“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
Prinsesa : Durmuşyň her bir pursadyndan lezzet alyp ýaşa

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Şol bir gepler bizi çörek baradaky gepe getirýär
 Täzeje
 masterdollar [off]
 Şugün, 09:53

Pagta türkmenlerde gadymy döwürlerden bäri ekilýän milli ekin. Türkmen pagtasyny iňlisler satyn alyp öz ýurdy Angliýada ondan senagat önümçilini ýola goýandygyny hasaba ursaň biziň pagtamyz häli öz ähmiýetini ýitirenak.
Emma syýsata düşünmeýän hem-de zähmet çekmezden ýaşap bolýar diýip ýalňyşýan käbir alymlar we syýsatçylar halky ýoldan uryp pagta önümçiliginden halkymyzyň elini sowadýar.
Olar pagta ekerançylygynda zähmet çekýän daýhanlara normalny zähmet hakyny tölänok. Olar pagtaçynyň agyr zähmetini ýeňilleşdirýän tehnologiýany girizinek.
Olar pagtada işleýän pagtaçynyň pagta ýygyş medeniýetini ýokarlandyryp olaryň dem alyşyny gowylandyrmaýar. Olar pagtaçylaryň saglgy bilen gyzykmaýar. Olar pagtaçy üçin barmagyny hem gymyldatmazdan girdeýji görmekçi bolup azara galýarlar.
Pagtaçylar bolsa bu hili syýsatdan soňra pagta önümçiliginden ýüregi sowap pagtany taşlap gidip başga ýollar bilen gazanç edýär. Şol sebäpli hem ýurdymyzyň pagta atyzlaryna seretseň pagta ekinine normalny ideg edilmedigi görünip dur. Pagtanyň boýy kelte, gozalary maýda hem az. Düýp sany seýrek. Ekilen ýeri şorlan. Pagtany haşal ot basan. Bu hem ýetmeýän ýaly ýetişen pagta wagtynda ýygylmaýar. Pagta yssy güne gowyrga bolup öz agramyny ýitirýär. Süýmüniň hili peselýär. Pagtanyň iýmiti-döküni wagtynda berilmeýär ýada umuman pagta ideg edilmeýär. Pagta üçin niýetlenen çykdaýjylar daýhan birleşigiň ýolbaşçylary tarapyndan ogyrlanýar. Netijede pagta ýok. Onsoň pagta ýygmakçy bolýan daýhan hem ýok.
Men bu sözleri ýöne ýerden oýlap tapamak. Pagtada özüm işleýän. Pagtadan ýokary hasyl almana çytalaşýan. Häzirki döwürde pagtanyň her kilesi üçin ýygym tölegi üç manada zordan ýetýär emma hökümet tarapyndan goýylan nyrh bäş manat bolmaly. Şu bäş manat doly tölense kanuna laýyk bolardy. Hökümet pagta üçin bäş manat tölemeli diýen kararynynyň ýerine ýetirilişini yzarlamaýar.
Şol sanda pagta üçin berilmeli künjara hem häli berilenak. Bu kararyny hem hökümet ýerine ýetirse pagta ýygýan daýhanlar ýene-de tutanýerli zähmet çekerdiler.
Daýhana pul gerek. Daýhan pulsuz pagtany islesede ýygyp bilmez. Sebäbi daýhan öz maşgalasyny eklemeli. Eger pagta üçin tölenilýän nyrh häzirki döwürdäki ýaly hemişe pes bolsa daýhanlar başga işe gidip galarlar. Pagta ekilen ýerler bolsa sandan çykar. Sandan çykan ýeri ýenede kemala getirmek mümkin däl.
Men bu ýagdaýy gözüm bilen görýärin. Bu ýagdaýyň subutnamasy biziň etrabymyzda bar. Bir garyş boýly pagta ýeriň umuman hemme tarapdan sandan çykanyny görkezýär.
Ýöne bu ýerde erjeşik gerek däl. Taraplar öz bähbidini gözläp hereket etmeli. Oba hyzmat pagta üçin gerek bolan tehnikany hemişe saz saklap pagtany wagtynda ekmeli, iýmit bermeli. Ýygylan pagtany wagtynda sklada tabşyrmaly.
Suw edara pagtany gerekli suw bilen wagtynda üpjün etmeli. Dökün edara pagtanyň iýmitini wagtynda bermeli.
Umuman pagta üçin iň gerekli ideg bu ähli hyzmat wagtynda ýerine ýetirilmeli.
Şeýlede bolsa mende täze teklip bar. Bu teklip häzirki döwüriň täze entek hiç ýerde edilmedik tehnologiýsayna degişli. Eger gyzyksaňyz bu ugyrda mende gowy biznes plan bar. Şol sanda men siziň pagta we beýleki ekinlerde täze biznes planlary diňlemäne taýyn.
Geliň, jem bolup bu ugyrda işlejek bolup çytalaşalyň. Biziň hemmämizde diýen ýaly biznes eder ýaly ýer bölegi bar. Emma biz biznesiň nämedigini bilmeýäris. Biz biznes etmäne gyzykmaýarys. Emma döwür indi bizden öz günümizi özümiz görmegimizi talap edýär.
Hökümetden talap edeniňdede köp zat bermez. Dürli hili bahanalary tapyp bize boş wadalary berip aldar. Olardan kömek alýançaň ýol ýöräp sepil bolarsyň. Bu diýdigim hökümetden aýry çykyp işlemeli diýenim däl. Biz iki işi birden alyp barmly. Öz biznes planymyzy ýerine ýetirýän pursatymyzda hem hökümetden kömek puly almaly. Käbir tehnikalary, tohumy we döküni hem almaly. Emma biznesden girdeýji görmek biziň özümize bagly. Iň bolmanda baý bolmasakda garyp bolmaly däl.
Yzy bar!


12

2

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Molla kop ekenow barde 😕...dowamy...
Ylym-bilim ösüşi | Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
HUNTER369 (17.07.2026 / 23:34)

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->