Ýürekdeş sözler!
Täzeliklere garaşyň
Täzejemasterdollar [off]
Şugün, 21:52
1.Bu ýerde arzyňy aýytmakdan netije ýok.
Emma käbir agzalar bu saýta girip özleriniň dürli hili ýürek awusyny dökýärler. Söýen gyzym aldady diýýänler bar. Söýen oglanym meni taşlady diýip nalaýan gyzlarda bar. Okuw we iş bilen baglanyşykly meselesini şu saýtda çözjek bolup synanýanda bar. Ahlak, medeniýeti ösdürmekçi bolup ýazýanda bar. Tehnika we tehnologiýa hemde ylym ugryndan ýazýanlar hem bar. Ýöne aslynda öňe gidişlik ýok. Sebäbi edil şu ýerde saýtyň özünde öňe gidişligi halamaýan, aýaga duşak bolýan agzalar hem otyr. Öňe gidişlik barada ýazanyň synyndan asylyp durmuşy gaflatda galdyryp otyran adamlar şu saýtda hem ýeterlik. Ýöne hiç kim bu barada oý-pikir etmeýär.
Men gowy zady ýazsam meni goldarlar diýip tama edip ýazýanlar bu ýerde uly ýalňyşlyk göýberýär. Sebäbi ýagty gün hemişede garaňky gorkunç gije bilen utgaşýar. Gowy zady isleýäniň ýanynda oňa ýamanlyk edip otyranlar sanardan köp. Biz şu hili durmuşda ýaşaýarys. Bu ýere ýygnan adamlar hem asmandan inen perişdler däl. Şu jemgyýetiň adamy. Jemgyýetimizde bolsa häli şol köne döwüriň adamlary hökmürowanlyk edip otyrlar. Elbetde. Masterdollar bu barada gowy bilýär. Şonyň üçin hem saýt agzalaryna ynanmaýar. Olar bilen içgin gepleşmeýär we özüniň iň gadyrdan syrlaryny bu ýerdäkilere aýytmýar.
2. Käbir danalara maslahat.
Hemmäni ýaman we yza galak diýip bolmaýar. Bu hili etmek umuman nädogry. Dana adam ýalan bilen hakykatyň parhyna baranda Ol hakyky öz ynsabyna we aklyna hyzmat etdigi bolýar.Kim dana bolsa meniň näme diýjek bolýanyma dogry düşünse gerek. Ilki bilen jemgyýeti terbiýlejek bolmaly däl. Jemgyýet bir adamyň ýada birnäçe adamyň terbiýesi bilen kämilleşmeýär.
Ilki bilen şu ýere, şu saýta girýän adamlary terbiýelejek bolmaly. Adam sanyny ýüzlerçe we müňlerçe edip şu saýtda terbiýeläň. Şu saýtyň agzalary nämä hyzmat edýändigini bilmese olara içiňi döküp hal-ahwalyňy aýdyp otyrmak hiç bir utyşy bermeýär.
3.Owadan sitatalar
Owadan sitatalary ýazmana gyzykýan adamlar bolýar. Saýt agzalary esasan owadan öňe gitmeler barada söz açýarlar emma bu ýöne bir owadan gep.
Bu owadan gep saýta girenleri durmuşyň çylşyrymly ýollaryny üstünlikli geçmäne ýol bermäniň ornuna adamlary ýalta edýär. Owadan sitatalar adamlary ukladýar we meýmiredýär ýagny ýalan gepe maýyl bolup başlaýarlar. Ýalan gep bolsa iň soňynda adamy aç we ýalaňaç galdyrýar.
4 Geljek barada
Hemme kişi kimin masterdollar hem öz geljegi barada oýlanýar.
Edil şu wagt masterdollarda täze bir pikir döredi. Ol indi dollary nädip köp etmelidigi barada dälde nädip adamlaryň ynamyny ödemek barada oýlanyp başlady.
Bu barada Magtymguly şeýle diýýär:
Bir garyp aglap duranda sen onuň ýanynda gülüji bolma!
Meniň pikirim garybyň ýanynda bolmak baradaky pikir. Oňa kömek etmek. Ony begendirmek. Durmuşyň gowydygyna onda ynam döretmek.
5 Emma men saýty gowy tanaýan.
Bu ýerde owadan gepleýenler bar. Bu ýerde ýalan gepleýänler hem bar. Bu ýerde öňe gidişligi halamaýanlar hasda köp. Şol sebäpli men men saýt agzalarynyň iň az bölegine bil baglaýan.
Onsoňam saýtdan daşarda hem adam köp. Bu ýerde ýazýan. Halk arasyda bolsa öz dogryçyllygym we halallygym bilen abraý almana çytalalaşýan.
6.Garry atamyň aýdyp gideni.
-Nirä gitsemeňem ahyry-ozal şu köne tama gaýdyp gelmeli bolarsyň!.
Ol dogry aýdypdyr. Köp ýurtlarda we köp iş we okuw başynda bolup ahyry öz köne tamymyza gaýdyp geldim. Näme itekledi bu ýere gelmäne meni, özüm bilýän. Bu zatlary aýytmana bu ýerde meniň dostym ýok. Muny hiç kim bilmeýär emma özüm bilýän.
Bu öý indi meniň galam. Bu öýde men abraý gazanaryn. Bu öý meni gorar. Bu öý meni öňe iteklär.
6. bu saýt meni öňe äkidermi.
Bu örän gyzykly sorag. Bu saýtda men özüme bagt taparynmy? Ýenede örän üýtgeşik sorag. Bu saýtdan men käbir zatlara garaşýaryn. Näme diýip soraýaňyzmy? Tizara aýdaryn. Garaşyň. Men täzeligi gowy görýärin.
6 |
3 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler