Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ikimiziñ aýdymy
Premium
 Belki [off]
 30.05.2024 / 21:00
 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

IKIMIZIÑ AÝDYMY.

           "Men señ ýalyny hijem tapmaýan..."
         (Aýdymdan)

- Maña aýtjak zadyñ barmy?
- Bar.
- Aýt!
- Men öýlenýän. Seni toýuma çagyrýan.
- Bagtly bol! Baryp bilmen... Bar aýtjagyñ şolmudy?
- Howwa. Sen nämä garaşypdyñ?
- Hiç-le.
- Men bilýän.
- ?
- Men seni ...
- Yzy?
- Söýüpdim.
   
                  ****
   Sowuk. Sop-sowuk. Ýüregimiñ sowugy bedenime täsir etdimikä? Üşeýärin. Her gün säher bilen özüme şu günem mydar etmegini haýyş edýärin. Ýaşamaly. Ähli bolan zatlara bilgeşleýin ýaşamaly. Tylla günüñ zemine sary uzaýan saçlarynyñ sanyça yzalary çekseñem, ýene şonça yza kaýyl bolup ýaşamaly. Goja dünýä indiñ. Indi yza ýol ýok.
       Ynsan başaryşyça bagtly bolýarmyş diýýäler. Eger hiç bagtly bolup bilmedik bolsa, şonda näme? Diýmek bagtly bolmagy başarmandyr, şeýlemi?  Sowallar... sowallar. Olar goşunyny mäkäm jemlän duşman deý çar tarapdan üstüme çozýarlar. Menem ýeñlişe sezewar bolan esger kimin başymy öñe egip, öz oýlaryma gümra bolýaryn.  Oýlarym mahal-mahal şygyr setirlerine syrygýar. "Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ, Dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä" diýen şahyry öz ýanymdan mamla hasap edýärin. Soñ bolsa ruhumyñ deñsiz-taýsyz syrdaşlaryna - aýdymlara içimi döküp başlaýaryn. 
    ...Ol aýdym ilkinji gezek jigim diñläp oturka tötänleýin gulagyma degipdi.
" Özüñi meñ ýerime goý..." diýip başlanýan setirlerinden tä soñuna çenli her sözi ýüregimde yşk mukamy bolup ýañlanýardy. Serimde gaýtalanýardy. Ol wagtlar heniz sorag alamatlaryndan doly dünýäñ bilen aladasyz, bigam dünýämiñ gapysyny kakmandyñ. Diýjek bolýanym, birini dälilik hetdine ýetip söýüp, ondan jyda düşmegiñ yzasy ýaş köñlüme tanyş däldi. Ýöne, her gezek aýdymy diñlänimde ruhumda apy-tupanlaryñ gopýanlygyny duýardym. Birdenkä-de özümden biygtyýar gözlerime ýaş aýlanardy. Düşünmezdim. Düşünjek bolup aklyma şunça agram salsamam aýdymyñ mende beýle hesreti oýarmagynyñ sebäbine teý düşünmezdim. Barybir gözlerimi ýumup jadyly owazyñ içinde azaşmak lezzetinden mahrum etmezdim özümi. Aýdymy diñlänimde başymdan geçirýän duýgularymy nädip düşündirsemkäm? Asmanyñ iñ ýokarsyndan - bulutlaryñ arasyndan gollaryñy ganat deý giñ açyp ýer ýüzüne syýahat etmek kimin ýakymly.
      Ine, bir günem saña sataşdym. Tanan ilkinji günümden başlap özüñe bolan gyzyklanmany oýarypdyñ. Seniñem garaýyşlaryñda şol görmek isleýän mährimi görüpdim. "Bu şol bolmaly. Agtaranym bolmaly" diýip oýladym. Bagtlylygymy tutuş durkum bilen duýdum.
   Hemme zat pursatdan ybarat. Bagtam, betbagtlygam, şatlygam, gussa-da. Maña eçilen bagtyñam bary-ýogy üzlem-saplam pursatlardan ybarat eken. Ikimizi hoşlaşdyryp, herimizi aýry ýola ugradan şo-ol güni senem mençe ýatlaýarmykañ? Aýdylmaly sözler neneñsi kän, aýdylanlar bolsa neneñsi az. "Söýüpdim" diýdiñ didämden didäleriñi sowup. Näme üçin ýüzüme garamadyñ şonda? Özge bilen ykbal birikdirjek bolup ýörkäñ beýle boýun alyşy ýersiz saýanyñ üçinmi? Ýa bolmasa, söýgiñ üçin göreşip bilmeýänligiñe utanypmydyñ? Aýdýan-a bu sowallar kän daşymy gabaýar. Gowusy, sen soranjañlygyma, bilesigelijiligime üns berme.
      Ýeri, indi bulary ýanjap oturmagyñ kime nepi degjek diýsene? Men ony aýtmakçy däldim-ä. Düýpgöter başga zat - şo-ol aýdym hakynda gürrüñ berjekdim.
   Saña bagt arzuw edip hoşlaşan günümden bolsa iki-üç geçendir, uýaña gabat geldim. Salam berip, deñinden geçiberjek bolanymda haýyşyñy ýetirdi.
- "Bagtly bol" aýdymy. Şol aýdymy tapyp diñlesin diýýär - diýdi-de duşumdan ötdi.
Doññara daş ýaly duran-duran ýerimde galypdyryn. "Bagtly bol! " "Bagtly bol!" diýip aýdymyñ adyny telim ýola gaýtaladym. Gör-le, täleýiñ işini. Ol aýdym heniz seni tanamankam gözlerimden ajy ýaşlar süzdürip, aglamakdan lezzet alyp diñleýän aýdymym ahyry. Şol hoşlaşan pursadymyzyñ yzysüre hem kän diñläpdim ony. Diýmek, senem menden bihabar öz ýanyñdan ony diñlän bolmaly. Iki ynsan birek-birekden habarsyz şol bir aýdymy diñläp biri-birini ýatlaýan bolsa, bu olaryñ arasynda nähilidir bir ýakynlygyñ - duýgy baglanyşygynyñ bardygyny añladýar. Öz tapan açyşyma özüm ýylgyrdym. Öýe nädip ýetip, tanyş aýdymy nädip diñläp başlanymy bilemok. Bir seretsem, ýene göz owalarym çygjarypdyr.
Aýdym "Men seni henizem ýatlaýan, henizem söýýän öñküm ýaly" - diýen sözler bilen jemlenende özümiñem hut şol aýdymdaky duýgulary başdan geçirýändigimi duýdum. Belkem,  durmuşyma hut şu aýdymyñ duýgusyna düşünmegim üçin girensiñ.
     Näme diýsene, diñe wysala ýeten aşyklaryñ öz aýdymy bolmaly diýen zat ýok ahyry. Wysalsyz söýgileriñem aýdymy bolmaly. Goý, bu aýdym ikimiziñ aýdymy bolsun! Haçan-da bolsa bir ýerde onuñ tanyş sözleri, tanyş mukamy gulagymyza degende biri-birimizi ýatlaly. Ýöne munuñ üçin bize berlen ömri gamlanyp geçirmäli. Diñe gussa şemaly ýüregimizi sähel salymlyk sypap geçsin. Soñ bolsa ýylgyraly. Bary-ýogy ýekeje ýylgyryş!
    
 
   
     


112

16

4

6

1

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 30.05.2024 / 21:09

-1

gowy eken

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 30.05.2024 / 23:43

+0

Gowy eken

 Özümiziňki
 Росия [off]
  Слава Аллаху.
 31.05.2024 / 09:16

+0

ekiz ekizow şü aýdym bilen galya öýtyan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Şugün, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Şugün, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Şugün, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Şugün, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Şugün, 21:34)

At yazmak


DostMuhammet,...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Madelyo (Şugün, 21:22)

Gel...


Gowy eken haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel...
BAYOGUL (Şugün, 21:07)

Ata sozlerii


9)Bok üstine otyryp gizläp bilersiň ýöne ysyny saklap bilmersiň(Hytaý ata sözleri ) Şowsuzrak terjime edilenmikä ýa Jeki Çan dagyň atalary göni ş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
Neo (Şugün, 20:53)

Ata sozlerii


Ata sözleri diýmän, atalar sözi diýilse has gowy bolaýjak ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ata sozlerii
Neo (Şugün, 20:51)

Goşgy


Üýtgeşik ýazylypdyr Magtymguly Pyragy barada aýratynâm şu ýyl gaty kän ýazyldy bal näçe süýji bolsada köpräk iýseň ýigrendirýär ýöne şular ýaly ö...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Hyyalbent (Şugün, 20:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика