş bolup gitdim. Gönimden geleýin, men bu opera-beýleki diýilýän zada düşünemogam, halabam baramok. Maňa rok diý-rep diý, başga gürrüň. Ýöne, ömür adama haýyş bilen ýüz tutmaýan adam şol gün meni mejburlap diýen ýaly äkitdi. Dogrusy konsertiň ýarsyna çenli zordan çydadym. Tasdan çykyp gidipdim. Aýdymçylaryň şaňňy sesleri gulak perdämi deşere getirdi. Lukmanyňam gaty bir göwnüniň suw içmeýändigi ýüzüne ýazylgy. Birdenem ürküzilen garasar sürüsiniň pasyrdysy ýaly el çarpmalara aýagyny goşup pessejik boýly, ýüzi sugun nikaply zenan sahna çykdy. Onuň aýal maşgaladygynam aýdyma başlansoň sesinden çak urdym. Ýoldaşyma seretdim welin, ol eýýam gözlerini lowurdadyp oturan oturgyjynada galtaşman howada magallak halda oturan ýalydy. Diline düşünmesemem aýdymyň öňkülerden düýbünden tapawutlanýandygyny hatda menem duýup bildim. Ýöne ikinji bende geçende neneň-niçik gözüm gidipdir. Şojagaz irkilen aralygymda düýşem görüp ýetişenime geň galaýmaly: Höwürtge. Iki sany gyzyletene jüýje, birem ýaňy böwri deşilen çalymtyk reňkli ýumurtga. Jüýjeleriň ekabyrragy gorsana-gorsana ilki beýlekisini soňra ýumurtgany höwürtgeden gaçyryp, sarysy gitmedik agzyny hatap ýaly açyp, sesiniň ýetdigine çygyryp ugrady.
Düýbünden opera mahsus bolmadyk saza oýandym. Ilki eýýäm aýdymçy çalşandyr öýtdüm, seretsem çepiksije sugunjyk henizem sahnada. Saz haýýallandan ol kiçijik göwre özünden çaga agysyna çalymdaş şeýle bir sesler çykaryp başlady welin, ör turup el çarpjak bolýan ýaly saçlarym, ellerimiň tüýleri syh-syh boldy. Oslaman durkaň inçejik iňňildini erkek kişiňkä meňzeýän ýogyn sese şeýle bir ussatlyk bilen çalşyp goýberýär welin, nikabyň aňyrsyndakyň zenan maşgaladygyna ikirjiňlenip ýetişmänkäň ýene başdaky näzik sesine dolanyp, kapillýarlaryňy yzarlap ugraýar.
Aýdymdan soňky şowhun başdakynyň çeni-çaky bolmady. Režissýorlardyr operatorlar her näçe tomaşaçylary köşeşdirjek bolup ellerini kelemenletselerem mähelläniň gara çyny. Kimi öýkeninde baryny edip sygyrsa kimi berekellasyny ýetirip gygyryp dur. Gözüne elini ýetirýänlerem az däl. “Bu näme boldugy” diýen terzde Lukmana seretdim.
- Jeýlan – Hoşowaz.
Bar ýer şalpy-şaraň. Hammamyň aýnasy bugaryp gidipdir. Diwaryň ýüzünde asylgy suw gyzdyrýan çelegiň nili gögeripdir. Suwakardan buz ýaly suw akyp dur. Howlukmaçlyk bilen tutyny syramda tas ýüregim perdesinden gopupdy. Nowaň içinde duw-ýalaňaç bolup ýatan Lukmanyň bedenini ýaňy ýumurtgadan çykan gyzyletene jüýjeden parhlar ýaly däl. Gapydan kellesini sozup duran goňşymyz gygyrýa:
- Ço tam?
Gaty gorksamam, uzak durman lukmançylyk instinkti bilen suwy ýapyp ilkinji kömegi berjek boldum. Lukmanyň gaýnag suwda uzak ýatan teni tutan ýeriňden düýrlenip-düýrlenip eliňe gelip dur. Edil ýaňyja sypap gaýdan näzeninimiň bedenindenem näzik. Meýit kesip ýören adam bolsam-da bu ýagdaý erbet ýüregimi bulady.
- Bože moý! – goňşy aýalyň geleninem duýmandyryn. Essinden agyp olam iş boljakdy. Biraz aýňalansoň – skoruýu çagirmaly. Polisiýa jaň etmely.
“Tiz kömegiň” yz ýany hukuk goraýjy edaradan birmeňzeş geýinen dört sany wekil geldi. Bir ýerlerden syrnyh kempir peýda boldy.
-Men gelsem şular ýaly ýagdaýda ýatan eken. Saset şaýat. Skažyti ih, skažyti!
Goňşy aýal bolsa-da sözlerimi tassyklady. Şeýdibem, bagtsyz hadysa hökmünde hasaba alnyp iş ýapyldy. Ýöne...
* * *
Çebşejik ýetişibildiginden şapbyldadyp emip durşuna emzikden agzyny aýyrma gözüniň gyrasynda gaçgaga seretdi. Onuň göwnüne bolmasa körpeje birtüýsli aglamjyraýan ýalydy. Ol ony köşeşdirjekden bolup öňe omzanda ene towşan çagasyny penalap syrtaryp durdy-da uzyn-uzyn uwlap goýberdi. Onuň sesi uwlaýana däl-de şirwan perdä galýan italian aýdymçylarynyň sesine meňzeşdi. Sese bu ýerden uzak bolmadyk tokaýdan yzly-yzyna jogap geldi.

© Umyt KÜLE


115

9

1

6

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bagul [off]
 17.05.2024 / 04:47

+0

Gowy mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика