Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arwahyň aglaýan gijesi 3 bölümi
Premium
 BAYOGUL [off]
 07.06.2024 / 00:20
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Aýjahan gapynyň ýanyndaky kresloda oturdy (bir zat bolsa gapydan çykyp gaçmak aňsat bolar ýaly).Esli wagt uklaman garaşdy.Ahyram nädip uklanynam bilmän galdy.Ir bilen oýanansoň,agşamky wakalar ýadyna düşüp,töweregine seretdi.Aýnada ýene ýazgy durdy: "Ertiriň haýyrly bolsun Aýjahan!"
Daň atyp,gün çykany üçinmi Aýjahan agşamky ýaly gorkmady we "Seňem ertiriň haýyrly bolsun!" diýip otagdan atylyp çykdy.
Aýjahan güni bilen ejesine kömekleşip ýörşüne,agşamky wakalar we bu gün bolmagy mümkin wakalar hakynda pikir edýärdi...
Ýene gije.Ýene öňki ýagdaýda otagyna girdi.Ses-üýn ýok.Diwana geçip oturdy.Şol wagtam edil golaýjygynda kimdir biriniň dem alyşyny duýdy.Mertlige salyp penjiräniň ýanyna bardy.
-Saňa menden näme gerek? Aýtdyma barybir men senden gorkamok-diýdi.Ýene dym-dyrslyk.Şeýle ýagdaýda birki sagat geçdi.Otagyň bir burçundan,bir aýalyň zaryn aglaýan sesi gelip başlady.Aýjahanyň gorkusy azajyk kemelip,oň ornuna gyzyklanmak duýgusy geldi.Ol agy sesiň haýsy tarapdan gelýänini bilmek üçin,otagyň her burçuna aýratyn seretdi.Bildi.Ol agy eşidilýän burça ýuwaşjadan ýöräp başlady,ýöne juda ýakyn barmaga ýüregi etmedi.Şol wagt otagyň burçunda,tarypyny söz bilen beýan edip bolmajak derejede owadan gyzyň suraty görünip başlady.Aýjahan bu zatlary görüp dili aýlanman galdy.Saçlary gap-gara we uzyn,topugyna ýetip duran,kirpikleri uzyn,gözleri mawy,ýüzleri akja...Egnindäki mawy köýnegi ony hasam owadan görkezýärdi.Üstünde bolsa gyzyl ýapynjasy bardy.
-Arwahlaryňam owadany bolýan ekenä.Men bolsa senden biderege gorkup gezipdirin-diýip,Aýjahan nädip arwaha golaý baranynam bilmän galdy.Arwahyň içigip-içigip aglamagy,Aýjahanyňam ýüregini bozdy.
-Aglamaý,...näme üçin beýdip aglaýaň? Men göwnüňe degerlik iş etdimmi ýa? Şeýle bolsa meni bagyşla,göwnüňe degmekçi däldim-diýdi.Arwah azajyk agysyny goýup:
-Sen meni görýäňmi-diýdi.
-Hawa,görüp durun.
-Çyndanam görüp dursuňmy? Onda sen maňa kömek edip bilersiň ýada senem...
-Kömek?! Näme arwahlaram kömege mätäç bolýarmy?...Elimden gelen kömegä ederin.Kömek edip bilmesem näme bolar?
-Häzir hemmesini düşündireýin-diýip arwah göz ýaşyny syryp söze başlady-Men öz ykbalymyň düşen halyna gynanyp aglaýaryn.Aslynda biz dirileri bimaza etmeli däl.Ýöne egerde sen meni görüp duran bolsaň sen maňa kömek edip bilýäň,ýada senem bu dünýä bilen hoşlaşmaly bolarsyň...
-O näme üçin-diýip Aýjahan haýran galyp hemem gorkup sorady-Näme kömek etmeli?
-Görüşiň ýaly,daş keşbimden nalamok.Diri wagtym mundanam owadandym.Barly maşgalada önüp ösdüm.Kemim ýokdy.Agzymdan çykany,alnyma getirýädiler.Ata-enemiň ýekeje gyzy bolamsoň,lälik bolup ösdüm.Mekdebi gutaryp joralarym bilen ýokary okuwa girdim.Okuwa girmek kynam bolmady.Sebäbi pully atam maňa hemme şertleri döredipdi.Talyp wagtym hem başlandy.Maňlaýa ýazylanydyrda welaýatdan gelen,garybrak krusdaşymy gowy görüp galdym.Lälik ösen çaga bolamsoň,ata-enemiň garşylygyna seretmän şol ýigide durmuşa çykdym.Adamym iç giýew bolmagy islemänsoň,kakam bize şu öýi sowgat etdi.Hemme zat gülala güllikdi.Emma maňa çagalykdan bäri aşyk bolup ýören baý ýigit bardy.Ol biziň bagtymyzy görüp bilmedi.Ol içigaralygyna çydaman adamymy suwa gark etdi.Meni bolsa şu otagda bogup öldürdi.Çykyp barşyna çagajygymyza gözi düşüp onuňam üstüne ýassyk oklap geçipdir.Özi bolsa şu wagt abraýly adam bolup ýaşap ýör.Men şol adamdan arymy alyp bilmesem hijem ynjalmaryn.Arymy ýerine salmagada diňe şu otagda rugsat berilen.Arymy alyp bilmeýänim üçinem aglaýaryn-diýip arwah ýene aglamaga başlady.
-Men näme kömek edip bilerin onsaň?-diýip Aýjahan howsala düşüp sorady
Awtory:Şirhan2612


94

10

0

5

1

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Aý, tekst görnüşinde okadym täzeden. Gowy ekenä. 😃...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Agzamen (Şugün, 01:59)

Ýanan ýuregiň sesi #10


Ăçgiñ gaçypdyr őÿtÿăn dos...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanan ýuregiň sesi #10
@menin_dunyam (Şugün, 00:20)

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Düýn, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Düýn, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Düýn, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Düýn, 13:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика