Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Yalan soygi(bolan waka)
Premium
 BAYOGUL [off]
 30.05.2024 / 17:41
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Myrat soňky üç ýylyň içinde bolup geçen wakalar barada oýlanyp oturşyna ajy ajy ýylgyranyny duýman galdy.
Höwes bilen giren bölümini gutaryp barýardy...hemme zat gülala-güllük, bolmalysy ýaly bolup barýardy. Eger soňky günlerde şol gyz hem peýda bolmadyk bolsa, diýip içini çekdi...
Okuwyny gutaryp barýarka bolupdy waka. Geçen dört ýylyň içinde okaýan şäherine, okuw jaýyna we bir kursda okaýan oglandyr gyzlara gowy öwrenişipdi. Uniwersitetin soňky günleridi. Ders dowam edýärkä töweregine göz aýlady. Ýene-de bir salymdan herkim bir ýere gider, herkim bir zat bilen meşgul bolar, diýip oýlanyp oturşyna-da ýanynda oturan oglanyň soraglaryna jogap berýardi yöne kimdir biriniň özüni dykgat bilen synlaýanyny welin bilmeýärdi...
Synpyň iň yzynda oturan gözi aýnekli gyz bir mugallyma seredýär birem sag gyýagynda oturan oglanlary synlaýardy. Ahyry bir bahana bilen olaryň gürriňine goşuldy. Anha şol wagt Myrat gyzyň yüzine seretdi... “Allajan nähili owadan gözler, edil janyňy alyp barýar” diýesi gelip dili gijäp gitdi...Gürrüňler bolsa has gyzyşyp barýardy...indi gyz Myrady has ýakyndan synlap bilýardi.
Şol gün agşam gyz Myrada jaň etmegi yüregine düwdi yöne näme diýip jaň etmeli? Nähili bahana tapmaly? Indi kellesini gemirip barýan soraglara jogap tapyp bilenokdy. Birdenem ol gyz bolup otyrşyna özi hem utanyp gitdi. Az kem joralarymy göreyin, diýip goňşy otaga geçeni hem şoldy welin gyzlaryň Myrat hakyda gürleşip oturanyny eşitdi. Yuwaşlyk bilen salam berip ol hem gürriňe goşuldy. Myrady tanamadyksyran bolup “kim gyz ol Myrat diýýäniňiz? Oň nämesi üýtgeşikmiş beýle gürriň eder ýaly?” diýip soran boldy. Beýleki gyzlar gezekli gezegine Myrady öwmäge başladylar...
Ahyry gyz yüregini bire baglap telefonyny eline aldy. Myradyň nomerini aýlap garaşmaga başlady. Bir, iki,... “alo!”...dyt dyt dyt... Gyz utanjyndan ýere giräýjek boldy. Jaň edip yekeje söz aýtmagy hem başarmandy. Has beteri telefonyny göni ýapyp goýberipdi. “Ýene azajykdan jaň edeýin, şu gezegä gürleşerin bolmasa-da hiç bimaza etmäýin” diýip ýene soňky aýlan nomerini aýlady.
“Eýýam üçünji gezek, oglanlar sizden biri oýnaýamaý telefony, beýtmän how, ertir synagym bar men okamaly” diýip zeýrenip otyrşyna beýleki oglanlar ýylgyryp, “aý ýok agamjan biziňem synagymyz bar oýnamaga el degenoga” diýişip gülüşdiler. Hakykatdanam jaň edýan nomer üýtgeşikdi. “Alo, Myrat senmi? Men nemele............ , bagyşla bimaza edyänim üçin, senden bir zat sorasym gelýär. Ertir okuwa gelýäňmi? Gelseň dersden soň saňa bir zat aýtjak” diýip göni telefony ýapdy. Myradyň bolsa eýýäm sapakdan ünsi bölünipdi...
Gyzyn utanýandygy yüzinden bildirip durdy. Gyz ahyry yüregini bire baglap: “Myrat nähili görjegiňi bilemok ýöne näme diýseňem saňa aýtjak zadym adaty bolşyndan üýtgeşigiräk”, diýip dowam etdi “men seni gowy görýan!”...
Bir, iki, üç...duşuşyklaryň sany gitdigiçe artyp başlady. Myrat hem gyzy halaýanyny gizlemedi. Okuwyň gutarmaly wagty bolsa ýakynlaşýardy; has takygy Myrat bilen gyzyň aýralygy golaýlaşypdy. Her duşyşykda näçe şadyýan bolsalaram birbirinden bir zady gizlejek bolýardylar. Ahyry Myrat “.............! seni gowy görýanimi bilýaň indi men saňa bir sorag sorajak yöne gowyja pikirlen. Eger bir gün gelip meň bilen durmuş gurmagygy islesem näme jogap berersiň?” Gyz bu soraga köpden bäri garşýardy...begenjindenmi ya-da gynanjyndan aglaýanyny indi özi hem bilenokdy. Gyz bu soraga hem begendi hem-de gynandy. Begenjiniň sebäbi; gowy görýän oglany garaşýan soragyny sorapdy, gynanjynyň sebäbi bolsa ejesiniň aýdan sözleridi. Gyzyň ejesi Myrady göripdi, gowy oglan diýip baha-da beripdi emma “Gyzym eger Myratlar gudaçylyga gelseler seni oňa berjek däl, sebäbi olar gaty uzakda ýaşaýar, öňem uýaňy alyslara gelin edip goýberdim, seniň hem daşlaşyp gitmegiňi islemeýärin.” Gyz bularyň hemmesini Myrada nädip aýtjagyny bilmän yördi...
Myrat soran soragynyň jogabyna gaty köp garaşdy...okuw gutaraly bir ýyl töweregi wagt bolupdy yöne entegem jogap yokdy...yene bir gün işine gümra bolup otyrşyna birden gelen telefon sesine tisginip gitdi.
“Alo! Myratjan salam! Men ................ . Myratjan meni bagyşla, köp wagtlap garşdyranym üçin. Men utuldym...bagyşla...”
Ýüregi suwlyja gezip yören yigit birden nämäniň nämedigine düşünmän galdy...dünýä birhili manysyz görünmäge başlady...şeýle-de bolsa durmuş dowam edýärdi...
“Durmuş dowam edýär” diýdi ýene bir gezek ajy ýylgyryp... “gyzlara weli ynanar ýaly däl bu döwür”...


70

9

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 30.05.2024 / 17:42

+1

okar yaly gysgajyk zat goyayou


Premium
BAYOGUL  (30.05.2024 / 17:43) 

Aixcam_nx, uzyn bolsa gowa


Gerekli
Aixcam_nx  (30.05.2024 / 17:45) 

BAYOGUL, okalanok 100/98 okaya cto %bilyan

 Täzeje
 Orazmyradovna [off]
 30.05.2024 / 17:52

+0

Gyzda name guna barka.Ejesinin diyeninden cykyp bilen daldir


Premium
BAYOGUL  (30.05.2024 / 18:01) 

Orazmyradovna, mumkin like basay

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


gyzlardan Hayat ady ohlanam Begenc ady owadan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
gul (Şugün, 09:35)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Hemem Ýarhan Bally kim ýa edebi tahallusyñmy ?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Gerceknazar (Şugün, 08:40)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Goşga gowy a:t gerek. Ýogsa oña seredä "men ýaly gowy goşgada a:t goýañyzok " diýip öýkeläp oturşyny....dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Gerceknazar (Şugün, 08:38)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


On alty ýaşynda şular ýaly goşgular ýazyp bilýän awtora "Berekella" diýmeli. Biraz edebiýatdan çetleşýän deý . Ony döredijilige ugrukdyryp bilsek...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Gerceknazar (Şugün, 08:35)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Bedrelileri gyz dip goz onune getirsek, yagty yoly capmagam oglanyn geljege umydyny uzmek diysek seytanlaram muna heselle kakya. Dusnukli boldy....dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Belki (Şugün, 08:26)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Adalatda kelle kesiji adalatly sözler, güýçli pikirler, duýguly setirler bar. Awtor biraz uzynrak oýlanmalar, pikirler, gündelik ýazgylaryny ýazy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
Gerceknazar (Şugün, 08:26)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Şeytanlar keypde diyyan eken-a. Duyn konfda okanda seytan yoluny kesse dip okapdy oydyen....dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Belki (Şugün, 08:24)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Aý, tekst görnüşinde okadym täzeden. Gowy ekenä. 😃...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Agzamen (Şugün, 01:59)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Ăçgiñ gaçypdyr őÿtÿăn dos...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
@menin_dunyam (Şugün, 00:20)

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика