Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gyzlar dünýäki iñ uly problemañyz gelin köýnegiñiziñ agyrlygy bolsun ?? (ämin)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arwahyň aglaýan gijesi 2 bölüm
Premium
 BAYOGUL [on]
 07.06.2024 / 00:17
 Yurekdesh.ru

Birdenem koridordaky sagada gözi düşdi.Sagat 10 (22)-diýmek ýene dört sagat wagt bar.Birdenem kinolardaky gorkunç wakalar göz öňüne gelip başlady.
"Häzir gapyny açaryn,çyrany ýakmankamam bir arwahyň otagyň burçunda maňa garaşyp duranyny görerin,arwahyň uzyn,bulaşyk saçlary,gan akyp duran agzyndan çykyp duran dört sany dişi,çym gyzyl gözleri bardyr we otaga girenimden ol meni uzyn dyrnakly elleri bilen bogup başlar..." Aýjahan şeýle pikirler bilen gapyň agzyna geldi.Gapyny açmak üçin ýürek gerek,ondada nähili ýürek...Ol özüni gorag bolar diýen umyt bilen öýdäkilere bildirmän sübse alyp geldi.Soňam öz bolup ýörşüne özi gynandy.Sebäbi ýönekeýje tam süpürilýän sübse bilen arwahy uryp bolýamy.
Näme bolsa,şol bolsuna salyp,gapyny açyp,özi girmän eli bilen sermeläp çyrany ýakdy.Ýuwaşjadan otagyna seretdi.Otagda hiç kim ýok,hemme zat ýerbe-ýer.Ýaňybir otaga girjek wagtam,arka tarapdan kimdir biri egnine kakdy.Aýjahanyň aýaklary ysgyndan gaçyp,tasdanam ýykylýady,zordan gapa ýapyşyp galdy.Yzyna öwrülip seretse:
-Ufff,eje senmidiň? Ýüregimä ýardyň,gijäň ýary näme edip ýörsüň?-diýdi.
-Gijäň ýary saňa sübse nämä gerek?-diýip ejesi haýran galyp sorady.
-Aýýý...ýöne...otagymy süpürip ýataýaýyn diýdim.
-Ertir süpürseňem bolar,ýatyp dynjyňy al gyzym-diýip ejesi öz otagyna gitdi.
"Tasdanam masgara bolýadym." diýip gahar bilen diwanyna geçip oturdy.Birdenem ýaňky gorkusy ýadyna düşüp,nädip ýerinden turanyny bilmän galdy.
Otagyň içi "suw sepilen" ýaly."Belki goňşular aldandyrlar ýada ýörite gorkuzmak üçin aýdandyrlar"-diýip Aýjahan öz-özüni köşeşdirip başlady.Ýöne özüni näçe köşeşdirsede otagda kimdir biriniň bardygyny ýüregi bilen duýdy.
"Özüňi ele Aýjahan.Hemme zat gowy.Bu zatlar seň göwnüňedir.Özüňi ele alsaň hemme zadam geçer.Eger çyndanam arwah bar bolsa bu gorkunç däl.Olam bir wagt adam bolandyr.Onuň bilen gürleşip bolsa gowy bolardy." diýip pikir etdi we ünsini sowmak aýnaň öňüne baryp saçyny darap başlady.Şol wagtam birwagt dünýäden öten garry enesiniň: "Gyzym gijeligine aýna seretme,saçyňam darama,gowulyga ertmez,erbet bolar."diýip aýdan öwütleri ýadyna düşüp,elinden daragy gaçyrdy.Daragy almak üçin egilip,daragy alyp aýna sereden wagty aýnadaky "Menden gorkaňokmy?" diýip gan bilen ýazylan sözleri görüp,atylyp otagdan çykanyny özem bilmän galdy.Kakasynyň TW görüp oturan otagyna bardy we näme diýjegini bilmän:
-Kaka menem biraz TW görsem bolýamy? Näme üçindir ukym tutanok.-diýdi.Kakasy gözüni TW-den aýyrman:
-Ýok gyzym,ertir irden turmaly.Ertir edilmeli işler köp,ejeňe kömekleşmeli.Gowysy ýeriňe geçip ýat-diýdi.
Aýjahan alaçsyz yzyna gaýtdy.Ýene ýaňky hereketlerini gaýtalap otagyna girdi we töweregine seredip:
-Haýyş edýän bar bolsaň özüňi görkez! Meni gorkuzjak bolup azarada galma,barybir senden gorkmaryn.(Gorkunç kinolardaky käbir arwahlaryň gorkman,gözüne seretseň,arwahlaryň zat degmeýänini görüpdi,şonuň üçinem özüni batyr edip görkezjek bolýardy.) Gowysy gel...neme...gürriň edeli.
Ses-üýn ýok.Ýazgam ýazylmady.Ýaňky ýazgam ýok.
Awtory:Sirhan2612


165

12

1

5

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Arabchik [4s]
  You vs You
 07.06.2024 / 00:23

+1

Yzynam yazay dos hayys


Premium
BAYOGUL [1s] (07.06.2024 / 00:24) 

Arabchik, bolya hokman

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yssyköl ilim!


Yssykölde Ärsarylar ýaşaýamy?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Yssyköl ilim!
Luckyboy (Şugün, 07:57)

SÖZ MANYSY (Ykyrryk)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | SÖZ MANYSY (Ykyrryk)
Sebap (Şugün, 04:54)

SÖZ MANYSY (Ykyrryk)


Peydaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | SÖZ MANYSY (Ykyrryk)
rexha (Şugün, 03:40)

Ýaman aýal hakynda.


Nurtagan pälwan Pälwan tahallusymy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýaman aýal hakynda.
rexha (Şugün, 03:38)

Setirler...


Pul sanamak peydalyda garaz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Setirler...
rexha (Şugün, 03:36)

Döwür şeýle, döwür


Dolysymy shu...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Döwür şeýle, döwür
rexha (Şugün, 03:35)

Yssyköl ilim!


Bilyadim az owlak yadyma dushya...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Yssyköl ilim!
rexha (Şugün, 03:34)

Yssyköl ilim!


Täjigistanda başgada nirelerde barka türkmenler köp ýerlerdede ýaýrandyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Yssyköl ilim!
Sebap (Şugün, 02:24)

Yssyköl ilim!


Goşgy Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Yssyköl ilim!
Sebap (Şugün, 02:22)

Döwür şeýle, döwür


Sagbol, ýetireniňe Uýam!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Döwür şeýle, döwür
Daniel (Şugün, 01:26)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика