Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Bir söz hak etmedin, ben sana roman yazdym...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

MENIÑ HEMRAM
Premium
 BAYOGUL [on]
 23.05.2024 / 20:04
 Yurekdesh.ru

Çagalygymda geñ düýşleri görerdim, düýşümde asmanda uçup bilýärmişim, özem näbelli guşuñ ganatynda uçup, dünyäniň gözellikleriniň içinden nämälim bir zat gözleýärmişim. Oýalykda-da ol düýşümiñ oraşan bolup, meni ganatyna alyp dünýäni seýran edýan guşumyň bolmagyny höweslärdim. Ol wagtlar düýşüme girýäniñ, meniñ bolsa oýalykda-da dünýäni, hat-da kitaplaryñ gatyndanam agtaryp gõzleýänimiñ nämedigini bilemokdym. Ýöne men huşumda diňe nämedigini bilmeýän zadymy däl-de, eýsem, şo-ol meni ganatyna alyp dünýäniñ gõzelligine maýyl bolup seýrana çykýan guşumy-da gözläp, her ýerden onuñ owazyny, düýşümdäki aýdymlary diňlemek islegim bilen geçirmeli bolýardym.
Şeýde-şeýde aýlar aýlanyp, ýyllar dolandy.
Soñra bolsa hut hakydamda ebedilik galjak düýşler hakykata õwrülip başlady..
...Biziñ çarbagymyzda uly howuz gurdular, oña bolsa dünýäde iñ owadan guşlar ýygnanardy, ýaşylbaş sonalar, guwa gazlar, olaryň owazlary biri-birinden üýtgeşikdi, hersi öz dilinde täsinden täsin aýdym aýdardylar. men bolsam (haýran galaýmaly, nireden õwrenenim, kimiñ meni ol ýola salany ýadymda däl) şol guşlaryñ öz dilinde aýdýan aýdymlaryna düşünerdim, olaryň aýdymyny sessiz-üýnsiz diñlemegi, hiç kime eşitdirmäni hiñlenmegi, hut şolar ýaly ganat ýaýyp uçmagy, dünýäni depesinden synlamagy halardym.. Günleriň bir güni Guşlaryñ içinden, hut meniñ hyýalymda suratyny çeken, düýşlerimde meni ganatynda aýlan guşy tanadym!
Ol Humay guşumdy.
Soñ gör, nähili kyn günleri başdan geçirdik. Garasöýmez adamlar meniň Humaý guşumyň ganatyny döwübem gõrdüler. Emma ol hyýalymda janlandyryp bilişim ýaly gaýratlydy. Men Humaý guşumyň ganatlarynyñ tiz gutulyp, owadan Asmanymyñ ýüzüni nurly jemaly bilen nagyşlap belentlere uçmagy üçin melhem gözläp, dag derýalary, çarkandakly ýollary bir özüm aşmaly boldum.
Ahyrsoñy melhem tapyldy. Indi meniň Humaýym gutular, õñkilerinden has owadan uçmagy başarar.

* * *

Düyșlerimi mesgen eylän bașy jygaly Guşum! Erkin ýaý ganatlaryñy, seniň al asmanda ganat ýaýyşyňa begenjime zeminde duran ýerimden gollarymy salgap ýylgyrşym, iň ajaýyp arzuwlarym bilen Seni ýola salýaryn.
Sen erkin bol, meñ ömrümiñ ebedilik hemrasy!


129

5

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 05.06.2024 / 04:26

-1

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика