Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Garyplyk iň gorkunç ölüm ýalydyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýazyjy Juma Hudaýguly aramyzdan gitdi
Premium
 BAYOGUL [1s]
 06.06.2024 / 09:30
 Yurekdesh.ru

2-nji aprelde türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan tanymal ýazyjy hem-de suratkeş Juma Hudaýguly 78 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ýazyjy 1946-njy ýylyñ 14-nji dekabrynda Ahal welaýatynyñ Sarahs etrabynyň Ýalawaç obasynda dünýä indi. 1963-nji ýylda mekdebi gutaryp, Aşgabatdaky Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine okuwa girdi. 1968-1973-nji ýyllarda Ukrainanyñ Lwow şäherindäki poligrafiki institutyñ kitap grafikasy bölüminde bilim aldy, soňra Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasynda işledi.
Ol 1980-nji ýylda SSSR-iň Suratkeşler birleşigine kabul edildi. Suratkeşiň eserleri respublikan hem Bütinsoýuz sergilerine, Daniýa, Gresiýa, Mongoliýa, Russiýa, Siriýa ýaly birnäçe ýurtlarda gurnalan halkara sergilere gatnaşdy.
Juma Hudaýguly 35 ýaşynda edebiýat älemine gadam basdy. Onuň ilkinji hekaýalary 1981-nji ýylyñ iýulynda «Edebiýat we Sungat» gazetinde çap edildi.
1987-nji ýylda ol SSSR-iň Ýazyjylar birleşigine kabul edildi. 1990-njy ýyllaryñ başlarynda SSSR-iñ Halk artisti Baba Annanow bilen birlikde «Zöhre-Tahyr» kinofilminiň ssenariýsini ýazdy. Şol döwürde ol dört aý «Edebiýat we Sungat» gazetiniñ baş redaktorynyñ orunbasary bolup işleýär.
Dürli ýyllarda Juma Hudaýgulynyň hekaýalarynyň terjimeleri ABŞ-da, Russiýada, Türkiýede, Täjgistanda, Belarusda, Yrakda çap edilýär.
Ýazyjy onlarça hekaýalardan ötri, Gökdepe tragediýasyna bagyşlanan «Ýere gaçan ýyldyzlar» atly üç tomluk epiki romanyň, «Döwür kyssasy» çeper publisistik romanynyň, «Gyrmyzy bägüller», «Söýgüde serhet ýok», «Aşyk Merdan kyssasy», «Ömrüzaýa» romanlarynyň, ençeme powestiň, pýesalaryň awtory hökmünde tanalýar.
Cesme:Zaman turkmenistan


206

21

6

5

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Yegen [off]
 06.06.2024 / 09:57

+0

Ömürzaya kitabyny okap tasdan aglapdym.

 Täzeje
 OLiNKa [off]
  #SöYGiDeN PeYDa YoK...GiDiP YaTyÑ
 06.06.2024 / 10:06

-1

2nji aprelda yogolen adamy shuvagt habar beryañmi...movzugyñ adynam tazelik yaly edip yazypsyn aramyzdan gitdi dip hamala shugun giden yaly


Premium
BAYOGUL [1s] (06.06.2024 / 10:07) 

OLiNKa, menem sugun bildimda gidenini gynanç bildirip goyaydym gowy adamdy

 Täzeje
 OLiNKa [off]
  #SöYGiDeN PeYDa YoK...GiDiP YaTyÑ
 06.06.2024 / 10:07

+0

Movzuk ady bn movzuk hichili baglanshykly dal...

Movzuk ady-tazeligi habar beryar...
Movzuk ozi-kone habar


Premium
BAYOGUL [1s] (06.06.2024 / 10:29) 

OLiNKa, halamasan dislike bas


Täzeje
OLiNKa  (06.06.2024 / 10:50) 

BAYOGUL, bor

 Täzeje
 Hako [2m]
 06.06.2024 / 10:26

+0

Iman baýlygyny bersin. Eserlerinde wakalary gaty ynandyryjy ýazýardy. "Ömrüzaýa-daky" Hakberdiň (Hapby) keşbi hasam ýadymda galypdyr.


Täzeje
 (06.06.2024 / 10:32) 

Hako, aytmsanay dost. Mazarlykda bolup yorisini diysene soygi diyip. Mahtin bolsyna gaty halamadym. Birem Hapbyn beryan depderi bara Mahta beryan owulyade. Sondaky yazylan hawa hasam ynandyryjy eken.


Premium
BAYOGUL [1s] (06.06.2024 / 10:42) 

Yegen, menem şuwagt aldym köp girjek nesip etse omurzaya kitabyny aldym


Täzeje
Hako  (06.06.2024 / 12:07) 

Yegen, hawa. Okap otyrkaň şolaň ýanynda ýören ýaly bolýaň

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 06.06.2024 / 11:57

+1

Omrizaya kitaby iki gezek daga okandyryn o kitap okanyna gaty degyan kitap iki gezek okamdada agladyp bildi meni gaty zehinli gaty okde yazyjydy Gyrmyzy baguller kitab gaty gyzykly kitap menem okap otyryn maslahat beryan okajaklara. Jayy jennet bolsyn iman baylygny bersin. Sagbolun yetireniñizede


Täzeje
 (06.06.2024 / 12:11) 

yurekdes, hmmmmm

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 06.06.2024 / 13:35

+1

Jaýy jennetde bolsun. Arada Şota Rustaweliniň ömridöredijiligini tvde okap berip durdylar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.ru çat barada pikirler


http://tkmchat.x10.bz/blabax.php Chat gerek bolsa millet uysup baryberin bolmasa gezeklesip baryanhz icinde galmasan gelen adam yok diyip gityal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Boxer (Şugün, 20:30)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Berekella, gowy ýazylypdyr... Maýyplyk haty barada mende näçe diýseň gürrüň kän, ýöne käbirlerni gürrüň bersem özüm utanýan olaryň boluşyndan. Do...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Fantom (Şugün, 20:26)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


Aslynda gosgy gowy däl eken selin terjime gowlapdyr ony...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
Ahmal (Şugün, 19:47)

Pikirleshyas


Sen pikirince tanyslyk dostluk saytyna name ucin girilyar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Ahmal (Şugün, 19:42)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Azat Donmez yar yar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Ahmal (Şugün, 19:39)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Her döwüriñem edepsizi, utancsyzy, namys-arsyzy bardy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Ahmal (Şugün, 19:27)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


olary diňe öňki kitaplardan taparsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Melisa (Şugün, 18:45)

Ertir.ru çat barada pikirler


Teswire mowzuga degisli bolmadyk sozler yazmak bolonok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
BAYOGUL (Şugün, 18:42)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Estagfrullah, häli-şimdi gabat gelýän, ýürek gyýyjy wakalar......... ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Orazjan (Şugün, 18:35)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar. Bular ýitip ýok bolup barýan duýgularyň hataryna girip ynsanyýetiň Gyzyl kitabyna girizildi....dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Maleficent (Şugün, 17:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика