Ýürekdeş sözler!
ainurka_mmm : Wagt gecxer, gunler gecxer, yyllar gecxer, yone sana bolan soygum gecxmez))
Kerim Hallyýew - Sönmejek umyt.
Täzeje Мяхри [off] 27.05.2024 / 08:33 Джана моя ✨
Degişgendiň, läliksiräp oýnaklap,
İç gysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda aglaňda hyklap,
Oýn etdim, diýeriňe garaşdym.
Ak mersedes, aklymyna atlanyp,
Bezeneňde kejebäň bilen ýöreşdim.
Hyýalymda gelin alyjyňy duruzyp,
Oýn etdim, diýeriňe garaşdym.
Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk,
Toýa bardym şatlyk-şowhun guraşdym.
Men samsyjak şol pursadam çagyryp,
Oýn etdim, diýeriňe garaşdym.
Ogryn bakdyň çüýşürübiň üstünden,
Ýaryň bilen kürsä çaksyz garaşdyň.
Wah,şondada çykman umyt astyndan,
Oýn etdim, diýeriňe garaşdym.
Söýmedigiňe gitdiň, kalbym çaň edip,
Bilmedim,neneňsi başyň çaraşdyň?
İň bolmanda ýeke gezek jaň edip,
"Bagtly men" diýeriňe garaşdym.
Ol arada "aýrylşypdyr" diýdiler,
Hyrka dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta dikläp umydymy idilen,
Oýn etdim, diýenlerine garaşdym.
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 27.05.2024 / 10:02+0Mlds gowy eken
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk