SEN ŞOLMUDYŇ (oylanma)
Premium BAYOGUL [off] 23.05.2024 / 20:02 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Garym-gatym duýgularyň içinden birini sogrup, «Şu söýgüdir-ow» diýäýmek aňsad-a däl.
Duýgular bir-birinden owadan, bir-birinden täsin, bir-birinden ýakymly. Birden-birden dagy, «söýgi» diýlen aýratyn düşünje ýok, ol ýakymly, owadan duýgularyň toplumy ýaly bolup dur, birdenem, oňa günleriň bir güni göwün köşgüň üçeginden patlap düşjek keramata garaşýan ýaly garaşýarsyň. «Şol gelensoň, dünýä başgaça bolaýýar» diýýälerem welin, özüň başga birine öwrülýän bolaýmasaň, bu goja dünýäniň seniň söýgiňe duşanyň üçin üýtgejek gümany barmy nä?!
Ýöne, ynha, bizi şeýle özgertjek şol söýgä duşmak, ony tanap bilmek ynsan üçin nähili möhüm hem gözel pursat bolsa-da, ol pursaty başymyzdan geçirmek her birimize miýesser edip baranok. Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Söýgi — Allanyň peşgeşi»...
Ertekiler durmuşdan alnyp döredilýän bolsa-da, durmuş tutuşlygyna erteki däl. Ýöne onuň käbir pursatlary hut ertekä-de gaýra dur diýdirýär. Ana, biziň şol pursatlary elden bermän, olary durmuşymyzyň beýleki pursatlaryna ýalkym saçyp durjak şamçyraga öwürmegi başarmagymyz gerek. Ertekileriň gahrymanlarynyňkyň hezil tarapy, olaryň ýary-käri, çekjek jepalarydyr sapalary öňünden kesgitlenen. Gahryman aşyk-magşuklaryň duşuşygy şeýle bir göwnejaý welin, ol biz ― okyjylar üçin juda ajaýyp görünýär. Ertekilerde, esasan, jemgyýetçilik derejeleri gapma-garşylykly bolan gahrymanlar biri-birini söýýärler, baý oglan, garyp gyz ýa-da tersine, olaryň has täsinlerem bar, meselem, döwüň aşyk bolýan gözel gyzy, jadylanan mahlugy söýüp, ony jadysyndan açyp, halas edýän magşuk gyz we şoňa meňzeşler...
Oýlanyp otursaň, bu gahrymanlaryň söýgüsi olaryň biriniň beýlekisine bolan zerurlygyndan gelip çykýar. Ertekileriň üsti bilenem aýdyljak bolunýan zat şol eken: seniň mähriň, seniň söýgiň saňa gerek adama däl-de, saňa mätäç adama siňende, söýgi öz maksadyna ýetýär. Çünki söýgi hususylyga sygmaýar. Bir-birege mätäçlikden gep açylansoň, bir tymsaly ýatlap geçesim gelýär.
Öňde-de biriniň üç sany gyzy bolupdyr. Gyzlaryň ulusy emelsizräk, ýaltarak eken. Ortanjy gyzlary ýene ýagşy, diýip-aýdyp iş etdirilýän bolsa-da, garaz, bir adamyň duran ýerinde durup biljek ekeni. Üçünji gyzlary welin akylly, edepli, tüýs, gurşunly kenek ýaly diýilýänlerden eken. Günler geçip, gyzlar ýetişýär. Ýetişýärlerem welin, arabasyny sürüp, bagt bularyň gapysynda häzir bolýar.
— Münüň, gyzlar! Men siziň heriňizi ykbalyňyza ýazylan taýyňyza gowşurjak.
Gyzlar münýärler. Barýarlar bir obanyň çetinden. Görseler, hakyt, tutuş oba sözüni diňledip oturan, akyl-paýhasly, edermen beg ýigit. Bagt gyzlaryň ulusyna ýüzlenýär.
— Bar! Şol ýigit seniň ömürlik ýanýoldaşyň.
Olar uly gyzy düşürýärler-de, gidiberýärler. Barýarlar bir obanyň çetinden. Baksalar, ynha, deň-duşlarynyň, goňşy-golamlaryň arasynda sözi ýere gaçyrylman diňlenýän, sylagly, giden syrgyna diýenini etdirip oturan bir dogumly, nazarkerde ýigit. Bagt gyzlaryň ortanjysyna ýüzlenýär:
— Bar! Şol ýigit seniň ömürlik ýanýoldaşyň.
Iki dogany ykbal ýoldaşyna gowşuran bagt gyzlaryň kiçisi bilen ýola düşýär. Öňlerinden ýene bir oba çykýar. Barýarlar gapysy çöp-çalam basyp giden bir öýüň işiginden. Öýden ýüzüni sakgal-murt basyp giden, öýünem, özünem oňarman ýören bir emelsiz ýigit çykýar. Bagt gyzlaryň kiçisine ýüzlenip: «Bar! Şol ýigit seniň ömürlik ýanýoldaşyň» diýenden, gyz zar-zar bagyryberýär:
— Doganlarymy-ha saýlama ýigitlere gowşurdyň. Meni nädip bu ýigide dözýärsiň? Ýok-ýok, meni bu ýerde goýma! Alyp git meni, bagt!
Bagt ýüzüni sallap, gamgyn dillenýär:
— Sen bu ýerde galmaly bolarsyň. Seret ahyry, bu ýigit saňa mätäç. Oňa sensiz kyn bolar.
Bagt kiçi gyzy ol gapyda düşürýär-de, gidiberýär...
Ine, bize durmuşyň birbada gorkunç hem-de gynançly görünýän, hakykatda welin, ýaldyrawuk täsirlerdir ýylmanak duýgulara dolanmadyk dogruçyl hakykaty. Göräýmäge, bu tymsalda söýgi ýok ýaly hem görünýär. Dogry, ol ýok hem. Çünki tymsal söýginiň başlanaýjak wagty tamamlanýar. Düşnükli zady bolsa aýdyp oturmagyň zerurlygy hem ýok. Ynsan üçin öz gerekligini duýmak — bahasyz badalga. Ol özüň hakda däl-de, özge hakyndaky aladany baş maksadyň edip goýýar. Ene söýgüsiniň beýikligem öz janyny orta goýup, perzendini dünýä inderýändiginden başlanýar. Hususy duýgular seni terk edenden soň, söýgi peýda bolýar.
Arzuwçyllygy ret edýär diýmäň, ýöne käteler biziň ruhumyzy halys tapdan düşürýän zat hem, göwnüme bolmasa, şol aşa arzuwçyllygymyz ýaly bolup dur. Biziň hyýalymyzda keşbini döredýän göwün soltanymyz şeýle bir kämil hem gözel welin, biz ony zeminden gözläp-gözläp, arzuw atymyzy daljygara getirýäs. Ýogsa, şeýle gözel hem kämil adam Ýer ýüzünde bar bolaýanda-da, özümiziň oňa mynasyp ýa däldigimiz hakyndaky pikirem günleň bir güni kellämize geläýmeli ýaly welin, eger-eger geläýenok. Özümize mynasyp boljak adamy öz akyl-düşünjämiz bilen däl-de, joşgunly, arzuwçyl ýüregimiz bilen kesgitlejek bolýarys. Bu bolsa hakykat bilen hyýalyň çaknyşygyna getirýär.
Aşa arzuwçyllygyndan zyýan çeken ýürege görkli dünýä bigörk, giň dünýä dar, ýagty dünýä garaňky bolup duýulýar. Eger-de, özümize laýyk adamy akyl-düşünjämiz bilen kesgitläp, oňa duşanymyzdan soň arzuwçyl ýüregimizi ugruna goýbersedik, belki bimany ahmyrdyr armanlar döremese-de, döremezdi. Şeýle ýagdaýlar zerarly dörän «söýgi üçburçlugy», «ýalan söýgi», «çyn söýgi» diýen aňlatmalar hususy duýgularyň önümi bolansoň, gulagyňa şeýle bir ýakymsyz eşidilýär welin, hut gulagyňy kesip gelýär diýen ýaly...
Söýgini toparlara bölüp bolmaýar. Söýgi bizden ýekeje zady ― özümizi däl-de, özgäni söýmegi talap edýär. Biziň owadan arzuwlarymyzyň köpüsiniň aňyrsynda bolsa, gynansagam, köpimiziň özümize rowa gören salgymymyz ýatyr.
Geliň, salgym bilen çyn söýginiň alamatlaryny gatyşdyrmalyň! Salgym salgym bolýar, oňa «Sen şolmudyň?!» diýip, ömrümiziň iň möhüm sowalyny näçe gezek bersegem, ol bize jogap bermez. Ol sowal bolsa, jogapsyz galmasa gowy...
Teswirler:
Betinden rexha [off] En büyük hatanız kör sandınız🍃 05.06.2024 / 04:20+0Dogry.....
Soňky teswirler
💎💎💎💎
Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...
dowamy...