Las Wegasda meşhur artist Maýkl Jeksonyň ýaşan köşgi satuwa çykaryldy. Bu özboluşly jaýyň eýesi bolmak üçin 9,5 million dollara soralýar diýip, Manison Global habar berýär
Sanaw boýunça agent Zara Zanganeha, bu jaýy ýyldyzyň 2006-njy ýylda aýda 50 müň dollara kireýne alandygyny habarça gürrüň berdi. Jekson ol ýerde, Ýakyn Gündogar we Irlandiýa syýahatyndan soň ýaşap başlapdyrlar.
Rieltoryň sözlerine görä, aýdymçyny köşk şolbada özüne çekipdir: oňa çetleşmek duýgusynyň döremegine sebäp bolýan öýüň beýik diwarlary ýarapdyr.
Emlägiň häzirki eýeleri, pensiýa ýaşyndaky lukman Dun Sue bilen onuň kino režissýor we telekeçi aýaly Žannet Çžou artistiň uly muşdaklary. Olaryň jaýy satyn almak baradaky kararyna, köp tarapdan, Jeksonyň ol jaýda ýaşaýandygy täsir etdi. Bu jaý üçin är-aýal 3,1 million dollar tölediler.
129
10
2
5
1
0
1
Teswirler:
Täzeje KOROLEV [off] Krallarda Devrilir Aslan 19.05.2024 / 19:39
+0
Katarda biriniň 1.8 Trilyon puly bar eken
Betinden rexha [off] Грусть — это цена, которую мы платим за любовь 28.05.2024 / 11:53