Ýürekdeş sözler!
Pulyňyzy tygşytlaň
TäzejeMugallyma [off]
Düýn, 21:38
Eýýäm birnäçe ýyldan bäri, her ýyl täze okuw ýylynyň başynda, şu ýylky okuwa girmekçi bolýan ýaşlara
şu sözler bilen ýüzlenip gelýärin.
-Okuwa girmek üçin para-peşgeş bermän öz bilimiňize, gaýratyňyza bil baglap ýokary okuw jaýyna baryň
diýýärin.
Bu ýyl hem gadyrdan ýaşlar size ýüzlenýärin.
-Okuwa girmek üçin para bermäň. Eger para bermeklige mejbur bolýan bolsaňyz gowysy okuwa girmäň we indiki ýyllarda boljak amatly pursada garaşyň.
Bu barada uzak nutuklary ýazmagymy isleýänsiňiz. Emma, ýok. Indiki diýmekçi bolýan sözlerim siziň berjek bolýan paraňyzdan has gyzykly.
Maňa terslik edýän diýip oýlaýan bolsaňyz milliard pullaryňyz ýele sowranyňyzy haçan bu para beren okuw jaýyňyzy tamamlan pursadyňyzda düşünersiňiz!
Umuman parahorluk barada
Parahorluk bu konkretny adamyň ruhy taýdan keseli. Bu ýokanç kesel. Köplenç parahor adam bilen garyndaş bolan halatyňyzda, parahor dostyňyz bolan pursadyňyzda ýokýan kesel. Parahor adam hemmeden hemme zady tamakin. Mysal üçin, işleýän edaraňyzyň başlygy parahor bolsa ol parahorluk etmejek bolýan adamlardan hem para tamakin.Bu parahoryň edarysynda işlemek parahor däl adama gaty kyn. Işiňi gowy görýäň. Işdeş ýoldaşlaryň oňuşykly. Bu halatda bu edarany taşlap gitmek gaty kyn. Haýsam bolsa bir tarapa geçmeli. Ýa başlyga para bermeli ýada işi taşlap gitmeli. Iň soňunda çydap bilmän para bermeli bolýar bu biçäre.
Hawa, indi bu adam biçäre. Iş jaýyny, aýlygyny we beýleki gowy gören zatlaryny indi ol biçäre halda söýmeli. Ýagny ruhy taýdan keselbent halda.
Indi näme etmeli?
Aňsatlyk bilen boýun bolma. Para bermejek bolup çytalaş. Para üçin talap edilýän puly bir emel bile hökümet haýryna geçýän et. Mysal üçin şu edarada işleýenläriň umumy haýryna işleýän enjam alyp ber. Emma arassa puly berme!
Hiz bolmajak bolsa para soraýan başlygyň üstünden hukuk goraýjy edaralara arz et!
Eýýam bir topar peýdasy deger. Özüňe ynam dörär. Özüňi gaýratly we gorkmazak duýarsyň. Tämiz içki dünýäň ýüz keşbiňe, gep-sözüň ýerbe-ýerligine täsir eder.
Indi senden para almakçy bolýan başlyk senden gorkyp başlar.
Arassa bolmaklygyň nämelere getirýändigini bilmek üçin elbetde ahlak taýdan arassa bolmaly.
Seniň para bermekçi bolýan adamyň senden ýokary hukuga eýe däl.
Hatda garynja hem hukuga eýe.
Bu meniň düşünjäm.
Bu gün para beren pullarym yzyna gaýdyp geler diýip milliard pullary sarplasaň bu beren pullaryňyz hem biderek sarp bolsa size iki sany gowy kesel garaşýar. Biri infarkt ikinjisi insult.
8 |
3 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler