Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ok(hekaya)
Premium
 BAYOGUL [off]
 16.05.2024 / 11:40
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Gijäň ýary «Lenin bagyň» gündogar burçunda bir serhoş harby işgär tarapyndan
atylan Baýrow milisgäň iň soňky gygyran sözi şü. Onuň iki gezejik ilki bogazyna
sydygyndan gygyryp, soň çala pyşyrdap «ok» diýmesinden kim many alsyn? O
manyny, bir böwründen girip, arka tarapyndan çykan okdanam eýmenç manyny
Baýrowyň bir özi bilýär. Gowsy, baryny başdan, yzygiderli düşündirmäge
çalşaýyn, eger başarsam, başarmasamam başarşymça...
Aslynda, degişli edaralar tarapyndan derrew bassyr-ýussur edilmäge çalşylan bu
wakanyň soňky nokadyny pistolediň oky goýanam bolsa, başlangyjyny anyk
aýtmak kyn. Baýrow heniz on bäşem ýaşamanka, 1938-nji ýylyň gyşynyň sowuk
gijeleriniň biri gören düýşünden başlanan bolaýmasyn diýsem, bar zat şeýle
ýöntem, edil göle çopanyna Eýnşteýniň otnositellik kanuny düşündirmäge çalyşsaň
ulanaýjak mysallaryňa, düşündirişleriňe meňzejek. Şeýle-de bolsa ol düýşi, has
dogrusy basyrganmany gürrüň bermän geçmek mümkin däl. Beý diýsem, gürrüň
berip-bermez ýaly uzyn ýa-da bulam-bujar, düşnüksiz bir zatdyr öýtmäň. Ýok,
gaýta tersine, şeýle ýönekeý, «37-nji» diýip eýmençligi bilen taryha giren ýyllarda
her ýetginjegiň, hat-da aýal-erkek diýmän her adamyň düýşünde göräýjek zady.
Şol aýazly gije Baýrowy düýşünde baglyk, agaçlyk ýerde biri atypdy. Bolany. Her
bir zat, alagaraňkyda çyraň yşygynamy, Aýyň ýagtysynamy lowurdaýan
ýapraklara çenli şeýle ayl-saýyl. Baýrawuňam elindäki ýaragynyň, özüne gönügen
niliňem ýalpyldysy bir meňzeş. Birdenem beýleki tüpeňiň nilinden ýagty ot çykyp
gidýär. Gulagyňy gapyp barýanam ses. Bu düýşüň ne öňi bar, ne-de soňy. Ýa-da
ýalňyşaýýarmykam? Üstünden on-onki ýyl geçen soň «oraşan» diýip boljak
basyrganmanyň soňy-ha anygam bar eken welin, öňüniňem bolmagy mümkin.
Ertesi ir bilen gijeki hopukdyryp oýadan, ýüregini agzyndan çykara getiren
düýşüni peçde gyzyl ot bolup ýanýan şalmanyň ýalynyndan gözüni sowup bilmän
gürrüň berende ejesi görgüli «Tüpeň habardyr. Hoş habar aljaksyň, oglum» diýip
ony gowluga ýorupdy. Kim bilýär, ejäň duýgur ýüregi dogry ýoranam bolup biler.
Aşgabatda gezelenç edilýän, dynç alynýan, duşuşylýan, gül goýulýan meşhur
Lenin bagynda bolan işe esli ýyldan soň «O düýş Baýrow üçin hakykatdanam
habar eken» diýesiňem gelip dur. Şol bir wagtyň özünde-de «On dört ýyl soňky
wakamy?» diýip, kelläňe gelen bu pikiriňi ýaňsa alanyňy duýman galýaň. Habar
boljak bolsa bir gün, bar, bir hepde öň ýanyndan bolar. Ol-a Baýrow eken, şol wagt
asla hiç kimiňem düşündirip bilmejek zadyna nädip habar diýjek? Emma
ýetginjegiň ýüreginde düýşden soň erbet gorky döredi.
Ýok, bulaşdyrýan. Hadysanyň başlangyjyny gözlejek bolsaň, belki, has aňryk
Baýrowyň çagalyk ýyllaryna gitmelidir?
Uzak gije aglap, geçiren gijesi tomusdy, onda-da «Ýaldyragyň ýangyny» diýilýän
şeýle gyzgyn – petiş bolsa demikdirip, gowrup, sähel ýaprak gymyldasa-da öwsen
epgegiň howry guradyp barýan yssy gijedi. Onuň dişi agyrypdy. Ahyry daň atdy.
Emma daňda dişe şypa barmy, Baýrawjyk ne gijäniň, ne gündiziň tapawudyny
bilýärdi. Dişiniň çişine agzy zordan açylýan çagajygyň aglamakdan ýaňa
bokurdagy gyrylypdy, kellesi berk dykylan gaty ýassyk bilen urulan ýaly güňläp
durdy. Daň atandan garryja enesi agtyjagynyň goşawuçjagazyny gyzyl bugdaý
däneleri bilen doldurdy.
- Goý, balajygym. Bibi Patma janyň ýoluna çykaly, Alla jandan dileg edeli, dişiň
agyrysy şo bada aýrylar.
Belki, Bibi Patma däldir, mümkin Paraw Bibidir – Baýrowyň anyk ýadyna
düşmezdi, ýöne kybla tarap bolaýsa on bäş-ýigrimi ädim gidenlerini anyk bilýärdi.
Dym gyzyl däneler onuň näzik aýasyna batýardy.
- Sep, oglum bugdaýlaryňy. Bismillarahmanrrahym! Emiň-ýomuň şol bolsun.
Enesem gysymndaky bugdaýy öňe serpdi. Soňam çommalyp, kündük ýaljak bolup
oturdy-da içinden az salym bir zatlar pyşyrdady, elini ýüzüne ýetirip «Allahu
ekber» diýdi. Dünýäni unudyp, ap-ak gyňaçly enesiniň hereketlerini sypdyrman
synlaýan, «et» diýenini edýän, Baýrowam eliniň aýasyny açyp, çommalyp oturdy.
Zordan dili öwrülse-de «Allahu ekber» diýip gaýtalady. Soň ol öýlerine uly ýoldan
dolanyp gelen ýaly gelenlerini, ýassyga başyny goýanyny bilýär. Oýananda onuň
dişinde sähelçe-de agyry galmandy. Şodur-şodur Baýrow asla diş agyryny bilmedi.
Ulalansoňam dişleriniň biri-ikisi çüýräp, owranyp gitse-de agyrmazdy. Baýrow
muny köp gezek, telim ýerde gürrüň beripdi. Näçe gürrüň berdigiçe-de onuň üçin
şol aladaňdanyň hasam syry artýardy. Ol syryň, syzmagyň, täsinligiň... –
düşnüksizligiň güýjüne ikirjinlenmän ynanýardy. Arwah-jyny, Ezraýyl perişdäni
edil gözi bilen gören ýalydy. Beý diýsem, Baýrow kölegesinden gorkup ýören
züwwetdindir diýibem göwnüňize getirmäň. Oglanlykda deň-duşlary-ha hasabam
däl, özünden bir-iki ýaş ulular bilenem uruşmadygy ýokdur. Sebäbi... sebäbini
aýtsam ynanmarsyňyz ol keýpine yrsarap urşardy. Näçe özüne göwni ýetýän,
ekabyr, garadan gaýtmaz oglan bilen uruşsa şonça-da keýp alýardy. Onuň üçin
ýeňmegiň-ýeňilmegiň tapawudy ýok, ýumrugyny aýlap urmakdan, gütüläp
ýumrugyň özüne degmesinden lezzet alýardy. Üstesine urşanda uruldym dýip
aglamazdy, aglaýanlaram ýek ýigrenýärdi. Emma garaňkydan welin, gyzdanam
beter gorkýardy.
Bir günem Baýrow ýaňy ýedi ýaşynyň içindekä atasyny gije tutup alyp gitdiler.
Ejesiniň, enesiniň aglaşyp, öýüň içiniň uly yzlaşyk bolany, atasynyň «Hä, häzir»
diýip, çäkmenini geýjek bolanda elleriniň titreýşi garaňky burçda galpyldap oturan
oglanjygyň aňyny agdar-düňder edipdi. Enesinden soranda-da «Ataňy atdylar»
diýdi. «Atdylar» diýen söz ýaşajyk aňdaky düşnüksizligi tertibe saldymy ýa-da hasam bulam-bujar etdimi – Baýrowyň özem bilenok. Ady Ahala ýaýran işan
tutulmazynyň bir-iki gün öň ýany gözünden ýaş döküp oturan aýalyna
«Ýazylandan gaçyp gutulyp bolmaz» diýdi. Gözjagazlaryny petredip özüne geň
galyp seredýän agtygynyňam başyny sypalap «Ýat, oglum, ukla. Şujagazlaň
görjegi bir gowy bolsun» diýende segsene golaýlan gojanyň sesi sandyraýardy.
Belki, barynyň başlangyjy atasynyň şu düşnüksiz sözlerini eşden günündedir?
«Lenin bagy nire, diş agyryny bilmeýän, uruş görse gözi açylýan, garaňkydan
gorkýan oglanjyk, onuň işan atasy, ak gyňaçly enesi nire?» diýmäň. Adamyň ömri
geçip giden ýyllar däl, ýatda galan pursatlar dälmi näme?
Soň tereziň bir gapdalynda 30 bilen 37-nji ýyl ýatyrka, beýleki gapdalyna 41
mündi. Olaryň haýsysynyň agyr gelenini bir Alla bilýär. Baýrowam şol ýyl on
sekiz ýaşady. Obada erkek göbekli bolsa topar-topar edilip urşa äkidilär. Öldi
habarlaram gelip ugrady. Baýrowdan üç-dört ýaş uly Annaberdi aýagyny aldyryp
geldi. Ol gyrgynçylygyň gürrüňini kän etmese-de ümmülmez tokaýlyklar barada
töweregi haýran galdyryp aýdýar. Baýrowyň gözünde bolsa düýşi, agaçlyk ýerde
atylyp öldürilişi.
«Gitdigim gaýdyp gelmerin. Bu gün bolmasa, ertirem alyp giderler. Çopan bolup
çöle gidäýsemmikäm? Çopanam bolsam äkiderler. Milisge bolaýsaň. Milisgä
degenokmyşlar. Üstesine iýjegiň-geýjegiň hökümediň hasabyna üpjin. Ýöne nädip
o taýyk işe girjek? Baranyň bilen alaýýalarmy? Indi ejemden, öýmüzden aýrylyp
oturbermelimikäm? Atam pahyr şo gije ýönelige «görjegi gowy bolawersin» diýip
başymy sypalan däl eken. O meň görjegimiň erbetdigini syzyp duran bolmaly. Ol
adamlaň agzyndan boş söz çykýamy?! «Menem okdan, senem okdan ölmeli
boljak» diýdigi eken.»
Şeýle pikirleri edýän ýigit gapylaryndaky bir düýp erigem esli wagtlap gözüni
aýyrman synlap oturýanyny duýmaýardy. Raýonyň milisiýasynyň naçalnigi
Harçenko diýilýäniň ýanyna-da barypdy. Orsça-türkmençe garym-gatym edip,
özüniň urşa gitse hökman öljekdigini düşündirjek bolupdy, düýşüni başly-barat
aýdyp bermäge, «neçelnigiň ýüregine rehim indermäge» dyrjaşypdy. Rehim nire?
Gaýta «Sen ýaş, urşa esger gerek» diýýä.
«Uruş turmadyk bolsa, bu wagtar eýýäm Ogulgüle öýlenerdim. Toý ederdik...»
Baýrow alaçsyzlykdan «Owf!» edip uludan dem alyp, pilini egnine atdy. Kolhozyň
ekinine suw tutmaga barýan ýigidi daňyň reňki, tämiz howa, dünýäň täsin sazy
gysyp-gowurýardy. Ol günleriniň sanalgydygyny, Ezraýylyň özi bilen tirkeşip
ýörenini şeýle anyk görüp duran ýalydy.
- Eý, Baýrow!
Baýrow tisginp başyny galdyrsa, öňünde soldat eşikli Sylap ýylgyryp dur.
- Saglykm-ow! Oba-gara gurgunçylykmy?
- Silap sen-maý? Hany... sen... urşa gitmediňmi?
- Aý, obamyzy, ejemi-kakamy göresim, olar bilen ýekeje käse çaýy bile içesim
geldi. Gaçyp gaýtdym. Bir didarlaryny görsem, soň yzyma barjak.
- Gaçyp gaýtdym diýýäňmi? Uruşdanmy?
- Hawa. Bir aý bäri ýolda. Hernä tutulmadym. Hany gel, elleşeli-le, how. Seýidem
öldi. Ikimiz bile top atýadyk... Öýlerine habar etmeli. Ýa habar aldylarmy?
- Ýok. Ataly agaň oglyna diýýäň dämi?
- Hawa. Aý, Baýrow jan uruş ýaman zat. Onyň erbetligini göz öňüňe-de getirip
bilmersiň. Özüň nähili, ejeň ýagşymy?
- Heniz-ä äkidenoklar. Sen onnoň ýene yzyňa, urşa gitjekmi?
- Dagy alajyň näme?
Birden Baýrowy tok uran ýaly boldy.
- Şonça ýoly geçip, tutulman gelipsiň indem yzyňa gitjek bolma. Bilýäňmi men
Harçenkäni tanýan. Milisgäň neçelnigi Harçenke. Ikimizem milisä işe gireli. Milise
boldugyňam urşa alynmaly däl diýip kagyz berýäler. Özem häzir gideli. Öýňüze
barsaň, miliseler gelip tutup alyp gitseler erbet bolar. Ýör gideli, Harçenke ýaman
gowy adam. Oň saňa rehimi iner, yzyňa ugratmaga dözmez.
Sylap nädtjegini bilmän ýaýdandy. Obasyna geldi. Öýlerine-de iki köçäni geçse
barjak, ses ýetim galdy, ýöne Baýrowyň aýdýanynyňam jany bar. Öýe barsaň, ejeňi
agladyp südürdip alyp gitseler...
- Şu wagt göni gidibereli-maý. Bolmanda salamlaşyp bir...
- Öýňüze bardygyň geldi habaryň oba dolar. Soň giç bor. Eliň hatlyja, arkaýyn
barsaň gowy bor. Ýaýdanma, ýör gideli.
- Aý, ýör onda. Seň diýeniň bolsun Baýrow dost.
Baýrow pilini çaýyrlyk ýere oklap goýberdi. Olar tirkeşip raýon milisiýasynyň
jaýyna bardylar. Baýrow Sylaby daş işikde goýup özi naçalnigiň ýanyna girdi.
Sähel salym geçmänkä-de gaçgak ýigidiň goluny arkasyna gaňyrdylar.
Harçenko gaçgagy ele salandygy üçin sag bolsun aldy, Harçenko-da Baýrowy işe.
Sylap bolsa özüni ugratmaga gelen gözi ýaşly ejesine:
- Didaryňy görsem razydym, çaý içip oturmagam nesibämde ýokdur-da. Dolanyp
gelmesem gandarym Baýrowdyr – diýdi. Dolanybam gelmedi. Baýrow gan bergili
bolsa-da ondan algysyny almaga gelmediler. Okdan ölerin öýdüp gorkan pyýadaň
özüne sapança berdiler. Bir bolan iş, Baýrow Sylabyň patasy alynanda görünmedi.
Ýyllar geçiberdi. Urşam gutardy. Baýrowda bir endik döredi. Ol özbaşyna myssa
ýylgyrmany çykardy. «Boljak işe çäre ýok» ýa-da «Ýazgytdan gaçyp gutulmak
ýok» diýilenini eşitse, hasam aç-açan ýylgyranyny duýman galýardy. Tutuljagyna
gözi ýetip durka-da gaçmaga hyýalam etmedik atasyna köp gezek içinden akmak
diýdi. «Ömür - ýaşaýyş üçin göreşdir!» ine, akylly aýdylan söz. Oýnamaga oňa
Karl Marks diýmeýäler. Atalarymyz öte nadan ekenler-aý. Sowatsyz adamlar-da»
diýerdi. Käri ogry-jümri kowalamak bolandanmy «Tutulmadyk ogry däl» hem «Gaçanam Alla diýer, kowanam» diýen sözleri hem gaýta-gaýta eşderdi. Her
eşdende-de bu sözleriň çuňlugyna haýran galardy. Dogrusy bu sözler onuň
ýarasynyň melhemidi, göwnüniň tesellisi. Birden ýüregi gysjak boluberse-de
«Tutulmadyk ogry däl. Gaçanam Alla diýer, kowanam» diýip gaýtalardy hem
göwnihoş, myssa ýylgyrardy.
«Bolmanda gaçýan şeýtany çagyraýjak ýaly welin, gör, ikisiniňem Alla diýşini.
Ikiňem şol bir zada sygynýan bolsaň, onda gaçjmak-da kowalamakda näme many
bolsun?! Şeýle dälmi? Näme diýselerem olaryň biri dilinde Alla diýse-de
ýüreginde şeýtany çagyrýandyr-laý. Aý, esasy zat ele düşmeseň boldugydyr-da.
Munuň Allasam şol, şeýtanam. Şirin jana döneýin, heý, saňa degjek zat bormy?!»
Beýle pikirleri Baýrow kän etmezdi. Sylaba welin, çyny bilen minnetdardy.
Ogulgüle öleneni, çagalarynyň dünýä ineni, abraýly, goragly, ýanyň ýaragly işi,
uruş ýyllary işiniň arkasyndan uly il iýere zat tapman sarun iýende-de horluk
görmäni, her şatlygy, begenji, hatda gülküsi üçinem minnetdardy. Elinden gelsedi,
Sylaba ýadygärligem galdyrjakdy. Ýöne onuň öldi haty gelensoň obada kän ýaşasy
gelmedi. Göçdi. Başga bir oba-da göçmedi – bir-biregi kän tanalmaýan, tanajagam
bolunmaýan ýer – şähere göçdi.
Emma göçüp halas bolup bolmaýan zatlaram bar boldugy-da, bir gün Baýrow
Sylaby düýşünde gördi. Düýşüdirem öýtmän onuň bilen razylaşjak boldy.
Razylaşmk nirden ýadyna düşdi diýsene, megerem düýşündedigi üçindir. Sylap
welin, razylaşmady «Git, ejemi razy et» diýdi. Hopugyp oýanan egni ýyldyzly
emeldar ýigit bu düýşden soň birden-birden dünýäni unudyp, asmandan gaçan
ýaly, ähli zady geň görüp, akyly haýran oturmany çykardy. Aýaly görgüli «Näme
bolýa, gyýw, saňa?» diýse-de «Aý, bilmedim, töweregim, bar zat düýş ýaly» diýdi.
Ahyry Baýrow obasyna gitmegi, Sylabyň ejesini görmegi ýüregine düwdi.
Amanbibi eje garrapdyr, Baýrowam tä özi tanadýança tanamady. Kim bilýär
«Tanamadyk bolaýyn, özi tanatman turup gider» diýen bolsa-da belli däl. Emma
Baýrow «Razy bol, Amanbibi eje, meň ölesim gelmedi. Sylaby öňi-soňy tutup
ýene yzyna ugradardylar» diýdi.
«Bilýän janym. Indi hemmesine düşünýän. Neressämiň kysmaty şeýle bolmaly,
okdan ölmeli eken. Ýogsa şonça ýoly geçip, tutulman-gapylman, gapyň agzyna
gelende-de saňa duşaýmalymy? Boljak işe çäre ýok diýleni. Ýöne bir didaryny
ganyp-ganyp görüp bilmedim, käsejigine çaý guýup berip bilmedim, şoňa neme
edýän. Alla seni gorajak bolup, oňa şonça ýol geçirenem bolsa bize bilme ýok.
Allaň işine akyl ýetýämi, köşek. Kä wagt ýeke özüm çagamy ýatlap oturýanoturýanda pikir edýän, her zat göwnüme gelýä. Senem Yşan janymyzyň agtygy.
«Şehit çagam, saňa sebäpkär bolup sogabyny artdyrandyr belki» diýibem özümi
köşeşdirýän. Öňi-soňy ölmeli. Ömür diýlen ölüme barýan ýodajyk ýalydyr-da,
janym. Ýöreseň gutarmajak ýol barmy. Ýolunuňam, ýodasynyňam sadagasy bolaýyn, ýöne berenje ýolunda Özi azaşdyrmasyn. Razydyryn, ölýänçäm oba
göçüp gelmeseň bor...»
Amanbibi ejäň käçäň gülüni kiçijik gasyn-gasyn bolup giden süýem barmagy bilen
dyrmap, başyny galdyrman aýdan bu sözlerini diňländen soň, turup gaýdan
Baýrawyň ökjesi ýeňledi. Onuň oba «gel» diýlende-de göçüp gelmek hyýalynda
ýokdy. Şu gelenine-de nätjegini bilenokdy. Içinden bolsa: «Ýazgyt diýşip, kysmat
diýşip, şoňa-da ýüregi bilen ynanýanlaň barlygam gowy zat. Agamyzyň ganyny
aljak diýip Sylabyň dogan-garyndaşy yzyma düşüp ýörse näderdim?» diýip
oýlanýardy. Obasyndan çykyp barşyna maňlaýy nyşanly gara gaşly milise
papagyny çykaryp, kellesini gaşap içinden: «Bäh, Amanbibi eje garry eneme
meňzeş eken-aý. Ak gyňajam daňynypdyr welin...» diýdi.
Ýigrimbäşiň dälijesi diýilýän ýaşdan ýaňy geçen, heniz otuza-da ýetmedik Baýrow
şeherde, öýüne golaýlanda ýaňy mekdebe gidip ugran uluja ogly öňünden ylgap
çykdy.
- Kaka, kaka, bäşlik aldym.
Oglunyň berekellasyny ýetirip başyny sypan ýigit ýaşamagyň hezilligini tutuş
durky bilen duýýardy, ondan lezzet alýardy. Ol oglunyň düşünmejegine gözi ýetip
dursa-da:
- Göreşmelidir oglum. Bäşlik almak üçinem göreşmelidir. Şuny ýadyňdan
çykarmagyn – diýip sargyt etdi.
Bir gije-de Baýrow şäherde nobatçydy. Ol Lenin bagynda, gijäň ýary, çetiräkde,
agaçlaň gür ýerinden «Kömek ediň!» diýip gygyrýan aýal sesini eşitdi.
Sapançasyny çykaryp gürmege girenem şoldy «tark!» edip tüpeň sesi çykdy.
Baýrow böwrüni tutup ýykyldy. «Ok! Ok!» diýip bir gezek bogazyna sygdygyndan
gygyrdy, ikinji gezegem uly bir mana akyl ýetiren ýaly çala pyşyrdady.
Baýrowyň näzijek aýasyna gyrmyzy bugdaý däneleri batýar, lukmanlar bolsa onuň
damarlak eliniň aýasyny zol açýardylar. Ol hem däneleri gaçyrmajak bolup
gysymyny gysýar. Üstesine-de şeýle bir dişi agyrýar welin, agyry tutuş göwresini
büküp barýar.
- Özüne geldimi? Özüni bilýämi?
- Ýok, özüne geläýse, agyrysyny ýüregi götermez. Üç gün ölmän çydap bilse, tama
bar.
Eneli ogul daş ýoldan gelen ýaly öýlerine dolanyp geldiler. Dişiniň çişine agzy
açylmaýan Baýrowjyk başyny ýassyga goýany bilen süýji uka gitdi. Düýşünde-de
ony gürmek agaçlaň arasynda atdylar... Ol gaýdyp oýanmady. Çydamady. Daň
agaryp-agarmanka ýigrimi ýedi ýaşly ýigit özüne gelmän jan berdi.


105

13

2

7

1

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 16.05.2024 / 11:42

+2

Like goyayaly

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 22.05.2024 / 04:28

+0

Like👍👍👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика