Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : "Aşk bazen iki beceriksizin işidir. Biri sevmez, diğeri unutamaz."

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Edepliligiñ derjeleri barmy?!
Premium
 BAYOGUL [on]
 30.05.2024 / 18:35
 Yurekdesh.ru

Bir wagtlar—ürç edip ýaşlyk depder tutulýan döwri(5-7 klas aralyk bolsa gerek) menem özümçe bir depder tutunypdym: “Danalardan dürdäneler”. Oňa esasy okamak hakynda, edep hakynda we ş.m zatlar göçüren bolardym. Oňa ýadygärlik hökmünde ýazgy ýazdyrmazdym.Özümem hiç kimiň depderine ýazmazdym. Ýöne ynjytmazlyk şerti bilen okamaga beren gezeklem bolupdy. Şol wagtlar men eýýäm özümi edepli bir şahs hasaplaýardym. Ene-ata ýygnagynda mekdep müdiri: “Sagbol, gaty gowy gyz ýetişdiripsiň”—diýip, ejemiň arkasyna kakanda ýolboýy gözünden boýur-boýur ýaş akyp gelendigini indi-indiler gürriň berýär.
Men bu zatlary aýtmak arkaly, şol wagtlardan häzriki günlere çenli, özümi aňrybaş edepli hasap edendigimi, yöne beylebir edeplem däl ekenim duygysyny yaşanymy ýaňzytjak bolýan.
Bir gezek, enem gelýär diýip, öýleri tertipläp, oturýan ýerine düşek atyp toýa gidipdim. Agşamky toý, özümem ýadaw gitdim. Gyzlar kän. Olaram iki tarap, “döwrebaplar” we adaty oba gyzlary. Gyşyk gürriňlerem bolup dur. Bu gürriňleň sebäbine gyzlaň içinde gyz bolubam düşünip bolmaýan wagtlar bar. uzak günki ýadawlyk üstimi basypdy. Gyzlaň iki tarap bolup kesekleşýänem ýüregme düşýädi. Açlygam üssesine. Duz dadyp turdym. “Sagboluň! Men-ä gaýtdym” Ejem eneme ýaraýajak nahar bişirendir, gapdalyndan süzmäň içine käşir bilen sarymsagam gyrandyr, enem ikimiziñ iñ halayan saladymyz ol. Kakamam enemiň agzyna ýakaýjak zatjagazlar getirendir. Geldim. “Gel-gel, al çaýam iç!” ýadaw halyma, aňryma il gonansoň, arkamy stena berip aýagymam uzatdym. Ejem:“Utanoňkmy gyz! Ýygna aýagyňy”—diýýär! “Kimden utanmaly? Enem bilen ejemdenmi? Agam, jigim, kakamam-a ýok öýde häzir. Ýa-da göze görünmeýän birilerem barmy aramyzda. Ýok!”
Ýene bir gezek daýzamlarda, iýip-içildi, çaýlar geldi, tw açyldy. Her kime bir ýassygam geldi. Menem “Öli janlary” aldym-da gyşardym. “Her gyşaraňda bir okaljak kitab-a däl. Gowsy ekenomikadan ýazan ýazgylaryna güýmeneýin” Otagda-da: Ejem-daýzam-gyzlar. “Agyz,
utanaňokmy? Tur keserip ýatma!”
Şular ýaly sahnalar kän gaýtalanypdy soňky döwür. Mundan ozal men öýe myhman gelse enem-mamam-daýzam-pylan ejem—kim bolsun tapawudy ýok ýanlarynda oturmaga wagt tapmazdym. Wagt tapjak çaga döwürlerimem ýanlaryna barmakdan utanyp, çagalary güýmär ýörerdim.
Ejeme: “Bular edepmi? Men edepsizmi?”—diýip soramaga bolsa, maý bolmazdy. Täzelikde ejem bilen bir sagat ýarym sagat oturyp gürriň etdim: “Eje, sen şuwagta çenli enemiň ýanynda bir gezejigem gyşaryp göreňok, meň bilen deň-duş agtyk gelni welin, öz gaýnynyňam garry gaýnynyňam ýanynda kellesini, aýaklaryny dyzyna çenli ýalaňaçlap, suwa düşüp, tansam edip ýör! Nämemiş, dynç alýalarmyş! Men saňa beýt diýemok, näme üçin ýöne arkaýyn bolaňok?!”—ýaly müň dürli sorag ýagdyrydym. Ýöne, olaň hiçisi meni kanagatlandyranokdy. Kanagatlanar ýaly ejem üýtgeşik owadanam gürlemez, asylha, tersime gürlemezem, özüni düşindirjegem bolmazdan hereketlerini kabul etdirer. Jogaplara kanagatlanmasaňam öz ýanyňdan makullaýansyň.
Şu we şuňa meňzeş wakalar bir wagtky edep düşünjelerim hakda mazaly diňşirgendirdi. Depderimde: “Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt”—diýen sözem bardy. Şol wagtlar çaga beýnim bilen: “Bagt näme zatka? Diňe durmuş toýlarda bagtly boluň diýilýär, bagtly bolmak üçin hökman toý etmelimikä?” diýerdim.
Indi bolsa birhili, edepli bolmagyň özi hemmelere ýetdirmeýän uly bagt ýaly bolup dur.
Biraz bagtly ýa-da has bagtly bolup bolýarmyka, biraz edepli ýa-da köpräk edepli diýen ýagdaý, ýa-da edepde derejeler barmyka? Okap bilimiňi artdyryşyň ýaly edebiňem artdyryp bolýarmyka? Belkem diňe edepli ýa-da edepsiz bolup bolýandyr. Ozalkylar aýtmyşlaýyn: “Az köpüň delilidir” belkem....

©Jan Jennet


138

11

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 30.05.2024 / 18:36

+0

ufff

 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 30.05.2024 / 18:36

+0

ozunki ozun likee basyanmy


Premium
BAYOGUL [on] (30.05.2024 / 18:37) 

Aixcam_nx, durmus seyle


Gerekli
Aixcam_nx  (30.05.2024 / 18:37) 

BAYOGUL,

 Täzeje
 Мяхри [off]
  Джана моя ✨
 30.05.2024 / 18:38

+0

Okamana ýaltanýan, gowudyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yasa sulara menem gosulyan uzyn omrun bolsun goroglyn yasyn yasa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aydymcy_Jemile (Şugün, 13:40)

Uzak yasa Epifiz dade.


Menem gutlayan uzak we manyly ýaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Luckyboy (Şugün, 13:33)

Uzak yasa Epifiz dade.


Berdi bilen barjak diyyami...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:56)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:55)

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика