“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : yalan bilen baslanan durmysh koksiz agac mysaly

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gysgajyk gorkunç hekaýalar
 Öwreniji
 Ahmal [off]
 11.05.2026 / 22:07
 Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görünişiň ýaly bol

Bellik: 20 ýaşdan kiçilere maslahat beremok,

Terjime eden: Serdar Ataýew

Perişdäniň heýkeli

Bir gezek är-aýal ikisi täze çykan kinofilme tomaşa etmäge gitmekçi bolupdyrlar-da, çagalaryna esewan bolmak üçin öýlerine jaň edilip çagyrylýan enekäni çagyrypdyrlar. Kinoteatra gitmänkäler olar çagalaryny düşege salyp ýatyrypdyrlar. Şonuň üçinem ýaşajyk enekä diňe öýde oturyp, birdenkä çagalar oýanaýsa olara göz-gulak bolmak ýeterlik ekeni. Är-aýal gidenden soň kän wagt geçmänkä eneke-gyzyň içi gysyp başlapdyr we ol güýmenmek üçin telewizora tomaşa etmek isläpdir. Onsoň ol är-aýalyň birine jaň edip, telewizory açmaga rugsat sorapdyr. Elbetde är-aýal enekä rugsat beripdirler. Emma, eneke ondan soňam aragatnaşygy kesmän, özüniň ýene-de bir haýyşynyň bardygyny, ýagny penjiräniň aňyrsyndan görünýän perişdäniň heýkeliniň ýüzüni nämedir bir zat bilen örtmek isleýändigini aýdypdyr. Sebäbi perişdäniň heýkeli ony birhili haýykdyrýarmyş. Eneke bu towakgasyny aýdanda telefonda az salymlyk dym-dyrslyk emele gelipdir. Soňam birdenkä eneke bilen gepleşýän çagalaryň kakasy howsalaly ses bilen: -Çagalaram al-da, gaty çalt öýden gaç...Biz häzir polisiýa jaň edýäris. Biziň howlymyzda perişdäniň heýkeli ýok!-diýip tiz-tiz gepleýär... Emma... Polisiýa-da, enekede ýetişmeýärler... Är-aýaldyr, polisiýa işgärleri ol salga gelenlerinde öýden hemmeler yzsyz-tozsyz ýom-ýok bolupdyr. Çagalaram, eneke-de, perişdäniň heýkelem...

Fotolenta

Fotografiýa sungaty bilen meşgullanýan bir gyz, agşamara we daň säherde tokaýyň üstünde şapagyň emele gelşiniň suratyny almak üçin tokaýyň jümmüşine syýahata gidip, şol ýerde-de ýeke özi gijesini geçirmegi ýüregine düwüpdir. Ol öňem birnäçe gezek daglara, çöllere, sähralara ýekelikde syýahat edip ýörendigi sebäpli gije tokaýda galmakdan dynnym ýalyjagam eýmenmeýän ekeni. Ol iňrik garalmanka tokaýa baryp, göwün isleýşi ýaly tokaýda agşam şapagynyň, agaçlaryň, otlaryň, çeşmejigiň suratyny alyşdyrypdyr. Gün ýaşandan soň bolsa çadyryny gurupdyr-da, naharyny edinip ýatypdyr. Ertesi günem ir bilen turup, säher şapagynda tokaýyň suratyny alyp, dört tegek lentany suratdan doldurypdyr. Emma, haçan-da suratçy gyz öýüne gelip, düşüren suratlaryny çykaranda elheder almakdan ýaňa onuň ýüregi agzyndan çykara gelipdir. Dört tegek lentanyň hemmesiniňem iň soňky kadrynda, gijäniň içinde onuň özüniň parahat uklap ýatan suraty bar ekeni...

Yzly - yzyna, dört gezek

Ýaş gyz ýarygijeden soň oýandy. Däliziň alys çüňkündäki iş otagyndan nähilidir bir düşnüksiz hem ýakymsyz çybşyldy eşidilýär. Ol oýaly-ukuly halda ýatyş sekisinden turdy-da, aýakýalaňaçlygyna şol tarapa ugrady. Iş otagyna girende-de otagyň ortarasynda aýbodgaşyny gurup, iki ýana yraň atyp oturan merhum kakasyny görüp, zordanjyk çirkin ses bilen gygyrman saklandy. Haçan-da, kakasy ýerinden turup, hemişeki oturýan kürsüsine geçende bolsa, ol özüniň nädip, gözlerini pugta ýumup, ulili bilen gygyryp başlandygynam duýman galdy. Gijeki jaň Ýarygijeden agyberende köp gatly jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýan onuň gapysynyň jaňy basyldy. Yzly-yzyna ýaňlanan dört sany gysgajyk, çürt-kesik jaň ony oýardy. Emma, ol oýansa-da, gaharlanyp, bimahal çak bimaza edýän kimem bolsa oňa gapysyny açmady. Onsoňam ol hiç kime garaşmaýardy. Ertesi gün ýene-de şol düýnki wagtda ýene-de dört gezek yzly-yzyna onuň işiginiň jaň düwmesi basyldy. Bu gezek ol özi bilen şeýle gödek oýun etmäge het edýäniň kimdigini bilmek üçin tarsa ýerinden turdy-da, gapa bardy. Onuň gözünden yşyklap, basgançak meýdançasyny synlady. Ol ýerde hiç kim ýokdy. Gündiz ol işdeş dostlarynyň ýanynda degşip öten agşamky wakany gürrüň berdi we megerem, iki gije yzly-yzyna öz bosagasyna ajalyň gelendigini, emma ahyry özüniň gelmeli salgysyny ýalňyşandygyny anyklap, yzyna gidendigini aýdyp, çylkasyz, ýuwanjak henek eden boldy. Üçülenji gije onuň ýanyna dosty görme-görşe geldi we olar gije ýarymdan agýança mesawy gürrüň edip oturdylar. Şol pillede, ýene-de düýnki wagtda, edil öňküleri ýaly yzly-yzyna dört gezek jaň kakyldy. Bu wakadan habarly dosty: -Hany, şu bolgusyz oýunbaz bilen menem gabatlaşaýyn-la!-diýip öý eýesinden öňürti gapa ylgady. Barşyna-da gapyny açyp, çykyp gitdi. Şol hem öý eýesiniň dostuny gören iň soňky gezegi boldy. Sebäbi ol ylgap howla çykanda aňyrdan bat bilen gelen ulag ony süsüp, ol şol duran ýerinde aradan çykdy. Şondan soň gijeki jaň kakylmasy kesildi. Diňe, şol wakadan soň bäş ýyl geçip, öten gije, ýene-de onuň gapysynyň jaň düwmesi basyldy...

5-e çenli

Bir gezek gyşda alpinistleriň gurnagynyň agzalary bolan dört sany talyp, dagda azaşyp, gar syrgynyna sezewar bolupdyrlar. Syrgynda ser-sepil bolup ýörüşlerine olar ahbetinde haýsydyr bir taşlanan we boş jaýyň üstünden barypdyrlar. Onuň içinde ot ýakynyp, ýylynar ýaly hiç zat ýok ekeni. Onsoň ýigitler eger-de şu ýerde uklaýsalar özleriniň doňup galjakdyklaryna düşünipdirler. Onsoň olaryň biri ýatmazlyk we doňup galmazlyk üçin şeýle teklip edipdir. Olaryň her biri jaýyň bir künjün geçip durmaly. Onsoň olaryň ilki biri ylgap beýleki talybyň ýanyna barýar-da, ony itýär. Onsoň itilen talyp üçünji talyba tarap ylgaýar we ş.m.. Eger-de şeýdip olar hereketde bolsalar, daň atýança olar uklamazlar we ylgap, derläp, üşemezler. Aýdyldy gutardy. Talyplaryň her haýsy jaýyň bir çüňküne geçipdirler-de, ýaňky teklip edilişi ýaly biri-birine garşy gezekleşip ylgap başlapdyrlar. Ertesi gün irden bolsa olary halas edijiler tapypdyrlar. Haçan-da talyplar özleriniň nädip sowuk gijeden otsuz-beýlekisiz doňman çykyşlaryny gürrüň berenlerinde, halas edijileriň biri olardan sorapdyr: -Eger-de jaýyň her çüňkünde bir adam duran bolsa, onda iň soňky, dördünji talyp dördünji çüňke ylgap barandan soňra ol ýerde iteklär ýaly adam bolmaly däl ahyry. Onsoň siz nädip uzak gijeläp durman ylgap geçdiňiz? Bu soragy eşiden talyplaryň zähreleri ýarylypdyr. Olar biri-birine gözlerini petredişip seredişipdirler. Çünki olar uzak gijäniň dowamynda ýeke gezegem saklanman, çüňkden-çüňke ylgap, biri-birini itekläp geçiripdiler...

Kölege

Kakasy bilen gyzy gol tutuşyp, gije toý edýän goňşularyndan gaýtdylar. Dolan aýyň süýtreňk ýagtysy köçäni ýumşak alagaraňkylyga besleýärdi. Birdenkä gyzjagaz gözlerini petredip, kakasynyň yzyna howatyrly garady-da, kakasyna gysmyljyrady. Allaniçigsi bolan kakasy, gyzyny gorkuzan zady görmekçi bolup, sakga durup, çar ýanyna ýaltaklasa-da hiç zat görmedi. -Gyzym! Nämeden gorkduň? Ýa gözüňe bir zat görnäýdimi? -Jukk!-diýip pessaý pyşyrdan gyzjagaz, henizem wehimden doly gözlerini kakasynyň arkasyna dikip durşuna sakawlady:-Gaňrylaýma, kaka! Yzyňa öwrülseň uraýmasyn! Seniň kölegäň ýeňsäňde eli paltaly dur...


95

28

4

3

2

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 11.05.2026 / 22:24

+0

Perişdäniň heýkeli diýeniň yzyny ýokmy gaty gyzyklandym şoňa


Öwreniji
Ahmal  (11.05.2026 / 22:45) 

Minigim, birinji 20 ýaşa diýmedimmi men saňa


Özümiziňki
Minigim  (12.05.2026 / 06:21) 

Ahmal, ýekäm iki ýaşjyga bolýaday men gowy görýän gowkuly zatlary seretmegi we okamagy....

 Täzeje
 enko [off]
 12.05.2026 / 10:01

+0

Gyzykly eken okadym ve yene bamy shunyaly zatlar okamana

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 12.05.2026 / 13:31

+0

Näme how çagajyklary gyzyklandyryp yzyny goýaňok? ))

Hany çalt getir, ýa özüň düz indi dogamyny... ))


Özümiziňki
Minigim  (12.05.2026 / 15:42) 

Fantom, agam çagajyklaram bamy bärde.... Ýöne dogry aýtýaň getirsin yzynam🫠

 Täzeje
 masterdollar [off]
 18.05.2026 / 17:23

-1

Birden özüň ujas bolaýma

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...

Ýatla meni...


Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Fantom (05.06.2026 / 17:14)

Ýatla meni...


Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Belki (03.06.2026 / 22:36)

Ahwal


Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Belki (03.06.2026 / 22:33)

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


okajak bolup sakowladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregimiň Sözleri❤️
tony_montana (03.06.2026 / 13:51)

Ýüregimiň Sözleri❤️


söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Emeli aň)...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Narmanny ýazö...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Şuň ýüregi näme diýýäkä? Diýip okadymda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->