“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Eger birini söýýän bolsaňyz, diýmek siz ony gowy tanaýan dälsiňiz!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Haçan adalat dünýä inende
 Täzeje
 Mugallyma [off]
 Düýn, 11:49

Meniň nazarymdan bir zat sypsa bolmaýar. Öýe gatnap keselbende ukol urýan doktor şu habary maňa ýetirdi. Men bolsa size ýetirýärin.
Eýýäm ençeme ýyldan bäri saglygy bolman inwalid enäniň özi şu aşakdaky sözi ukol urýan doktora aýydýar. Bu hili sözler biz türkmenleriň durmuşynda köp aýdylýar emma hemme söz hem halk arasyna çykmaýar. Inwalid ene zordan gyrbyldap öz maşgalasyna hyzmat edýär. Öýde diňe şu aýal bar. Dört sany erkek ogly we äri bilen ýaşaýar. Äri garasöýmez adam. Gaharjaň hem gysganç. Adamlar bilen seri ýok. Eden işini reklama edip özüni mahabatlandyrmany gowy görýär.
Oglanlaryny okatdy. Elbetde, tanyş üsti bilen. Mugallym bolup geldirler. Işe girdiler. Ýene şol tanyşlyk üsti bilen. Atasy mal alyp satýar ogyllary bilen. Öküz-sygyr bakyp bazarda satýar ýada soýyp satýar. Soýuz dargan wagtynda kolhoza degişli emläkleri ogry ýolbaşçylar bilen bile ogurlap maýa jemlediler. Soňra arzan alynan mallary we zatlary gymmat satyp özlerini tutdylar. Özüni tutan pulyna bolsa ýene-de aňsat we tiz baýamak üçin mugallymçylygy gutaryp gelip her aýda köp aýlyk alýan edip işe ýerleşdiler. Mugallymçylykdan taapan pullaryny dýhan birleşigiň parahor hem arakhor başlygyna para berip ýer satyn aldylar. Mellek ýeri hem satyn aldylar. Indäm bolsa atlaryny telekeçi edip ýazdyryp ýerde gök önüm öndermekde mahinasiýa edip ýörler.
Hawa, şeýle. Yzy üzülmeýän mahinasiýa rus dilinde aýdylanda. Yzy üzümeýän rehimsizlik mal-garalara. Sürüp äkidýärler her gün mal jänäwarleri. Bazara. Bu janawerlere adamdan rehim-şepagat ýok. Yzanda-çuwanda bolup gidýärler. Taýak bilen depgi mallaryň iýýäni. Göleleri elinden alynan mallar yzylap gidýäler.
Bir mal satan ýetginjek şeýle diýipdir:
Sygrym bazara gidende aglap gitdi!.
Ine, şu hili durmuş elbetde rehimsizligi öňkidende beter güýçlendirýär.
Şu inwalid ene zordan gyrbyldap öýünde häzir bar bolan iki sany ullakan oglyna nahar bişrip olaryň öňünde goýýarda özi hem ogyllary bilen nahara otyrýar.
Ene saçyny hem bir ýere jemläp bilmeýär, sebäbi eli gataňsy bolyp yzyna aýlanmaýar. Üstesine barmaklarynyň damarylary çekilip galany üçin barmaklary çeýe işleri ýerine ýetirmeýär.
Saçy çöşlenip galan ene hem ajygan bolýar. Biçäre ene nahary zordan bişirip bişiren naharyna oglanlary bilen ýapyrylýarýar we nahar iýip başlaýar.
Ene, nahar iýip otyran wagtynda oglanlary gülüp başlaýar. Ene kellesini galdyryp oglyllaryndan soraýar.
-Nämä gülýäňiz?
Onda oglanlary gülmesini dowam edip oňa şeýle jogaby berýärler.
-Ene sen ujasa meňzeýäň!.
Ene oglanlaryndan öýkeläp bir özi bir tamda aýry otyrýan äri bilen näharlanmana girýär.
Onda äri ondan soraýar.
-Näme boldy?
Ene
-Ogyllarym maňa ujas diýdi.
Bu wakanyň häli yzy ýok. Waka indi dowam etmeli
Bu ullakan waka. Bu waka hökmän dowam etmeli. Çünki enesine ujas diýen mugallym oglanlar. Bu tema mugallymlara degişli/
Enesine ujas diýen mugallym okuwçy bilen umuman seri bolmasa gerek. Bu oglanlar mugallym däl. Bu oglanlar çagalykdan mal bakyp, mal satyp ýörenden soň agyzlary hem endikleri hem mala ýüz tutanyňky ýaly bolup galan. Özleriniň mugallym kärini arassa edip ýerine ýetrirmäniň ornuna açgöz hapyrdykalap ýören mugallymlar kän. Olar gassap, taksisit, dukançy, sadaka sowýan kähuda bolup maýda gazançdan gününi dolajak bolup ýörenenler. Bu hem hemmesi däl. Aragy köp içip gözlerini gyp-gyzyl edip, ýüzüni pökgerdip sapaga girýän mugallymlar hem az däl/ sapaga girip kellesini parta taşlap sapak wagtynda uklap galýan mugallylar hem bar diýýärler. Diňe telefon oýnap otyrýan mugallymlar hem bar ekeni sapak wagtynda. Onsoň näme? Mugallym bolmak häzirki döwürde pulyň işi. Mugallymyň aýlygy ýokary. Puly barlar pulyny ýenede öňkidende beter köpeltjek bolup para-peşgeş, tanyş üsti bilen mugallym bolup ýörler. Olaryň niýeti okwuwça sapak berip olary akylly-başly we terbiýeli edip ýetişdirmek däl/ Olar diňe doýar -dolmaz nebsiniň aladasyny edýärler.
Ýöne bu ýagdaý elbetde uzak gitmez. Hökümetiiz mugallymlaryň aýlygyny peseldip okwuwçysynyň diňe bilimine garap aýlyk berjek wagty daşda däl bolsa gerek. Onsoň näme ederlerkä. Para berip alan ýerlerine sogan-käşir ekip bazara arkalap eltip" geliň, sogan arzan boldy" diýip gygyryp dursalar gerek bu mugallymlar.
Edil hiç haçan mugallym bolmadyk ýaly. Tanyş üsti bilen mugallym bolany hem hiç zada ýaramasa gerek. Enesine "ujas" diýen mugallym oglan bolsa aýal dyrnagyna gözi düşmän sallah bolup ötse gerek bu dünýäden.
Geliň adalata garaşalyň! Haçanda asmandan adalat inse ony gujaklap garşylap öýümiziň töründen ornu bereliň!


18

8

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Molla kop ekenow barde 😕...dowamy...
Ylym-bilim ösüşi | Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
HUNTER369 (17.07.2026 / 23:34)

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Ýüzi ýapyk, elleri gabarçak bolsa-da, köçe süpürýän şol gyzyň süpürgesi — dünýäniň ähli nadanlygyny we hapa pikirlerini arassalamaga synanyşýan m...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->