“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

********
 Täzeje
 Yegen [off]
 06.06.2024 / 11:02

Giç bolan eken

Dostlugyñ içinde söýgüni bukup,
Ykbalmydy bizi bagta dözmedik
Ýygralyk çygryndan bilmänsoñ çykyp,
Yşgyñ syrly matalyny çözmedik.

Çagalykda gülüp, oýnap tersleşdik,
Açdyk gözümizi mekdep töründe.
Kalbyñ düwünçegin çözüp dertleşdik,
Geljege bolsady ekipdik şonda.

Göz ýetim ýakyn biz, ses ýetmez uzak,
Ýürek syryñ aýan edýär gözleriñ.
Göwün paltam daşa degip her gezek,
Hyýalymda her ýan ýüzdi sözlerim.

Meniñ ýygralygym, seniñ ejabyñ,
Bir-birine el galgatýar serhetden.
Ýyllar öz emrine eýleýip tabyn,
Herimizi çykarypdy bir çetden.

Duýgulam seýisläp bilerme çenli,
Eýýubyñ sabryna dönüpdi meñkem.
Gapyñy kakypdym, ellerim gülli,
Giç bolan eken.

© Süleýman TEKÄÝEW

Senem garaşýañmy?!...

Görsene şeýlebir garaşly dünýe,
Otlyçöp öz ýanaryna garaşýar,
Buzlar erärine garaşýar Ýazda,
Jadyly mukamyn ýañ edip,
Näler,
Çalynaryna garaşýar sazlar.

Asmanda garalan bulutlañ bary,
Çagba bolup ýagaryna garaşýar,
Tümlükler bürese gündiziñ agyn,
Säher güneş dogaryna garaşýar.

Ömürem garaşýar soñlanaryna,
Men bolsa gowluga garaşyp ýörün,
Durmuşyma girip-çykan herkimi,
Hemem derdimi,
Geljegime goşup, çolaşyp ýörün.

Hyýallaram ýan berenok şugünler,
Bilemok näme üçin bulaşyk zemin?,
Ýer tapamok ýama doly göwnüme,
Duşamok heniz.

Garşyña çykyp dur garaşmadyklañ,
Garaşýas arzuwlañ oñ bolaryna,
Ynamyñ, sabyryñ ujyndan kertip,
Ömürem garaşýar soñlanaryna,
Gowy bolar-la...

© Baýram BEJIDOW

ÇÜÝŞE ALÝAN ADAM

Bir başyndan girdiň Mawyteberiň,
Eşek arabaňda žyk-žyk ses edip.
Kakasy arakhor gamsyz çagalar,
Elleri çüýşeli gelýär seredip.

Olar ejelerniň halal gazanjyn
Çüýşelere siňýäninden habarsyz.
Meger, seniň çüýşe çöplän arabaň,
Saňa gazanç, biziň üçin gabyrdyr.

Şeýdip çagalarnyň çüýşe pulundan,
Kembagt ejeler bişirer nahar.
Içgisöýer ojakbaşylar bolsa
Arak puly diýip üýşenip bakar.

Eşek arabaňda žyk-žyk ses edip,
Belaň damjasy deý her öýe damdyň.
Sen bagtsyz öýleriň gözýaşy siňen
Çüýşelerin satyn alýan adamdyň.

25.03.2024ý.

© Gurbanmyrat SARYÝEW


165

15

2

1

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->