Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Önümüzdeki 45-50 yıl işin yoksa... Ayağıma basman şartıyla, Kalbinde uyuyabilir miyim?
Jogapsyz sowal...
Täzeje medet_mededi [off] Düýn, 23:24
«1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atam Medet Weljan oglunyň ýagty ýadygärligine»
Tomus hakda az-kem oýlanjak bolsaň,
Göz öňüňe geler gyzgyn epgegi.
Uruş hakda çyndan sözlejek bolsaň,
Ilki ýatlamaly gerçek esgeri.
Ýaşlaryň ýaşlygyn aldy elinden,
Uruş ynsanlary ne hala salmyş?!
Ýar alyndy gyzdan, serwi gelinden,
Guran agaçlar deý gurady durmuş.
Dogany dogandan aýryp şol bada,
Urşuň zarbalary agyrdy daşdan.
Ejesine diýýär dil açan çaga:
«Meniň kakam haçan geler uruşdan?!»
Sowal gaýtalandy uruş bitýänçä,
Ýeňiş gazanyldy. Dymdy çagalar.
Çünki olar garaşdylar gelýänçä,
Atalar, ogullar, gerçek agalar...
Yzyna ýaraly dolandy olar,
Niçeleri asla gara bermedi.
Kakasynyň neçün dolanmandygyn
Bilen çaga soňra sowal bermedi...
Medet MEDEDOW
«Esger» gazeti - 08.05.2025ý.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk