Ýürekdeş sözler!
Relax : Ölen adamlar barada Hakykaty aýdýarlar.
#Gidiber
Gytyndan Yekejelai [off] 31.05.2024 / 00:05 Øzime_dønein?
Gidiber, harlanan umydym taşlap,
Küle garyp söýgä bolan ynamym.
Men indi hiç haçan ýalbarman saña,
Hiç kimse-de bilmez meniñ ýananym.
Gidiber, az bolan bolsa yhlasym,
Egsik bolan bolsa ýüregmiñ yşky.
Men gara saçlaryñ öpmän oñaryn,
Döretmän oñaryn şanyña goşgy.
Gidiber, yar,hoşlaşmasañ hoşlaşma,
Sen barybir söýgim bilen hoşlaşdyñ.
Emma ýanmaýanyn unudyp barýañ
Bir ýanan ýürekde başga bir yşkyñ.
Gidiber, galdyran hasratlaryñy
Şatlyklarym bilen göterer beýnim.
Ýekeje gezek hem ah çeker öýtme,
Başdan ejiz bolup dogmandy söýgim.
Gidiber sen, asla yza bakma-da,
Aý, menem birine baglaryn ömri.
Ýöne diñe özüm ýitemsoñ ýiter,
Şeýle bolar ilki söýgimiñ ömri...
Teswirler:
Özümiziňki Diamante_08 [off] Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım.... 31.05.2024 / 00:15+0çözzüläi şu goşgy
GytyndanYekejelai (31.05.2024 / 00:17) Diamante_08, hawo
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...
Ýokaryk