Ýürekdeş sözler!
Men BMG-niň başlygy bolmak isleýärin
Täzejemasterdollar [off]
Şugün, 18:15
Birleşen Milletler Guramasynyň başlygy Antonio Guterriş işden gidýän bolup dur. Ornuna birnäçe adam taýyn. Sese goýarlar. Iň köp ses alan indiki adam BMG guramasyna başlyk bolar.
Bu wagt men özüm barada oýlandym. Meni goýsalar bolanokmy BMG guramasynyň başlygy edip. Bu adamlara garanda köp peýdaly işleri ederdi sebäbi meniň ýasalyşy şeýle. Dogabitdi ukyply, işbaşarjaň, gaýduwsyz, adalaty bilýän. syýsata hem düşünýän.
Haçanda häzirki BMG guramasynyň başlygy Antonio Guterriş bu wezipa saýlanmak üçin özüniň saýlaw wadasyny berende şeýle diýdi.
-Men köp ýerlerde we ýurtlarda boldum. Halkyň gynanýanyny gördüm. Şonuň üçin men BMG başlygy bolsam uryşlary togtadadaryn. Açlyk bar ýurtlarda açlygy ýoklaryn. Demokratik däl ýurtlarda demokratiýany ösdürerin. Umuman bu adam wada berdi. Dünýä ýüzünde abadançylyk bolar diýip. Emma Guterriş bu işinde ullakan üstünlik gazanmady. Ol birnäçe gezek Türkmenistana geldi. Türkmenistanda bir zatlary ösdürjek bolup synandy. Guterriş eger çyksa Türkmenistanda çaga zähmetini gadagan etmek üçin synandy. Ol bu ugyrdan kagyz ýüzünde netije hem gazandy. Emma meniň üns berişime görä çagalar pagta ýygdy. Olary topar-topar edip pagta ýygyma sürüldi. Bu ýyl hem şeýle bolar. Çünki ata-eneler özzleriniň pperzentleriniň pul gazanyp zlerine gerek atlary özleri almagyny isleýärler.
Çagalar pagta ýygyp ýygnan pulyna esasan telefon satyn alýarlar.
Has köp işlänleri geýim hem alýalar. Emma sowuk düşenden soň pagta azalýar. Özüňiz hasaplaň/ Günde altmyş kile pagta ýygýan çaga 10 millionlyk telefon satyn almak üçin näçe wagt pagta ýygmaly. Pagtanyň bir kilesi üçin 1 manat töleg bolanda.
Bir aý pagta ýygmaly. Bir aý mekdepden galmaly. Şeýdip ýörenler kän. Bir aý mekdepden galan çagany mugallymlar gelip " hany, ýör mekdebe" diýip duranoklar. Bu hili ýagdaý hemme ýerde birmeňzeş bolsa gerek.
Men bolsa özümi BMG-niň başlyklygyna kandidat goýýan. Siz meni kanditatlyga itekläň.Ýürekdeş . ru saýtynyň adyndan ýada başga bir guramanyň adyndan. haýsyňyz bu hili işi edip gördüňiz.
Göz öňüne getiriň. Türkemnistanly türkmen BMG-niň başlygy. Emma men parahor däl ýa bolmasa tarapgoý hem däl. Men elbetde ilki bilen inwalid çagalara üns bererin. Uruşlary şolbada ýatyryn. Garyp ýurtlara baý ýurtlaryň seretmegini talap ederin. Baýlaryň girdeýjilerini azaldyp garyplara kömek pulyny köpelderin.
Hawa, onsoň adam erkin gepläp özüniň talabyny soramana erklidginii bütün dünýä ýaýradaryn. Galan zatlary siz aýdarsyňyz/Men sizi diňlärin. Näme ýetmeýän zadyňyz bolsa ýorgalap tapyp bererin.
Ekologiýa ýatdan çykmaz. Aborigen halklary , jandarlary we elbetde ösümlikleri, suwy, asmany, Güni, aýy we ýyldylary gowy görýärin. Elimden gelen iň gowy işleri hemme halka şol sanda türkmen halka sarp ederin. Özüme baý köşk edinmerin. hatda maşyn hem almaryn. Näme tapsam ýaşlara bererin.
4 |
3 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
