Ýürekdeş sözler!
Kynçylykdan saplan
Mawy [off]
12.05.2026 / 22:34
Dymmak iñ güýçli sesdir.
KYNÇYLYKLAR BILEN TAPLAN!
Sagyňa, soluňa göz aýla, heý-de başy agyrmaýan, damary syzlamaýan adama gözüň düşdümi? Haýsy bir öýde bagry girýan dertliler ýok? Köp sanly adam bardyr, başlary agyr gündedir. Birnäçe adam bardyr, sabryna haýran galar oturarsyň. Bil, derde uçraýan bir özüň dälsiň. Gaýta, özgeleriň ýanynda ýene-de derdi egsik, gaýgysy az bende özüň bolup galarsyň. Ýyllarboýy düşekden galyp bilmän, agyrydan ýaňa perişan ýatan birnäçe adam bardyr. Ýyllarboýy gün şöhlesini görmän, dört diwardan başga zady bilmeýän zyndanda ýatan tussaglar bardyr. Ýaşlyk möwsüminde, ömürleriniň gül açan çagynda göwher jigerini ellerinden aldyran ene-atalar bardyr. Gaýgyly, bergidar, derde uçran, hasrata çümen birnäçe adam bardyr.
Kynçylyklaryň öňünde ejizleme, gaýta, olary ýeňip, özüňi tapla we beýgel!
Dünýe käte zyndan bolup görünse-de, gaýgy-hasratlaryň we külpetleriň mesgeni ýaly bolup dursa-da, ruhdan düşme. Dünýe durmuşy göz ýumup-açasy salymda üýtgäp bilýändir. Öz derdiňi özgeleriň örtenmesi a-da öňki ötenleriň agyry-derdi bilen deňeşdirip gör, olara garanyňda seniň süňňüňde dert ýokdugy äşgär bolar. Olaryň agyrysynyň ýanynda seniň çekýän bu derdiň ýönekeý bir sanjym ýaly zatdyr. Allanyň saňa mähirli bakyşyna şükür et. Özüňde ýok zada gyýylma, bar zadyňa welin şükür et. Şeýdibem, töwrekdäkilerden beýikdigiňe, sagdyndygyňa göz ýetirersiň. Pygamber alaýhyssalamdan nusga al: aýaklary ganjardy, ýüzi ýaralandy, açlyk bilen daňyldy, agaç ýapraklaryny iýip, oňňut etdi. Mekkeden kowuldy, dişleri döwüldi, päkize aýalyna şyltak atyldy. Sahabalaryndan ýetmişisi wepat boldy. Ogluny elden aldyrdy. Açlykdan ýaňa garnyna daş daňyp gezdi. Ony jadygöý, palçy, däli-mejnun, ýalançy diýip atlandyrdylar. Ol sabyr etdi, Allatagala bolsa ony bu zatlaryň ählisinden gorap saklady. Bu adam balasynyň hökmany görmeli synaglarydyr.
Musa köteklenildi (kemsidildi), Ybraýym Halyl oda oklanyldy. Dört çaryýarlar hem şol ýoly geçdiler. Görnükli ymamlaryň arkasyna dürre gamçy çalyndy. Ýagşyzadalar zyndana atyldy, asylzadalar kösendi, ýöne ählisi sabyr etdi.
Bu kynçylyklar bilen özlerini tapladylar we beýik bolup galdylar.
📚 "Gamgyn bolma!"
44 |
13 |
0 |
3 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...
Ýatla meni...
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Ýatla meni...
Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Ahwal
Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...
Ýüregimiň Sözleri❤️
söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...