Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Durmuş bize öwredýär gör köp zady, Internetde , kitaplarda ýok zady. @Gerçeknazar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýigitlerimiz esgimi?
Premium
 BAYOGUL [on]
 31.05.2024 / 18:25
 Yurekdesh.ru

Gyzlarymyzdan biri özüni mata deňäp hekaýa ýazypdyr. Özem aň-düşünjesine hormat goýup ýörenlerimiň biri. Ol esassyz bir zat ýazmaz. Ýazgyny okap ol näme üçin ýazyldyka diýip bialaç pikire gitdim. Her bir ýazgy ýazylanda öňüňde haýsydyr bir maksat goýlup ýazylýar.

Meniň 3 gyzym, 3-em oglum bar. Olaryň hemmesem öýli-işikli. Megerem şondandyr. Gyzlarymyň kejine gidip, durmuşa çykarmadym. Ogullarymyňam hiçisiniň diýenine däl diýip öýermedim. Ilde-de şeýle. Gyzyny zor bilen durmuşa çykaran hakynda şu ýaşyma enteg-ä eşidemok. Dogrusy käbir eserleri okadym. Olaram okap bolup halamandym. Olardan propagandaň ysy gelip durdy. Birmi-ikimi kino-da göräýdim öýdýän. Olaram, pikirlendirjek, düşünjeleri ösdürjek, türkmene at-abraý getirjek bolnup däl-de, tomaşaçylary aglatjak bolnup alnan kinolara meňzedi. Söýgi hakynda häzirki ýazylýan eserlerde-de näme üçindir aşyk-magşuklar “ýansa” gowy görýärler. Oglan bilen gyz öýkeleşer, iş-işden geçenden soňam, arman çekmek, ahmyr, senden boldy başlanar. Aýdymlarymyza çenli ýanan söýgüden doly.

Kerim agaň “Ýaşlyk dramasy” ýadyma düşýär. Ýa şolar ýaly ýürekden ýazylan eserlere öýkünip bolup ýörşümizmikä? Dogry, söýgi ýag ýaly geçmeýär. Belki myradyna ýeten söýgüden ýetmedigi kändir. Ýöne myradyna ýetmedik söýgüde kim günäkär? Ene-atalarymyzy günäkärlejek bolýarysmy? Olar bizi adam etdiler. Indem öýerjekler, durmuşa çykarjaklar, biziň bagtly bolanymyzy görjekler. Düşünjeleri yza galak bolup biler. Gurbannazar şahyr, söýgä şeýle çuň düşünen şahyr, söýüşip öýlenen däl. Gülnabat gelnejemiz bu barada: “Men Gurbannazar bilen 10 ýyl ýaşaşdym. Ýöne şol on ýyly başga biriniň 50 ýyl ýaşaşanyna çalyşjak däl” diýip gürrüň beripdi. Çünki Gurbannazar ikisi ýaly bir-birini söýenler gaty azdyr, meniň bilýänlerimiň içinde-hä ýogam.

Okajak, işlejek, durmuşy görjek, otuz ýaşajak, soň durmuşa çykjak diýýän gyzlaram kän. Alyn-bagtyňyz açyk bolsun! Ýöne Gurbannazaryň “Kim geçmeýär öz bagtynyň deňinden” diýen setirleri diňe görmeksiz gyza ýazylandyr öýdemok. Bagtyňyzyň deňinden geçmeseňiz bolýar. Ýöne bagtyňy deňiňden geçirmejek bolup, ömrüňi köýdürmekdenem sersap bolmaly. Umuman gyz maşgalaň boýnunda uly jogapkärçilik bar. Ýigitlerimiziň içinde-de, diňe sizi bagtly etjek bolup ýörenler bilen bir hatarda, sizi hakykatdanam “mata” ýaly göz öňüne getirýänler, “esgiçe-de” ýoklary bardyr. Ýigitleriň arasynda içi maňyzly şänik ýaly ogullaram kän.

Sözi ulaltmaýyn. Biz ene-atalar diňe siziň bagtyňyzy isleýäris. Sözümiň soňunda degişme-de aýdaýyn. Garrygalada geçi çopany bilen gürrüňimiz bolupdy. Geçi bakmak goýun bakandan kyn bolýar diýşipdik. Şonda çopan “Wagtynda şahyna kakylmasa geçi maly tutuş sürä başbozarlyk edýär” diýipdi. Ýene-de biz mal däl, bizi mala deňäpsiňiz diýmäň. Men ýöne ýadyma düşdi-de aýdaýdym. “Şahyna kakmak” düşünjesi gowy zat däl. Başbozarlyk etmegem, elbetde, ondan gowy däldir. Ýaşlarymyza etjek arzuwym, diňe şu günüňiz bilen ýaşamaň, azajygam bolsa öňe serediň. Geljegiňiziň pikirini ediň. Geljek diýilýän, ilkinji nobatda her kimiň öňündäki ömrüdir.


153

14

3

4

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Jemsit [off]
  Söýgüde goşgydyr kişa ökünme.....
 31.05.2024 / 18:41

+0

Sunca acyan mowzyklany ozin bir okap goryanmi


Premium
BAYOGUL [1s] (31.05.2024 / 18:41) 

Jemsit, nam boldy


Täzeje
Jemsit  (31.05.2024 / 18:43) 

BAYOGUL, hic zadam bolanok. Hokman bir zat bolmalymy. Yone ysman kan acylya diyjek bolian


Premium
BAYOGUL [1s] (31.05.2024 / 18:44) 

Jemsit, gunlik limitkerim koymesin diyip acyan


Täzeje
Jemsit  (31.05.2024 / 18:45) 

BAYOGUL, bolia


Premium
BAYOGUL [1s] (31.05.2024 / 18:45) 

Jemsit, axa

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 31.05.2024 / 20:44

+0

Ýigitleriň arasynda içi maňyzly şänik ýaly ogullaram kän.-
näme diymek bolyar

 Premium
 Belki [off]
  Festival gibisin, katılmak istiyorum!
 31.05.2024 / 20:53

+0

Haýsy ýerden aldyñ muny? Awtory kim?


Täzeje
 (01.06.2024 / 00:23) 

Belki, makalam.dan alynan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yasa sulara menem gosulyan uzyn omrun bolsun goroglyn yasyn yasa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aydymcy_Jemile (Şugün, 13:40)

Uzak yasa Epifiz dade.


Menem gutlayan uzak we manyly ýaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Luckyboy (Şugün, 13:33)

Uzak yasa Epifiz dade.


Berdi bilen barjak diyyami...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:56)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:55)

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика