Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Mugt zada soygi diyyadik olam indi pullynky...
Seni gowy görýärin, sebäbi...
Premium
BAYOGUL [on] 27.05.2024 / 16:10
Biz kim?!
- Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan.
Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr...
Näme üçin we nädip beýle?
- Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok!
Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin özüme ýakyn duýýanlygymdan başlardym...
Ýadyňdamy, ilki tanyşanymyzda goşgy we saňa bagyşlap hekaýa ýazypdym seni tanasym geldi. Tanadykça haladym, haladykça baglandym... Haýran galdym kalbyň tämizligine, köňlüň açyklygyna we ýönekeýligiňe. Meni daşky keşbiňden beter ruhy dünýäň özüne çekdi. Seniň ol giň dünýagaraýşyň içinde özümiňkä meňzeş penjire gördüm, wakalary melanholik, arzuwçyl we optimist tarapdan görkezýän bir penjire. Ana şol penjiräni tapanym bäri göz ýetirdim, aslynda ikimiz şol bir nokada seredýäris. Arzuwlaryň meňkä meňzeş, durmuşdan garaşýanlaryň meňki ýaly. A men seni tanap başlanym bäri geljegimi sende görýän...
Aslynda daşky keşbiň hem meni özüne çekipdi, esasan hem gözleriň... Düýpsiz umman ýaly gözleriň... Olara her seredemde wagt we giňişlik meniň üçin manysyny ýitirýär. A saçlaryň? Mundan öň hiç bir gyzda duş gelmedim seniňki ýaly saçlara... Aslynda olara "saç" diýmek hem gelşenok, tüýs "syrmaşyk" diýerlik saçyň bar. Özem ýöne-möne syrmaşyk däl, bägüller bilen bezelen, gül açýan we owadan ysly syrmaşyk ol. A men hemişe şol saçlary örmegiň arzuwynda... Ýene-de kän zat aýdardym sen hakda, emma il-gün bar, göz-dil bar we başgalar bar. Goý olar seni görmesin, görküňe göz degmesin! - menem seni gabanmaýyn!
Sen meň üçin kim? Men seň üçin kim? Maňa diýseň gyzykly... Bulara jogabym ýok, emma men seniň üçin ojak bolasym gelýär, saňa: "Öýüm seniň ýanyň" diýesim gelýär. Men hakda nämeler pikir edýärkäň?!..
P.S. Soňky soraglar jogapsyz galdy. Biraz şahsy ýazgy... Has şahsy bolandygy üçin tankyt etmezligiňizi haýyş edýärin.
Teswirler:
Premium
Belki [off] Festival gibisin, katılmak istiyorum! 27.05.2024 / 16:15+0Biri mana yazdymyka diyipdirin
Awtory kim?
Premium
BAYOGUL [on] (27.05.2024 / 16:17) Belki, gowy edip okadynmy suny birine hays etdim men adymdan yazyp ber diyip
Premium
Belki (27.05.2024 / 16:24) BAYOGUL, yoo mumkin dal sende beyle analizlemek ukuby yok.
Premium
BAYOGUL [on] (27.05.2024 / 16:27) Belki, mende yok men yazdyrdym
Premium
Belki (27.05.2024 / 16:29) BAYOGUL, sen analizin netijesinde yazandyr-a meni tanamayan bolsa.
Premium
BAYOGUL [on] (27.05.2024 / 16:30) Belki, men aydyp berdim
Premium
Belki (27.05.2024 / 16:32) BAYOGUL, sony sun yaly edip hasiyetnama berip aydyp bermek ukyby sende yok diyyanda
Premium
BAYOGUL [on] (27.05.2024 / 16:36) Belki, men dine azrak aytdym
Premium
Belki (27.05.2024 / 16:45) BAYOGUL, yazan kim?
Premium
BAYOGUL [on] (27.05.2024 / 17:34) Belki, blmk sende onyaly ukyp yok diyen bolup sen na bilyan
Täzeje Мяхри [off] Джана моя ✨ 27.05.2024 / 20:23+0Başyny okadym, yzam başy ýaly gowydyr diýip pikir edýän))
TäzejeBulvar (31.05.2024 / 07:01) Мяхри, sen ýeke däl)
TäzejeМяхри (31.05.2024 / 11:15) Bulvar, ?))
Özümiziňki Росия [off] Слава Аллаху. 27.05.2024 / 21:10+0menden başkasy özune çekipdir
ÖzümiziňkiDiamante (28.05.2024 / 20:01) Росия, şonayt
Täzeje KOROLEV [off] Krallarda Devrilir Aslan 28.05.2024 / 13:49+0Like basandyryn
Premium
BAYOGUL [on] (28.05.2024 / 13:49) KOROLEV, sagbol
TäzejeKOROLEV (28.05.2024 / 13:50) BAYOGUL, Senem men Mowzuguma basay
Premium
BAYOGUL [on] (28.05.2024 / 13:50) KOROLEV, hany mowzugyn tapayyn
Özümiziňki Diamante_08 [off] Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım.... 28.05.2024 / 20:02+0wai... gyz bilen oglanmy bular.... söygidirläioo
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk