Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Daýzalar gaýrat ediñ hemme zat arzanlaýar azajyk galyñ pulam arzanlatsañyz ?❤️

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arwahyň aglaýan gijesi 4 bölümi
Premium
 BAYOGUL [on]
 07.06.2024 / 00:22
 Yurekdesh.ru

-Sen şol adamy tapyp şu otaga getirmeli bolarsyň.Ýada sen meni görüp kömek etmedigiň üçin men seni öldürmeli bolaryn-diýip arwah gamgyn jogap berdi.
-Ýöne bärde meň günäm näme?!-diýip Aýjahan aglap başlady-Men nädip siziň janyňyza kast edeni tapaýyn.Tapaýan ýagdaýymdada men ony nädip öýümize getireýin ahyryn?!
-Ol zatlar meň işim däl Aýjahan,sen menden gorkmaýandygyňy aýtdyň,şoň üçinem men saňa göründim,indi ýa kömek edersiň ýada...-diýip arwah dymdy.Şol wagt Aýjahanyň kellesine otagdan çykyp gaçmak pikiri geldi.Ol yzyna öwrülip gapa tarap ylgamakçy boldy.Emma ýetişmedi arwahyň uzyn saçlary onuň boýnuna oraşyp gysmaga başlady.Aýjahan gygyrmagada haly galmady.Arwahyň saçlary ýylan ýaly ony bogup durdy...
Aýjahany dogany Aýnur yralap turuzdy.
-Tur gyz,işe galarsyň bu ýatyşyňa.
Aýjahan Aýnuryň sesine yralamasyna özüne geldi.Seretse arwaham ýok beýlekem.Hiç ýere göçmändirlerem,öz dogany Aýnuryň ýanynda ýatyr.Bolup geçen zatlaryň hemmesem düýşi eken.Muňa begenjine tasdanam mydama sözde jedelleşýän dogany Aýnury gujaklaýady...
Aýjahan her günki ýaly işe gitdi.Agşamky gören düýşüni ýatlap işdede keýpi bolmady.Iş günini sag-aman geçirip öýüne geldi.Ejesi-kakasy we doganlary bilen agşamlyk naharyny edindiler.
Aýjahan ýerine geçip ýatdy.Ýatan badynada uka gitdi.Gijäniň bir wagty ukydan oýansa gulagyna kimdir biriniň aglaýan sesi eşidildi.Aýjahan birbada "Aýnur biri bilen telefonda gürleşýändir" diýip sese üns bermejek boldy.Ahyryn gapdalynda goýan telefony alyp,ýagtylandyryp Aýnura seretdi.Aýnur süýji ukyda ýatyrdy. Sagat 02:02-di.Aglaýan aýalyň sesi bolsa barha golaýda ýaly eşidilýärdi.....
Awtory:Şirhan2612


145

8

0

4

1

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yo toleglik mesele yoK. Yokardan bloklanya blabax catlan ahlisi acylan badyna #diydiler....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Belki (Şugün, 10:26)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика