Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Ynanmakmy ? Adamlar hova ýaly üýtgeýär nämäñ ynamy ??

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arwahyň aglan gijesi 5-nji bölümi
Premium
 BAYOGUL [on]
 07.06.2024 / 00:27
 Yurekdesh.ru

Aýjahan sese üns bermän ýatmakçy boldy.Emma ýatyp bilmedi.Ses şeýlebir sojap zaryn aglaýardy welin eşitdigiňçe ýüregiňi elendirip gelýädi.
Aýjahan Aýnury ukydan oýarmagy ýüregine düwdi:
-Aýnur,turaýda! Eşidýäňmi biri aglaýarmy?
-Gijäň ýary kim aglasyn gyz ýat,basyrganýansyň!-diýip Aýnur ýene uklap galdy.
Aýjahan sesiň diňe özüne eşidilýänini şonda düşündi.Ýöne näme üçin beýle bolýanyny welin hiç düşünmedi.Düýşindäki arwah bilen gyzyklanyp düşen günini ýatlap,arwah bilen gyzyklanmagada gorkdy.Aýalyň zaryn agysynyň sesi bolsa şol eşidilip durdy.
Sagat daňdan 5-e golaýlady.Aýjahan henizem ýatyp bilenokdy.Gulagyňa biriniň agysy eşidilip dursa her kimem ýatyp bilmese gerek.Daň agaryp başlady.Agy ses kem-kemden peselip,ahyram ýitip gitdi...
Aýjahanyň hiç zat bilen hoşy bolmady.Sebäbi bir hepdeden bäri gijeligine eşidilýän agy ses sebäpli ýatyp bilenokdy.Aýjahan işde wagty gaty köp oýlanyp bu ýagdaý barada ejesine aýtmagy ýüregine düwdi.
Agşamlyk nahardan soň ejesini ýeke galan wagty Aýjahan ejesine ýüregini açdy.
-Eje soňky günler hiç ýatyp,ukymy alyp bilemok.Gijesi bilen kimdir biri aglaýan ýalymy,gürleýän ýalymy sesler gulagyma gelip hiç dynç almaga goýanok.Indi menä halys boldum.-diýip gözüne ýaş aýlap aýtdy.
-Wah,jan gyzym diňe iş diýip ylgap,dynç almany ýatdan çykardyňa sen.Bolmanam şol kompýutr diýen zadyňyza köp seredip otursaň,gulagyňa sesem eşidiler,kelleňä her-hili pikirem geler-diýip ejesi gunça ýaly gyzynyň halyna gynanyp aýtdy.
-Wah,ejejan işem geregä.Dynjam aljak welin dynç almaga goýanoga ol ses meni-diýip Aýjahan ýene aglamjyrap başlady.
-Işiňem goý,beýlekiňem ertiriň özünde işiňden 3-4-günlik rugsat al.Aýnuram ýanyňa alda,360-pirlere zyýarat edip gel,kerematly adamlaryň ruhy saňa goldaw berer hemem kelläň dynç alar-diýip ejesi aýtdy.
-Rugsat bererlermikä?-diýip Aýjahan aladalandy.
-Bererler,bermeselerem işiňden galda gidip gel.Iş diýip beýdip özüňi köseme!-diýip ejesi mesäläni çürt-kesik etdi.
Aýjahan ertesi işden rugsat alyp,jigisi Aýnuram ýanyna alyp,goýny 360-pirli Daşoguz topragyna ýola düşdi.
Ýolda Şirhan atly ýigidiň duşjagyny,onuň zyýarat wagtynda özlerine ýoldaş boljagyny,zyýaratdan soňra durmuşynyň düýpgöter üýtgejegini we al-arwahlar hakdaky pikirleriniň ýadynada düşmejegini Aýjahan entek bilenokdy...
Awtory:Şirhan2612
SOŇY.


185

15

6

5

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Arabchik [off]
  🧠on,🫀off.📌
 07.06.2024 / 00:41

+0

Yzy ýokmy dos


Premium
BAYOGUL [on] (07.06.2024 / 00:42) 

Arabchik, sony gutardy

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 07.06.2024 / 14:07

+0

Ogulsenem Taňňyýewanyň hem Arwah gelýän gijesi diýen mistiki hekaýasyny hem okamagy maslahat berýän


Premium
BAYOGUL [on] (07.06.2024 / 14:14) 

Perhat_Sabirovv, men okadym ol hekayany

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 07.06.2024 / 14:14

+0

Hekya diysene bolya like


Premium
BAYOGUL [on] (07.06.2024 / 14:14) 

Akademik2, axa

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 07.06.2024 / 14:19

+0

Seredin 5 cenli diyade bah men size hakyky zady aytsam edil ozum solar yaly bolup gordum arywaha bilemok jyn hakykatdanam bar adamlar karozy jynlar gundiz yylan sekili bolya bir wagyt bir jyn yogalya gundiz yasam 5690 yasapdyrda olen sekli yylan cekilde a eger sol gije olse pisik sekilde bolya unus edin kop bolan zat sul onsama jynlar adamy gezip yorkadem garakylyk yerde alybam gityandir son nace yasynda geljeni dine ozleri we Alla bilya yzyny dinlan jylary biljek bolsanyz gije sagat 00:00 ta sagat ertir namazynyn wagtyna golaylanda yityandir sona cenli hereketde we pisik sekilde bolya hemme oylerde hem bar jyn 01:00 da men aknon onunde pisik bamyka diydimda myr myr edip dur ay sula men pisigimdirlay diydimda seretaem hickim yok bildim jyn bar derow bilyannaydym okap yatdym unus berip dinlaniniz ucinem sagbolun


Premium
BAYOGUL [on] (07.06.2024 / 14:22) 

Akademik2, yylan oldiryana ertesi gun gorsen sol yylan yokdur name ucinseyle bolyaka ya solam jyn bolyamayka


Öwreniji
Akademik2  (07.06.2024 / 14:26) 

BAYOGUL, mukin sewap Allatagalla kurany kerimde men adamlary we haywanly jynlary yaradym adamlar bn jynlar men ybatdadymy namazy okamalydyrlar diyade


Täzeje
Endorphin  (07.06.2024 / 23:28) 

BAYOGUL, bizä sol oldursen yakmaly diyyadiler.Bolmasa direlya diyyaler

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 07.06.2024 / 23:10

+0

Wiii bollumy... gowdai hekaya gyzykly. Bashga arwah jyn ba bolsa okla mowzuga

 Täzeje
 Love [off]
 07.06.2024 / 23:30

+0

Arwahlary bilemok yone.Agsam sagat 12-den gecenson yuz gorulyan ayna swet tutup yuzuni gorsen yzynda ruhun durya diyp esitdm.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yo toleglik mesele yoK. Yokardan bloklanya blabax catlan ahlisi acylan badyna #diydiler....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Belki (Şugün, 10:26)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика